Begench Malikgulyyew
04.02.2020 21:48

MIT-den Wi-Fi signalyny 10 esse artdyrýan “Akylly üst”

Massachusetts tehnologiýa institutynyň (MIT) alymlary, ýörite akylly üst (material) döretdiler. RForcus diýlip atlandyrylan bu üst, Wi-Fi signalynyň hilini 10 esse artdyryp bilýär. Bu akylly üsti diwar kagyzyna getirmek isleýän hünärmenler, önümiň ýaýramagyny isleýärler.

Akylly telefonlaryň we internete baglanan enjamlaryň ýaýramagy bilen bilelikde Wi-Fi hem uly abraý gazandy. Ulanyjylar, eýe bolan internet modemleriniň simsiz aýratynlygy saýasynda internede rahatlyk bilen baglanyp bilýärler. Emma bu baglanma, gynansakda çäksiz bolup bilmeýär we käwagt ara bir diwaryň girmesi hem Wi-Fi hilini düýpli üýtgedýär.

Massachusetts tehnologiýa institutynyň düzüminde işlerini ýöredýän alymlar, Wi-Fi hil meselesini köki bilen çözüp biljek “akylly üst” döretdiler. RForcus diýlip atlandyrylan bu üst, Wi-Fi signalynyň hilini 10 esse artdyryp bilýär.

RForcus, kanal göwrümini 2 esse, signal göwrümini bolsa 10 esse artdyryp bilýär. Bu ýörite üst, bir tarapdan linza ýaly işlenilýärkä, beýleki tarapdan aýna ýaly işlenilýär. Şeýlelikde, Wi-Fi aragatnaşygyna zerurlyk duýýan iň kiçi enjam hem internete hem durnukly hem-de ýokary hilli şekilde baglanyp bilýär. MIT-iň akylly üsti bu işlerini, gurluşynda saklanýan 3000 -den gowrak kiçi antennalar saýasynda ýerine ýetirýär.

Hünärmenler, RForcus-yň hyzmatynyň diňe bir giňiş Wi-Fi döretmek däldigini belleýärler. Bu ulgam, häzirki wagt bar bolan Wi-Fi güýçlendirme ulgamlaryndan hem arzan hem-de örän az energiýa harçlaýar.

Bu gözleg işin esasy ýazyjysy bolan Venkat Arun bu ýörite üstüň haçan ulanylmaga başlajakdygy barada düşündiriş bermedi. Arun, döreden üstlerinden örän umutlanýar we biraz ýene üstünde işläp bu akylly üsti arzan diwar kagyzy görnüşe getirmek isleýär. Arun, RForcus-yň dünýäde hemme adamlara ýetmesini isleýär.

MIT düzümindäki işlerini ýerine ýetirýän alymlaryň soňky işiniň internete baglanmak üçin has uly zerurlykdygyny aýdyp bileris. Çünki, internet ulanyjylyk gün geçdigiçe artýar we ulanyjylar mümkin bolan iň ýokary hilli internete baglanmagy isleýärler. RForcus ulanyjylaryň bu islegini aňsatlyk bilen ýerine ýetirjege meňzeýär.

Alnan çeşme: https://www.webtekno.com/wi-fi-sinyalini-10-kat-artiran-akilli-yuzey-h84945.html

Habar barada pikirleriňizi teswirlerde paýlaşyp we göwnüňize ýaran bolsa halap bilersiňiz.


13
11 116
Begench Malikgulyyew
02.02.2020 21:26
Käbir adamlar çipsi paketlerine meňzeýär. 70% howa.
25
1 749
Begench Malikgulyyew
02.02.2020 21:23
Garaşylýan hemişe giç gelýär, gelen wagty bolsa adam başga ýerde bolýar.
Oguz Atay
21
1 942
Begench Malikgulyyew
02.02.2020 21:12
50 sany öýlenen oglandan soradyk:
- Aýalyňyz bilen ejeňiziň ýaştoýy bir günde gelse haýsyny kafe äkiderdiňiz?
Jogaplary:
-Şol gün agyz beklärdim. joy
34
11 388
Begench Malikgulyyew
02.02.2020 21:03
Akmaklar ne bagyşlar ne unudar,
Arassa adamlar bagyşlar we unudar,
Akyllylar bolsa bagyşlar ýöne hiçwagt unutmaz.

T.Szasz
23
2 177
Begench Malikgulyyew
02.02.2020 20:28

Hytaýly alymlar, korono wirusy saklap biljek madda tapdy

Hytaý Ylymlar akademiýasy Wuhan Wirusologiýa institutyndan gözlegçileriň, korono wirusyna öýjükde täsir ediji hökmünde gadagan ediji derman maddasyny döredendigini takyklady.

Xinhua habar agentliginiň paýlaşan habaryna görä, alymlaryň adamdan adama ýokuşyp bilýän täze görnüşli korono wirusyň ýaýrap başlamagy bilen stimulýatorlaryny we arhiwlerini gözlemäge başlady. Gözlegçiler mundan başga-da ulanyp boljak antiwirus dermanlaryny we waksinalary (sanjym)  hem gözden geçirdi.

Bu işleriň netijesinde, korono wirusyna  öýjükde täsir edip gadagan edip bilýän dermanlyk maddanyň tapylandygy bildiriş edildi.

Täze maddanyň inni syçanlarda we primatlarda (maýmynlarda) test edilmäge başlanandygy aýdyldy. Başga maglumat görkezilmedi.

Öwrenmeli portalynyň ulanyjylary habaryň soňynda ýazylan maglumatlar korono wirusy barada aýdylan. Wirus barada biz mundan öňki habarlarymyzda habar edipdik, okamadyk agzalar habarlar bölüminden okap biler. 

Alnan çeşme: https://tr.sputniknews.com/bilim/202001301041285896-cinli-bilim-insanlari-koronavirusu-dizginleyebilecek-madde-buldu/

72
23 624
Begench Malikgulyyew
02.02.2020 20:03
Döwlediň 3 sany çagasy bar. Onuň 1 çagasy öz ýaşynyň ilkinji sanyna, 2-nji çagasy öz ýaşynyň ikinji sanyna, 3-nji çagasy bolsa 1-nji  we 2-nji çagalaryň ýaşlarynyň goşulan ýaşyna deň. Döwlediň öz ýaşy bilen çagalarynyň ählisiniň ýaşyny goşanyňda 45 alynýan bolsa, Döwlediň öz ýaşy näçe?
8
4 807
Begench Malikgulyyew
02.02.2020 19:48

Alymlar belläp geçdi! Adamzat nesli şeýle tükener

Oxford uniwersitetindäki alymlar   adamzadyň nesliniň tükenmesi meselesiniň üstünde eden işlerinde haýran galdyryjy netijeleri aldylar.

Ylym dünýäsi, Angliýadaky öňde gelýän ylym ojaklaryndan bolan Oxford uniwersitetinde edilen işleriň netijesi barada işleýär.

Uniwersitetiň alymlary, öz gözleg işleri üçin Efiopiýa we Marokkadan tapylan onmüňlerçe ýyllyk arheologik tapyndylary ulandylar. Arheologik tapyndylardan ele alnan maglumatlar esasynda neslimiziň tükenmesiniň ähtimallygy hasaplanyldy.

Adamzat nesliniň tükenme ähtimallygy 14 müňde 1!

Alymlaryň 350 müň ýyllyk arheologik tapyndylary analiz edenligi we netijede tapylan maglumatlar esasynda adamzat nesliniň tükenme ähtimallygynyň hasaplanandygy belli edildi. Edilen işlerde adamzat nesliniň tükenme ähtimallygy 14 müňde 1 diýlip hasaplanyldy.

Neslimiziň tükenmesiniň bu 14 müňde 1-lik ähtimallygy, bir adamyň üstüne ýyldyrym düşmesi ähtimaly bolan 700 müňde 1-den has uly baha. Hat-da bir adamyň akula iýmit bolmagy hem adamzadyň nesliniň gutarjak bolmagyndan has uzak ähtimallyk diýlip hasaplanyldy.

Alymlardan düzülen topar, adamoglunyň soňuna getirjek heläkçilikleriň arasynda tebigy ýagdaýlary görkezýär. Emma adamyň eli bilen meýdana gelip biljek heläkçiliklerden bolan atom ýaragy söweşi, klimat üýtgemegi we düşünjesiz antibiotik peýdalanmalary hem adam nesliniň gutarmagyna sebäp bolup biler.

Alnan çeşme: https://fotogaleri.haberler.com/bilim-adamlari-acikladi-insanligin-nesli-iste/

20
13 801
Begench Malikgulyyew
01.02.2020 20:55
Adam garradygyça baýaýar: Saçlarda kümüş, dişlerde altyn, böwreklerde daş, süňklerde platina, ganda şeker, yzygiderli tebigy gaz ...  joy  joy  joy 
46
7 078
Begench Malikgulyyew
01.02.2020 20:49
Adamlar size aýtdyklary ýaly däl, size ýaşatdyklary ýalydyrlar. Kimini ir, kimini giç öwrenersiňiz. Emma öwrenersiňiz.
13
2 038