Begench Malikgulyyew
02.02.2020
Bilim.
27
13 801

Adamzat nesli nädip tükener?

Alymlar belläp geçdi! Adamzat nesli şeýle tükener

Oxford uniwersitetindäki alymlar   adamzadyň nesliniň tükenmesi meselesiniň üstünde eden işlerinde haýran galdyryjy netijeleri aldylar.

Ylym dünýäsi, Angliýadaky öňde gelýän ylym ojaklaryndan bolan Oxford uniwersitetinde edilen işleriň netijesi barada işleýär.

Uniwersitetiň alymlary, öz gözleg işleri üçin Efiopiýa we Marokkadan tapylan onmüňlerçe ýyllyk arheologik tapyndylary ulandylar. Arheologik tapyndylardan ele alnan maglumatlar esasynda neslimiziň tükenmesiniň ähtimallygy hasaplanyldy.

Adamzat nesliniň tükenme ähtimallygy 14 müňde 1!

Alymlaryň 350 müň ýyllyk arheologik tapyndylary analiz edenligi we netijede tapylan maglumatlar esasynda adamzat nesliniň tükenme ähtimallygynyň hasaplanandygy belli edildi. Edilen işlerde adamzat nesliniň tükenme ähtimallygy 14 müňde 1 diýlip hasaplanyldy.

Neslimiziň tükenmesiniň bu 14 müňde 1-lik ähtimallygy, bir adamyň üstüne ýyldyrym düşmesi ähtimaly bolan 700 müňde 1-den has uly baha. Hat-da bir adamyň akula iýmit bolmagy hem adamzadyň nesliniň gutarjak bolmagyndan has uzak ähtimallyk diýlip hasaplanyldy.

Alymlardan düzülen topar, adamoglunyň soňuna getirjek heläkçilikleriň arasynda tebigy ýagdaýlary görkezýär. Emma adamyň eli bilen meýdana gelip biljek heläkçiliklerden bolan atom ýaragy söweşi, klimat üýtgemegi we düşünjesiz antibiotik peýdalanmalary hem adam nesliniň gutarmagyna sebäp bolup biler.

Alnan çeşme: https://fotogaleri.haberler.com/bilim-adamlari-acikladi-insanligin-nesli-iste/

Myhman Myhman
20 Iýun 2022
Adam nesli gutaryp barýar Aýallarymyza Erkeklerimize ser salyn nahili bolup barýas
S_guvanjova
16 Sentýabr 2020
Hemme zady Alla tagalla bilya adamzat neslinin tukenjek tukenmejegini hem
Nurgeldi....
16 Sentýabr 2020
Diñe Allatagalla sygynyñ hemem oz pygamberimiz Muhammet (s.a.w)hemde bularyn komekcilerine size solardandan basga dogry yol gorkezjek hakykaty aytjak yokdur.In dogry yol Yslamdyr onda hemme dogry zatlar bar dogry maglumatlan baryny Yslam dininden taparsyñyz.
Myhman Myhman
22 Aprel 2020
biderek gurrun etman hudayyn ozi eder name etjek bolsa
Myhman Myhman
1 Mart 2020
Ähtimal blup biler
GaxrymaN
17 Fewral 2020
xaxaa
Myhman Myhman
16 Fewral 2020
ertire garantiya yok

ertire garantiya yok
Myhman Myhman
9 Fewral 2020
her kim pikirini aydypdyr menem oz pikirimi aydayyn adamlaryn gutarasy yok $onsuzam hytayda 1yarym milliart hindistanda 800 millon halk bar

huday da$ etsin welin birden bir yerde uru$ turmasa adam gutarmaz bolmawersin allajan
Myhman Myhman
7 Fewral 2020
adamzat eyam kutordy hany adam adamcylyk yok adamam yol
jellat
6 Fewral 2020
adamlaryň öleni hiçle şonsuzam hemmeler ölüm ajysyny datmaly, ýöne adamçylyk ölse kyn bolar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.