BaýramBejidow
20.11.2022 15:18
Maña ejizdir öýtdüler,
Beýiklikden gorkýan diýsem,
Maña ejizdir öýtdüler,
Käteler darykýan diýsem.

Maña ejizdir öýtdüler,
Sadalañ tarapyn tutsam,
Maña kejirdir öýtdüler,
Terk edenleri unutsam.

Maña gorkakdyr öýtdüler,
Gep gaýtarman dymanymda,
Oña erkekdir öýtdüler,
Kişä kesek zyñanynda.

Säginende täleý otlym,
Saga çekdiler çep ýanym,
Duýmadylar kine bilen,
Gussany içe çekýänim.

Bu ömrüñ tanapy çüýrük,
Umyt bar, ynam ýok ertä,
Güneşe çüýredi duýgym,
Añmadylar ynam terkä.

Gyýylanda ýuka göwnüm,
Başymy sypan ejemdi,
Tümlüge gabap gitdiler,
Ýagty ýatlanjak geçenmi.

Tenimden burugsan tüsse,
Dem bolupdy käbirine,
Niýetime ýaplanypdym,
Emma bakdylar hilime.

Maña bahyldyr öýtdüler,
Dogrulap baksam ýüzüne,
Oña jahyldyr öýtdüler,
Bal garanda zäher söze.

Ýalñyzlykdan haraý isläp,
Dilime dakdym ýaşmagy,
Päk ýüregmi çöpe seren,
Iki ýüzlüleñ paşmagy.

Gaçyp gutulma ýok eken,
Hyýallarym salgym ýaly,
Ýene umyda ýapyşdym,
Olam menden argyn ýaly.

Ýaşamagy dowam etsem,
Arzuw ýelegmi tüýtdüler,
Kyn günümde doga etsem,
Maña ejizdir öýtdüler...


Awtory: Baýram Bejidow
21
105
BaýramBejidow
20.11.2022 09:31
Eje! Seretsene, dünýäñ gurlyşy,
Göräýmäne, açylmadyk syr ýaly,
Emma munda göwinleriñ irisi,
Ýyrtylyp dur güne çüýrän jir ýaly.

Akmaklaram akyl berýär, alñasap,
Kyn günimde gol uzadan tapmadym,
Açyp goýdym kalbymyñ giñ törini,
Dönmen diýip gapylary ýapmadym.

Peýdalandy sadalygmy köp kişi,
Iş düşmese idänleri görmedim,
Nebsim bilen darkaş gursa nebisjeñ,
Haýyr gözläp haramlygy dörmedim.

Ýeter maña, tapsam iýjek çöregmi,
Ýeter maña bu dünýede barlygyñ,
Gidenleri yza dolajak bolman,
Zar bolsamam, etmerin men zorlygym.

Iki dünýä geläýse-de bir ýere,
Garamaryn bahyllaryñ gepine,
Sag-a bakanymda meni öwenler,
Gepimi edýäler baksam çepime.

Soñky döwir, ýakalaşýan ýalñyşlam,
Ýapyşyp dur, endamyma kir ýaly,
Eje käýesene, ejizlän çagym,
Umydym har, gussalarym şir ýaly...

Awtory: Baýram Bejidow
20
65
BaýramBejidow
19.11.2022 09:24
Aşypdyr añymdan añsyz,
Umytlarma uýmandyryn,
Artypdyr günälem sansyz,
Duýmandyryn, duýmandyryn.

Şatlygym gussa girewmi?,
Noşy azaldy iýenmiñ,
Tilkidigni gurt diýenmiñ,
Duýmandyryn, duýmandyryn.

Sahawata bolup şärik,
Gepi ýeñsäm, ýüzi bärik,
Edilipdir hilegärlik,
Duýmandyryn, duýmandyryn.

Jan-saglygyñ tagtdygyn,
Gymmat zadyñ wagtdygyn,
Sabryñ soñun bagtdygyn,
Duýmandyryn, duýmandyryn.

Janyksañ janyñ ýakýalar,
Sadamy? Gyýa bakýalar,
Täleýiñ terse çapýanyn,
Duýmandyryn, duýmandyryn.

Ýalanlardan doýandygym,
Bildi ykbal boýundygym,
Ýaşamagyñ oýundygyn,
Duýmandyryn, duýmandyryn...

Awtory: Baýram Bejidow

23
60
BaýramBejidow
19.11.2022 00:08
Ýene hyýal bilen garaýan dünýä,
Ýatlamalar dürtüp durka gursaga,
Hasabyn ýitirmän aýlanýan WAGT!,
Haýyş edýän bir pursatjyk dursana!.

Şojagaz pursady edinip olja,
Menden öýkelileñ ýazaýyn göwnün,
Hemem ykbalymy keleb deý dolan,
Gussaly kalbymyñ, özenli düwnin,
Çözläýin, mazaly düwülmez ýaly,
Bagtlyny göremde bolmasyn müýnim.

Seljereýin, biraz ag:y- garany,
Emen ak süýdümi haklajak bolup,
Dyrjaşaýyn, kemter beýniñ içinden,
Peýdasyz pikrimi ýoklajak bolup.

Mazarstanlyga dönen ýüregmi,
Azajygam bolsa şatlap göreýin,
Sen birje pursatlyk gymyldaman dur,
Eden ýalñyşlarmy ýatlap göreýin.

Ençe eýmençlikden eýlenen dünýä,
Her pursatda şarpygyny ursa-da,
Eý sen arzanlardan gymmatly WAGT!,
Haýyş edýän bir pursatjyk dursana!...

Awtory:Baýram Bejidow
29
67
BaýramBejidow
18.11.2022 14:03
Señ waspyña sözlenmedik söz gözläp,
Geçdimmikäm, hetdimdenem aşa ýa?,
Kalbym seniñ bilen aram tapyp dur,
Bagt maña señ baryñda ýaşamak.

Gara gözleñ ag:y bolup galaýyn,
Aýaklarña düşeleýin gül bolup,
Säher örseñ penjiräniñ agzynda,
Dür saçaýyn, saýraýyn bilbil bolup.

Sen isleseñ, gul bolaýyn gapyñda,
Güler ýüziñ görmek üçin teşne men,
Maña söýgi nazar bilen bakañda,
Damja bolup akyp geljek çeşmeden.

Gara saçlañ tolkun atsa şemala,
Öwiseýin menem mymyk ýel bolup,
Päk kalbyñy garañkylyk gurşasa,
Ýalkym saçsam bir umytly şem bolup.

Gözlerimden, gara gözleñ aýyrma,
Düýşlerimi getirip ber huşa ýa,
Bu gursak sen üçin alyp dur demi,
Bagt maña señ baryñda ýaşamak!...

Awtory: Baýram Bejidow
25
115
BaýramBejidow
18.11.2022 10:58
Aram-aram sen düýşüme girýärsiñ,
Gamgyn halda, gussalyja keşpde,
Aladaly ýürek biraz giñesin,
Ýygy-ýygy sesiñi bir eşitdir.

Sen bolmasañ asman basýar depämi,
Syn edýärin minutlaryñ togtaşyn,
Bir wagtlar ýetip geljek ajalym,
Üzjek ýaly dañyk duran nogtasyn.

Kemilemde sözleñ bilen çoý meni,
Aýazlarda mähriñ bilen ýylaýyn,
Bir dilegim, iki barmak mañlaýa,
Alla seni ýazan bolsun ylaýym.

Aramyzda körän söýgi ýok, emma,
Teşne kalbym göýä suwsyz meşikdir,
Iñ bolmanda birje minut bolsa-da,
Ýygy-ýygy sesiñi bir eşitdir.

Awtory:Baýram Bejidow
23
73
BaýramBejidow
18.11.2022 02:00
Lowurdap çyksa gynyndan,
Gylyç kesenne gynanmaz,
Düşünmeseler gynanma,
Bagryñ köýdürenñe degmez.

Amanatdyr bu şirin jan,
Gider mundan gülen-aglan,
Içde galybersin pynhan,
Söýüp söýdürenñe degmez.

Wagty geler bişer terne,
Halal gazan, halal derle,
Akmaklara öwüt berme,
Duýup, duýdyranña degmez.

Käbir ynsan şeýle pisdir,
Daşy gyzyl içi misdir,
Hile gurmak harap işdir,
Soýup, soýduranña degmez...

Awtory: Baýram Bejidow
21
74
BaýramBejidow
17.11.2022 09:00
Niçün senden sowap barýar bu kalbym?,
Saña tarap iteleýän duýgy ýok,
Ýeke galsam gujaklardy gussalam,
Öñki ýaly mähir indi duýlanok.

Niçün kem-kem sowap barýar bu kalbym?,
Ýitirmekden gorkan kalbym nirede?,
Ikimizem hoşal ýaly hamala,
Geljegimiz aýralyga direse.

Ýalñyşdymmy, ýalñyşymmy söýmegim?
Parhy näme şol bir oda ýanmagyñ,
Soñky döwür pikirlermiz azaşyp,
Tikeninden gül gözleýäs ýandagyñ.

Çep tarapym sag ýanymda duýulýar,
Söýgimi-kä terse çekýän bu salgym,
Bu soraga jogap tapman gyýylýan,
Niçün senden sowap barýar bu kalbym?...

Awtory: Baýram Bejidow
23
96
BaýramBejidow
BaýramBejidow
16.11.2022 09:32
Bu gussaly, solak yüzüm, Güler eje!, Güler ýene, Tow düşen täleýme çözüm, Geler eje!, Geler ýene. Ynandym, ynamlar sowuk, Gyýyldym, umydy kowup, Kösenyän ýaşajak bolup..., Igledenem solar eje!.
BaýramBejidow
14.11.2022 00:20
Armanly galypdyr söýen ýüregim,
Umydyn ýitirdi ömre, geljege,
Indi hyýallarmy satlyga goýdum,
Mugtyna-da berjek haýryn görjege...

Baýram Bejidow
25
100