Begench Malikgulyyew
04.02.2020
Tehnologiýa
37
11 116

Wi-Fi signalyny 10 esse artdyrýan “Akylly üst”

MIT-den Wi-Fi signalyny 10 esse artdyrýan “Akylly üst”

Massachusetts tehnologiýa institutynyň (MIT) alymlary, ýörite akylly üst (material) döretdiler. RForcus diýlip atlandyrylan bu üst, Wi-Fi signalynyň hilini 10 esse artdyryp bilýär. Bu akylly üsti diwar kagyzyna getirmek isleýän hünärmenler, önümiň ýaýramagyny isleýärler.

Akylly telefonlaryň we internete baglanan enjamlaryň ýaýramagy bilen bilelikde Wi-Fi hem uly abraý gazandy. Ulanyjylar, eýe bolan internet modemleriniň simsiz aýratynlygy saýasynda internede rahatlyk bilen baglanyp bilýärler. Emma bu baglanma, gynansakda çäksiz bolup bilmeýär we käwagt ara bir diwaryň girmesi hem Wi-Fi hilini düýpli üýtgedýär.

Massachusetts tehnologiýa institutynyň düzüminde işlerini ýöredýän alymlar, Wi-Fi hil meselesini köki bilen çözüp biljek “akylly üst” döretdiler. RForcus diýlip atlandyrylan bu üst, Wi-Fi signalynyň hilini 10 esse artdyryp bilýär.

RForcus, kanal göwrümini 2 esse, signal göwrümini bolsa 10 esse artdyryp bilýär. Bu ýörite üst, bir tarapdan linza ýaly işlenilýärkä, beýleki tarapdan aýna ýaly işlenilýär. Şeýlelikde, Wi-Fi aragatnaşygyna zerurlyk duýýan iň kiçi enjam hem internete hem durnukly hem-de ýokary hilli şekilde baglanyp bilýär. MIT-iň akylly üsti bu işlerini, gurluşynda saklanýan 3000 -den gowrak kiçi antennalar saýasynda ýerine ýetirýär.

Hünärmenler, RForcus-yň hyzmatynyň diňe bir giňiş Wi-Fi döretmek däldigini belleýärler. Bu ulgam, häzirki wagt bar bolan Wi-Fi güýçlendirme ulgamlaryndan hem arzan hem-de örän az energiýa harçlaýar.

Bu gözleg işin esasy ýazyjysy bolan Venkat Arun bu ýörite üstüň haçan ulanylmaga başlajakdygy barada düşündiriş bermedi. Arun, döreden üstlerinden örän umutlanýar we biraz ýene üstünde işläp bu akylly üsti arzan diwar kagyzy görnüşe getirmek isleýär. Arun, RForcus-yň dünýäde hemme adamlara ýetmesini isleýär.

MIT düzümindäki işlerini ýerine ýetirýän alymlaryň soňky işiniň internete baglanmak üçin has uly zerurlykdygyny aýdyp bileris. Çünki, internet ulanyjylyk gün geçdigiçe artýar we ulanyjylar mümkin bolan iň ýokary hilli internete baglanmagy isleýärler. RForcus ulanyjylaryň bu islegini aňsatlyk bilen ýerine ýetirjege meňzeýär.

Alnan çeşme: https://www.webtekno.com/wi-fi-sinyalini-10-kat-artiran-akilli-yuzey-h84945.html

Habar barada pikirleriňizi teswirlerde paýlaşyp we göwnüňize ýaran bolsa halap bilersiňiz.


Myhman Myhman
29 Sentýabr 2022
Su wagt haysy vpn işleyarka aydayyñda
Myhman Myhman
8 Awgust 2022
barik hokman gelsin
Myhman Myhman
26 Iýul 2022
Salam nädip artdirmaly ýada okmalami
Karaleva_04
31 Dekabr 2020
boljak.....
A.N.H
31 Dekabr 2020
gaty gowy
Myhman Myhman
19 Fewral 2020
Life durmuş
Myhman Myhman
18 Fewral 2020
Mana gowy yaradyy
Myhman Myhman
18 Fewral 2020
Life namay
Myhman Myhman
11 Fewral 2020
Super mena alardym shol harydy
Don_MoSS
11 Fewral 2020
Bet mana gaty gowy yarady ulanyanam sumat sony?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.