BaýramBejidow
18.11.2022 14:03
Señ waspyña sözlenmedik söz gözläp,
Geçdimmikäm, hetdimdenem aşa ýa?,
Kalbym seniñ bilen aram tapyp dur,
Bagt maña señ baryñda ýaşamak.

Gara gözleñ ag:y bolup galaýyn,
Aýaklarña düşeleýin gül bolup,
Säher örseñ penjiräniñ agzynda,
Dür saçaýyn, saýraýyn bilbil bolup.

Sen isleseñ, gul bolaýyn gapyñda,
Güler ýüziñ görmek üçin teşne men,
Maña söýgi nazar bilen bakañda,
Damja bolup akyp geljek çeşmeden.

Gara saçlañ tolkun atsa şemala,
Öwiseýin menem mymyk ýel bolup,
Päk kalbyñy garañkylyk gurşasa,
Ýalkym saçsam bir umytly şem bolup.

Gözlerimden, gara gözleñ aýyrma,
Düýşlerimi getirip ber huşa ýa,
Bu gursak sen üçin alyp dur demi,
Bagt maña señ baryñda ýaşamak!...

Awtory: Baýram Bejidow
25
115
Myhman Myhman
27 Noýabr 2022
Gaty gowy goşgy
Myhman Myhman
20 Noýabr 2022
Myhman Myhman , sen oglanmi gyzmy siz
Myhman Myhman
20 Noýabr 2022
😍manada seydip gosgy duzselerdaa
ebru
18 Noýabr 2022
Gowy gosgy👍👍
Myhman Myhman
18 Noýabr 2022
Gowy goşgy 👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.