Azik
17.02.2023 20:50
Görgä goýup ýörmäñ ýakyn-ýadyñy,
Özüñjik tap öz ýitiren zadyñy.
Il-gün saña bermez pälwan adyny,
Özüñden ejizi ýykanyñ bilen...

B.Hudaýnazarow
18
71
Azik
16.02.2023 06:10
Öz-özüñi tanamak üçin kiçiräk anket

Ir bilen oýanýan. Öýüň ýerbe-ýer.
Keýpiň kök, janyň sag, hudaýa şükür,
Goňşyňdan bir dertliň nalasy gelýär,
Şonda näme hakda edersiň pikir –

Öýüňdäki ajap sapa hakdamy?
Ýa şol dertlä gerek şypa hakdamy?

Ynha bir edara. Başlygy – dostuň,
Ikimiz içerde «kikirde-kikir».
Gapyda kyrk adam garaşyp otyr.
Şonda näme kakda edersiň pikir –

Dostlukdaky täsin gudrat hakdamy?
Ýa-da işikdäki nobat hakdamy?

Saklandy gapyňda kerpiçli maşyn,
Maşynyň şofýory – bir ogry-mekir.
«Ýarpy bahasyna al şuny!» diýýär.
Şonda näme hakda edersiň pikir –

Jübiňe bähbitli arzan hakdamy?
Ýa kellä bähbitli wyždan hakdamy?

Ynha et dükany. Satyjy goňşyň.
Saýlap-seçip saňa bir budy çeker.
Yzyňdaka bolsa – gaty oňurga.
Şonda näme hakda edersiň pikir –

Özüňe edilen hezzet hakdamy?
Ýa ili çürkeýän ülpet hakdamy?

Barýar köçe bilen maýyp weteran.
Diňe maýybam däl, bir gözem sokur.
Sen bolsa «Wolgaly»
dazlap barýarsyň.
Şonda näme hakda edersiň pikir –

Öz ornuň, öz nyrhyň,
«Wolgaň» hakdamy?
Ýa «Wolga» ýetiren
pälwan hakdamy?

Kerim Gurbannepesow
15
93
Azik
15.02.2023 09:21
Ýalanyñ balyny ýalap diri ýörennen,
Hakykatyñ zäherini içip ölen artyk.
Atalar sözi.

Kitap maña tagtdan hem gymmat.
Uiliam Şekspir.

Köp adam danalykdan görä, akmaklygy saýlaýarlar. Sebäbi, akmaklyk güldirýär, danalyk aglatýa.
Uiliam Şekspir.

Kitap- akylyña hak soramaýan altyn hazyna.
Alişer Nowaýy
16
73
Azik
14.02.2023 08:54
Şu gün hemme söýgüliler gününde öz söýgülilerinden sowgada garaşsa men şu günki Çempionlar Ligasynyñ oýnuna garaşdym.
⚽ Oýunlar:
PSZ - Baýern M 🕐01:00
Milan - Tottenham 🕐01:00

Komentariýada kime janköýer bolýañ we hasab näçe-näçe bolýanyny ýazyp git?!
14
331
Azik
13.02.2023 11:08
Bir gün ependiñ öýüne myhman gelýär.
Ependi agtygyna:
- Diplom oglym bar çaý goý diýipdir.
Myhman geñ galyp:
- Näme üçin adyna "Diplom" goýdyñyz?
Ependi:
-Gyzym şäherde okap diplom getirjek diýip şuny getirdidä.
16
278
Azik
12.02.2023 14:29
Dünýäniñ meşhur fudbolçylary Ronaldo we Messi Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremesi üçin kömek etdiler.
Argentinanyñ hem PSZ-niñ hüjümçisi Lionel Messi 3,5 mln euro kömek puluny berdi.

Portugaliýanyñ we Al-Nasryñ hüjümçisi Cristiano Ronaldo 25 mln euro kömek puluny berdi.

Bu iki fudbolçy üçin diñe like basaýmasak.👍👍👍👍👍

34
396
Azik
11.02.2023 10:16
Bir gün bir türmäniñ başlygy türmäniñ içini aýlanyp ýörkä özüne gymmat bolan ýüzügini ýitirýär. Onsoñ ol türmäniñ başlygy türmedäki otyran tussaglary ýygnap eger kim ýüzügi tapsa şol tussag edilen adama naçe ýyl berilen bolsa şonyñ ýarysyny bagyşlaýaryn diýýär. Aradan iki-üç gün geçenson onyñ ýanyna bir tussag edilen adam ýüzügi tapandygyny aýtýar. Türmäniñ başlygy muña begenipdir we tussagdan beren wadasyny ýerine ýetirmek üçin tussagdan näçe ýyla gamalanyny soraýar. Tussag oña özüniñ bütin ömürlik tussag edilenin aýtýa.

Sorag: Türmäniñ başlygy näme etmeli, ýagny ömürlik tussag edilen adamyñ nädip ýarpa bölmeli?
15
435
Azik
10.02.2023 16:57
Türkiýada we Siriýa bolan ýer titremesinde wepat bolanlara bagyşlap ýazylan goşgy.

Ýogalanlara

Fewral 7sine asman garaldy
Türkiýede ynsan bary gyryldy
Okuw merkez jaýlar, öýler ýumruldy
Gynanç bildirýăris türk doganlara
Allam iman bersin ýogalanlara

Diñ deýin binalar ýere serildi
Howada tozana, gara bürendi
Hudaýym bu derde şypa ber indi
Kömek ber yzynda sag galanlara
Allam iman bersin ýogalanlara

Ýer astynda galdy ençe bendeler
Gözläp ýörler indi sizi ýerme-ýer
Elhenç waka haýsy ýürek döz geler
Jennetden bina ber ýer bolanlara
Allam iman bersin ýogalanlara

Türkde gezip ýören türkmen doganlar
Türk gardaşlar, hasrat girýan bolanlar
Jaýynyz jennetden bolsyn ölenler
Hassahana düşüp dert alanlara
Allam kömek etsin ýogalanlara


Şyhberdiýewa Göwher
+99362493029
16
101
Azik
09.02.2023 14:33
Kerim Gurbannepesow

Ömrümde bir gezek ýalan sözledim

Ömrümde bir gezek ýalan sözledim,
Bagyşla, köşegim, bagyşla meni.
Nädip aldamaýyn, saňa dözmedim.
Durmuşda hemme zat bolýan ekeni.

...Onda ýaşajykdyň. Dil bitip ýaňy,
Zordan ony-muny sorap bilýärdiň.
Biri bir zat diýse, eje-kakaňy
Gygyryp, gapydan aglap gelýärdiň.

Derrewem öýkäňi ýatdan çykaryp,
Boýuma-boýuma bökerdiň ýene.
Oýunjaklaň baryn gapdan çykaryp,
Üýşürip öňüme dökerdiň ýene.

Men-de çagalygmy ýadyma salyp,
Bileje oýnardym oýunjaklarňy.
Kiçijik «möjegi» elime alyp,
Kowalan bolardym «goýunjyklarňy».

Ejeň hem «güjügiň» böwrüne urup,
«Möjegiň» üstüne topuldyrardy.
Biziň bu oýnumyz göwnüňden turup,
Seni jak-jakladyp, köp güldürerdi.

Ümbilmez çagadyň. Bütin dünýäni
Suw-sil alaýsa-da habaryň ýokdy –
Seň bagtyň üstünde turýan gowgany
Saýgarara aklyň ýetişenokdy.

Şonda meýletinlik lybasym geýip,
Wagona münemde Aşgabadymdan,
«Kaka, kaka, nirä gidýärsiň?» diýip,
Gözleriň sykanyň çykmaz ýadymdan.

Seni köşeşdirmäň alajyn tapman,
«Daýyňlara!» diýip, aldapdym şonda.
Gol bulap galaňda gözleriň gyrpman,
Wagondan posalar ýollapdym şonda.

Aşgabatdan gidip Berline çenli,
Ýeňiş bilen gaýdyp geldim sag-aman...
Ne şo güne, ne-de şu güne çenli –
Adam oglun ýeke gezek aldaman,

Aldapdym şo gezek, aldapdym seni.
Bagyşla, köşegim,
Bagyşla meni!

1965
17
72
Azik
07.02.2023 19:04
Fantaziýa bilimnen möhümräk. Sebäbi bilimiñ çägi bar.

Albert Eýnşteýn

"Dünýäde iki zat çäksiz: biri- älem, ikinjisi- admyñ akmaklygy. Ýöne birinjisine gumanym bar".

Albert Eýnşteýn

Maña dostlygam, hakykatam gymmat. Ýöne hemişe birinji ýere hakykaty goýýaryn.

Aristotel

Ömrüñ manysy näme? Daş-töweregiñdäkilere hyzmat edip, olara kömek bermek.

Aristotel

Eger siziñ biznesiñiz internetde bolmasa, onda siz biznesde yoksyz.

Bil Geýts
12
96