Azik
10.02.2023 16:57
Türkiýada we Siriýa bolan ýer titremesinde wepat bolanlara bagyşlap ýazylan goşgy.

Ýogalanlara

Fewral 7sine asman garaldy
Türkiýede ynsan bary gyryldy
Okuw merkez jaýlar, öýler ýumruldy
Gynanç bildirýăris türk doganlara
Allam iman bersin ýogalanlara

Diñ deýin binalar ýere serildi
Howada tozana, gara bürendi
Hudaýym bu derde şypa ber indi
Kömek ber yzynda sag galanlara
Allam iman bersin ýogalanlara

Ýer astynda galdy ençe bendeler
Gözläp ýörler indi sizi ýerme-ýer
Elhenç waka haýsy ýürek döz geler
Jennetden bina ber ýer bolanlara
Allam iman bersin ýogalanlara

Türkde gezip ýören türkmen doganlar
Türk gardaşlar, hasrat girýan bolanlar
Jaýynyz jennetden bolsyn ölenler
Hassahana düşüp dert alanlara
Allam kömek etsin ýogalanlara


Şyhberdiýewa Göwher
+99362493029
16
101
Myhman Myhman
11 Fewral 2023
Bu goshgy manyly yazylypdyr eline saglyk
A.E.S
10 Fewral 2023
Azik, yo hiclai
Azik
10 Fewral 2023
a.e.s. goyanyn gormandirin bagyslarsynyz
Tokio
10 Fewral 2023
Azik.gowy bolupdyr.
lalahan
10 Fewral 2023
👍👍👍👍👍👍
Şaperi❄️❄️
10 Fewral 2023
A.E.S diýibem bir ağza paýlaşypdyr!👍👏
k_25n
10 Fewral 2023
edil onragem okadyk 🙄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.