BaýramBejidow
27.09.2022 12:52
Odun ýygdym petde-petde,
Ölsem, başujymda goýuñ!,
Bagtymy epläp, ütükläp,
Getirip huşumda goýuñ!.
Eredip köñülde gary,
Kalbymda ýaksam çyragy,
Size ýetäýse azary,
Derdimi duşumda goýuñ!.
S:yrylsa ýüzünden perde,
Durýan az, gidere ýer kän,
Umyt kän, ynamsyz ertäm,
Serimi başymda goýuñ!.
Çykdym, telbe ýok düzde-de,
Bakdym, mähir az ýüzde-de,
Ähli zady hoş sözde däl,
Käteler aşymda goýuñ!.
Çañ sesi ýaly baýguşlañ,
Irizdi eden ýalñyşlam,
Gepimi etmäñ, ýalñyşsam,
Gözümde-gaşymda goýuñ!.
Garalar kän, gözläp a:gyn,
Guratsam, arzuwly bagym,
Howasyz dem alan çagym,
Duýgymy döşümde goýuñ!...
Baýram Bejidow
12
178
BaýramBejidow
26.09.2022 22:31
Sen ýok ýene, ýeke özüm,
Diñleýän gaýgyly aýdym,
Şol bir sözler gaýtalanýar,
,,Seni söýdüm, seni söýdüm".
Yralanýan sallançak deý,
Söweş edýän köñlüm bilen,
Duýgularma duz sepipsiñ,
Kejeleşýän özüm bilen.
Ýeke gapy, çykalga şol,
Çyksam gujaklar gussalam,
Ömri az, saralar ýene,
Saña bogan güldesselem.
Üçekden sallanan buzlar,
Gelip ýüregmi sowatmaz,
Ýapragy saraldan güýzüm,
Ýaprak deý kinämi ýuwtmaz.
Ýoklugyñda lezzet bolmaz,
Ysyny alman gülleriñ,
Bu barlyk maña ý:at bolar,
Onsañ aglabam bilmerin.
Yralanýan sallançak deý,
Sen ýok, ýene ýeke özüm,
Ömri az, saralar ýene,
Ýapragy saraldan güýzüm!...
Baýram Bejidow
21
167
BaýramBejidow
26.09.2022 00:14
Seni ençe gezek, aglatdym bilýän,
Gözýaşlarña bahanadym bisebäp,
Ol bitişen ýaralarñy gorjalap,
Takat bermän, ýüregiñe ýakynlap,
Gussalaryñ özenini dörjeläp,
Azar ýamanyny, berdim-le, hawa,
Alajy gözläñde, käte aljyrap,
Saña dostsyradym, dogansyradym,
Iñ ýakynlañdanam, ýakyndym saña,
Duýgyñ bilen duýypdyñam duýgymy,
Senem tenim ýaly ýakyndyñ maña,
Irenimde, kinelermi paýlaşyp,
Azda-kände bererdiñem teselli,
Surnygan pikrimi ýere jaýlaşyp,
Göwnümi göwnüñe oýkalardyñ sen,
Eden azabyma ,,kämil" diýmeseñ,
Gaşymy çytardym öýkelärdim men.
Indi bolsa senden aýra düşmekçi,
Belki az wagtlyk, belki ömirlik,
Durmuşy täzeden başlamakçy men,
Görýärsiñ ýagdaýym däl-ä öwerlik.
Indi içe saljak daşdan gelenim,
Baryny unutjak, tapaýsam tärin,
Iki barmagymdan iren galamym,
Döwüp, gyra zyñjak, çalyşjak kärim.
Men ýok diýip señem içiñ gysmasyn,
Ýadapdyryn, hyýalymda uçmakdan,
Bu goşgy hoşlaşyk şygyrym bolsun,
Hoş boluñ! Hoş galyñ eziz muşdaklam!!!.
Awtory: Baýram Bejidow
15
64
BaýramBejidow
25.09.2022 19:22
Içiñ aç, beýniñ dok ýasamalardan,
Käte gabatlaşýar tanyş duýgular,
Öwgüler,
söýgüler,
köýgüler, aldaw,
Pula dañlany köp sary öýmeleñ,
Üýşmeleñ, toý, ýas, hasrat, gussa,
Internet halasgär ýüregiñ gyssa,
Telefon, işsizlik, ruhy hassa,
Her kim öz ömrüniñ wagtyna gassap,
K:assa, pul, aýlyk, gün-güzeran,
Bir agram göterýär semizler, horlar,
Dili uzyn boldy kisesi zorlañ,
Jübüsi dollar.
Semreýär horlar, ol onça-da ýok,
Geñ gördüm. Geñ däl şükürsiz molla,
Dilinde doga, elinde tesbi, teni täretli,
Emma hiç görmedim adamkärçilik,
Elini galdyrdy hondanbärsilik...
Gamlandym ýene, gözlegim dowam,
Açyş etmesemem, açjakdym göwün,
Ýürekler düwün,
Jübimden çykardym gökje ýüzligi,
Ähli zat gowy, sylady kezzap,
Sylady sada, tisgindi bahyl.
Ýalñyşy özümden gözledim, emma,
Gowy diýenleñde gowyrak kem bar.
Dem bar. Şükür...
Baýram Bejidow
22
183
BaýramBejidow
24.09.2022 19:03
Aram-aram sen düýşüme girýärsiñ,
Gamgyn halda, gussalyja keşpde,
Aladaly ýürek biraz giñesin,
Ýygy-ýygy sesiñi bir eşitdir.
Sen bolmasañ asman basýar depämi,
Syn edýärin minutlaryñ togtaşyn,
Bir wagtlar ýetip geljek ajalym,
Üzjek ýaly dañyk duran nogtasyn.
Kemilemde sözleñ bilen çoý meni,
Aýazlarda mähriñ bilen ýylaýyn,
Bir dilegim, iki barmak mañlaýa,
Alla seni ýazan bolsun ylaýym.
Aramyzda körän söýgi ýok, emma,
Teşne kalbym göýä suwsyz meşikdir,
Iñ bolmanda birje minut bolsa-da,
Ýygy-ýygy sesiñi bir eşitdir.
Awtory:Baýram Bejidow
19
186
BaýramBejidow
23.09.2022 20:29
Nebisjeñlik gursyn, ýaşasyn ynsap,
Alanyñ az görip, eñilip barýar,
Dili uzynlardan ýüz gören ynsan,
Içini köýdürip, demigip barýar.
Indi ýasamalyk, görülenok geñ,
Öýtmeleñ gümana, dogrydyr öýtseñ,
Kineli garalýar kem ýerin aýtsañ,
Hak söze peýkamy çenelip barýar.
,,O:t ýanmadyk ýerden uzamaz tüsse",
Kä huşyña gelýär, görülen düýşler,
Salamy gadyrly, işleri düşse,
Etmeseñ, edenleñ gömilip barýar.
Adaty zatlaryñ ujyny kertip,
Owadan ýalanlañ üstüni örtip
Köp bilýän azalyp, köp bilmiş artyp,
Akylly akmakdan ýeñilip barýar.
Awtory: Baýram Bejidow
29
211
BaýramBejidow
23.09.2022 11:02
Ynanamok.
Ynanar ýaly ynamam ýok,
Ynamym ýok, ynanýanam ýok,
Aglasañ agyña gynanýanam ýok,
Gynalýanam ýok.
Derdiñ bolsa ikä bölüşjek bolup,
Meseläñ kynyny çözüşjek bolup,
Gowyny erbedi süzüşjek bolup,
Düzgünsiz duýgyñy düzüşjek bolup,
Gark bolan gussaña ýüzüşjek bolup,
Ýamandan arañy üzüşjek bolup,
Synanýanam ýok.
Iki goşmak iki nol bolsa bolýar,
Depeniñ birlikde g:ol bolsa bolýar,
Parhy ýok deñligi, dul bolsa bolýar,
Sagyña münenler s:ol bolsa bolýar,
Pul bolsa bolýar.
Çözülýär mysal, çözülýär durmuş,
Islegiñ islege meýli kän ýerde,
Herkim päk ynsan, göreniñ derwüş,
Duşanyñ bürgüt.
Ynanamok.
Ýaglygy zyñyp, saçyny bogup,
Sadaja dogup, üýtgeşik bolup,
Üýtgejek bolup,
Oñarýan oñarýar üýtgeşik bolup,
Ekramly diýeniñ, çopansyz çoluk,
Ýeñleri ýoluk, ýeñlejek bolup,
Pikiri bozuk, tenleri tozup.
Ilden yzda gezýär, illerden ozup,
Sözleri sozuk, gaşlary çyzyk...
Ynanman bolanok ynanjak bolup,
Ynansañ howp,
Gahary kowup,
Ýerine ýalana ýer berýäs käte,
Ynç aljak bolup,
Sanlyja ömürde dynç aljak bolup,
Ýalñyşýas ynan, ynanma gowsy,
Ynamlar sowuk...
Baýram Bejidow
11
82
BaýramBejidow
22.09.2022 21:43
Eje! Meni äkitsene bu ýerden,
Ynsan ýok, biliñi baglamana-da,
Her dogan günümiñ, gussasy ýetik,
Sebäp tapylyp dur aglamana-da.
Eje! Meni alyp gidäý bu ýerden,
Diýenlerim üçin, diýjegim üçin,
Ýene sadalygmy öñe tutunyp,
Senden özgesini söýjegim üçin.
Kalbymda kinelem mekan tutupdyr,
Ornuny berenok şatlykly güne,
Tomusda titrän tämiz duýgylam,
Garrylyk goşup dur jahyl görküme.
Eje! Meni äkitsene bu ýerden,
Ýylylyk tapamok mähriñden gaýry,
Her salam berenler peýda araýar,
,,Dost" diýip ýüzlenen gözleýär haýry.
Düýşüme giripsiñ, perişde ýaly,
Garañky otagym ýagtyldy birden,
Howlugyp geplänim ýadymda şonda,
,,Eje! Meni äkitsene bu ýerden".
Ruhymy ruhyña baglaýyn käbäm,
Dirikäñ gadryñy bilmänim üçin,
Hemem dünýe hakda pirkrimi goldap,
Senden özgeleri diñlänim üçin.
Sen bagyşla meni, bagyşla eje!,
Gep beren duýgylam, hekgeren göwnüm,
Bu gün ýoklugyñda ejir berip dur,
Çözüşip oñarman geljegiñ düwnün.
Umydym umyda tirkäýin ýene,
Ynamym ynama sapyp ber käbäm,
Ýa-ha öz ýanyña müdümi äkit,
Ýa-da bir yşarat tapyp ber käbäm!.
Ýadadym ýamanlañ ýalanyn diñläp,
Äkit öz ýanyña rahatlyk tapsañ,
Gaşymy çytmanjyk yzyna düşjek,
Ezraýyl perişde gapymy kaksa.
Şeýle bir irizdi ýasama ýüzler,
Aýtsana! Syrymy gizläýin nirde?
Sen başarýañ ahyr, ruhyñ bilen,
Maña göwünlik ber içime girde.
Alnymy alnyña diräýin käbäm,
Gutarma ýokmuşyn arzuw-islege,
Diñe düýşüme däl huşuma gelip,
Meni bu ýerlerden alyp gitsene!...
Baýram Bejidow
21
158
BaýramBejidow
18.09.2022 10:49
Señ waspyña sözlenmedik söz gözläp,
Geçdimmikäm, hetdimdenem aşa ýa?,
Kalbym seniñ bilen aram tapyp dur,
Bagt maña señ baryñda ýaşamak.
Gara gözleñ ag:y bolup galaýyn,
Aýaklarña düşeleýin gül bolup,
Säher örseñ penjiräniñ agzynda,
Dür saçaýyn, saýraýyn bilbil bolup.
Sen isleseñ, gul bolaýyn gapyñda,
Güler ýüziñ görmek üçin teşne men,
Maña söýgi nazar bilen bakañda,
Damja bolup akyp geljek çeşmeden.
Gara saçlañ tolkun atsa şemala,
Öwiseýin menem mymyk ýel bolup,
Päk kalbyñy garañkylyk gurşasa,
Ýalkym saçsam bir umytly şem bolup.
Gözlerimden, gara gözleñ aýyrma,
Düýşlerimi getirip ber huşa ýa,
Bu gursak sen üçin alyp dur demi,
Bagt maña señ baryñda ýaşamak!...
Awtory: Baýram Bejidow
16
160
BaýramBejidow
18.09.2022 00:27
Çem gelen däldiñ sen, bagtyñ özüdiñ.
Saña ýetsem zemin meñki ýaly-dy,
Sen hakynda eden ähli arzuwmy,
Wysaly ýok, gursagymda jaýladym.
Ähli zatlar başgaça-dy sen barkañ,
Ýüregimde hyjuw bardy geljege,
Durmuşda bu, duşarynmy, kim bilýär?,
Señki ýaly ýyly mähir berjege.
Sensiz dünýäñ ýylysy ýok, ynansañ,
Durnalaram garga bolup görünýär,
Sen hakynda alasarmyk pikirlem,
Çañ beýnime sanjy bolup sürünýär.
Men ýene-de galamyma ýapyşdym,
Ah nädeýin!, Mende başga çäre ýok,
Sähel zada müzzerilip, biz ýaly,
Täleýimiz bir sözünden dänenok.
Ah! Bolýa-la hoş gal meniñ arzuwym,
Çykma ýoga ,,ýazgyt" atly kadadan,
Özümi özüme aklajak bolup,
Ejiz ýaly mert bolubam ýadadym...
Awtory: Baýram Bejidow
13
147