Seni ençe gezek, aglatdym bilýän,
Gözýaşlarña bahanadym bisebäp,
Ol bitişen ýaralarñy gorjalap,
Takat bermän, ýüregiñe ýakynlap,
Gussalaryñ özenini dörjeläp,
Azar ýamanyny, berdim-le, hawa,
Alajy gözläñde, käte aljyrap,
Saña dostsyradym, dogansyradym,
Iñ ýakynlañdanam, ýakyndym saña,
Duýgyñ bilen duýypdyñam duýgymy,
Senem tenim ýaly ýakyndyñ maña,
Irenimde, kinelermi paýlaşyp,
Azda-kände bererdiñem teselli,
Surnygan pikrimi ýere jaýlaşyp,
Göwnümi göwnüñe oýkalardyñ sen,
Eden azabyma ,,kämil" diýmeseñ,
Gaşymy çytardym öýkelärdim men.
Indi bolsa senden aýra düşmekçi,
Belki az wagtlyk, belki ömirlik,
Durmuşy täzeden başlamakçy men,
Görýärsiñ ýagdaýym däl-ä öwerlik.
Indi içe saljak daşdan gelenim,
Baryny unutjak, tapaýsam tärin,
Iki barmagymdan iren galamym,
Döwüp, gyra zyñjak, çalyşjak kärim.
Men ýok diýip señem içiñ gysmasyn,
Ýadapdyryn, hyýalymda uçmakdan,
Bu goşgy hoşlaşyk şygyrym bolsun,
Hoş boluñ! Hoş galyñ eziz muşdaklam!!!.
Awtory: Baýram Bejidow