Eje! Seretsene, dünýäñ gurlyşy,
Göräýmäne, açylmadyk syr ýaly,
Emma munda göwinleriñ irisi,
Ýyrtylyp dur güne çüýrän jir ýaly.
Akmaklaram akyl berýär, alñasap,
Kyn günimde gol uzadan tapmadym,
Açyp goýdym kalbymyñ giñ törini,
Dönmen diýip gapylary ýapmadym.
Peýdalandy sadalygmy köp kişi,
Iş düşmese idänleri görmedim,
Nebsim bilen darkaş gursa nebisjeñ,
Haýyr gözläp haramlygy dörmedim.
Ýeter maña, tapsam iýjek çöregmi,
Ýeter maña bu dünýede barlygyñ,
Gidenleri yza dolajak bolman,
Zar bolsamam, etmerin men zorlygym.
Iki dünýä geläýse-de bir ýere,
Garamaryn bahyllaryñ gepine,
Sag-a bakanymda meni öwenler,
Gepimi edýäler baksam çepime.
Soñky döwir, ýakalaşýan ýalñyşlam,
Ýapyşyp dur, endamyma kir ýaly,
Eje käýesene, ejizlän çagym,
Umydym har, gussalarym şir ýaly...
Awtory: Baýram Bejidow