Begench Malikgulyyew
27.01.2020
Tehnologiýa
11
3 524

Lenovo-dan 7000 mAh batereýaly planşet

Lenovo 7000 mAh batereýa eýe bolan täze planşedini tanatdy

Hytaýly tehnologiki enjamlary öndüriji kompaniýalardan biri bolan Lenovo 7000 mAh-lyk uly hasaplap boljak batareýasy bilen ünsi özüne çeken täze planşedi M10 FHD REL-i tanatdy. Orta synp kategoriýasyna giren bu planşet, tiz zarýad almagy kabul etmeýänligi üçin içgysdyrjak ýaly görünýär. 

Dünýäniň öňde gelýän tehnologiýa firmalaryndan biri bolan Lenovo, Android ulgamly planşedi M10 FHD REL-i tanatdy. Orta derejede hasaplap boljak planşet, günümiziň tehnologiýalarynyň tersine 10.1 inç ululykly ekrany hem-de galyň korpusy bilen ünsi çekýär. Planşediň, bu galyň korpuslary öňki planşetleri ýatlatýar.

Planşediň aýratynlyklaryny gysgaça aýdyp geçsek M10 FHD REL, ýokarda aýdyp geçişimiz ýaly 10.1 inç ululykly IPS LCD öň paneline eýe. Bu ekranda Full HD gözkezijilige eýe  bolan planşet, öň tarapda 5 MP-lik selfie kamaresy bilen arkada bolsa, 8 MP-lik kamera saklaýar. 

Güýjüni Snapdragon 450 prosessoryndan alan M10 FHD REL, bu prosessory 3 GB RAM bilen ýöretýär. Muňa goşmaça bolup, mikroSD bilen ulaldyp bolýan 32 GB-lyk ýat, 

Enjamyň iň esasy ýerine gelenimizde Lenovo, bu planşedinde 7000 mAh batereýa oturdypdyr. Ýöne, bu batareýanyň  tiz zarýad almaýandygyny belläp geçeli. Bu ýerde batareýanyň ululygyna görä seretsek, batareýanyň zarýad alma wagty örän uzak bolup biler. Planşediň üns çeken başga aýratynlygy 2 antenaly Wi-Fi, 3,5 mm bolan giriş ululyk (gulaklyk dakmak üçin) we FM Radio ýer alýar.

SIM kart dakyp bolmaýan Lenovo M10 FHD REL, heniz satuwa çykmady. Häzirki wagt planşediň global bazara çykjagy, çykan ýagdaýynda haçan çykjagy barada habar berilmeýär. Planşediň bahasy 196 $ möçbere eýedigini belläp geçýärler.

Alnan çeşme: https://www.webtekno.com/lenovo-7000-mah-bataryali-tablet-tanitti-h84461.html


Myhman Myhman
2 Fewral 2020
Tizarak gelayse
Myhman Myhman
1 Fewral 2020
Bizedem nesip etsin ?
Myhman Myhman
30 Yanwar 2020
In gowysy samsung s8
Myhman Myhman
30 Yanwar 2020
Hali biz3 2027 gelyar hehe
Myhman Myhman
30 Yanwar 2020
Salam

Hacan gelýä

Hacan gelýä
Папин дочка
28 Yanwar 2020
Tma hacan gelya belli da
Myhman Myhman
28 Yanwar 2020
iñ gowusy samsung

Lenovo ThinkPad gowusy
Şahyrjyk
28 Yanwar 2020
Ay umuman Lenovany menä beylekilerçe göremok bilemok öwrenişmeyän bolsamda.
Myhman Myhman
28 Yanwar 2020
Kamerasyny pesirak edipdiler
Myhman Myhman
28 Yanwar 2020
tuweleme bizen galany osyaray
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.