BaýramBejidow
27.09.2022 12:52
Odun ýygdym petde-petde,
Ölsem, başujymda goýuñ!,
Bagtymy epläp, ütükläp,
Getirip huşumda goýuñ!.

Eredip köñülde gary,
Kalbymda ýaksam çyragy,
Size ýetäýse azary,
Derdimi duşumda goýuñ!.

S:yrylsa ýüzünden perde,
Durýan az, gidere ýer kän,
Umyt kän, ynamsyz ertäm,
Serimi başymda goýuñ!.

Çykdym, telbe ýok düzde-de,
Bakdym, mähir az ýüzde-de,
Ähli zady hoş sözde däl,
Käteler aşymda goýuñ!.

Çañ sesi ýaly baýguşlañ,
Irizdi eden ýalñyşlam,
Gepimi etmäñ, ýalñyşsam,
Gözümde-gaşymda goýuñ!.

Garalar kän, gözläp a:gyn,
Guratsam, arzuwly bagym,
Howasyz dem alan çagym,
Duýgymy döşümde goýuñ!...

Baýram Bejidow
12
178
Myhman Myhman
27 Sentýabr 2022
Myhman sen yazysyn tanys gelýä tanaydym oytyan seni
Myhman Myhman
27 Sentýabr 2022
sofi, Gowja gowja sozlerjigem tapyaňda. Men indi seň yzyňdan galmaryn. Eyejigiň bolsada
Myhman Myhman
27 Sentýabr 2022
sofi, eyejigiň barmy ( . Bah ýene-de dost bolup galsagam bolardyda
Myhman Myhman
27 Sentýabr 2022
Sofi, haçandan bari şu yerde sizi synlayan. Saylanypjyk dursynyz. Size has ýakyn bolmak isledim
Myhman Myhman
27 Sentýabr 2022
sofi, salam siz bilen tanşyp bolarmyka?
ylham_gurbanaly
27 Sentýabr 2022
Bagtymy epläp, ütükläp, Getirip huşumda goýuň...
wolf
27 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
perizadym
27 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.