Aynashka
21.01.2023 11:25
Şahyr ýüregi

Sen ýere gül ekseň, garaş gülüňe,
Ýere tiken atsaň, gögerer tiken.
Bu kada bolupdyr ýylyň ýylyna,
Ýere näme atsaň, şo çykar eken.
* * *
Şahyryň ýüregem topraga meňzeş,
Ýöne başgarajyk berýän höregi.
Sen oňa çüý okla, tiken, awy saç,
Diňe gül döreder şahyr ýüregi.
* * *
Ýalňyz talyň saýasynda otyryn,
Säherde gyr baýtal görünýärdi al.
Otlaryň çyglary biraz ýylynyp,
Galýardy howlukman ýüpek deý duman.
* * *
Mollatorgaý, garlawaçlar, serçeler
Hezil edip oýnaýarlar howada.
Seniň göwnüň şu säher deý arassa,
Bar zat, bar zat ajaýypdyr dünýäde.
* * *
Ýüregiňde galan armanyň ýokdur,
Ýokdur şu säherden başga geregiň.
Diňe bir seň bilen bakylyk bardyr
Hem şoňa düşünýän şahyr ýüregiň.
10
31
Aynashka
20.01.2023 16:33
Bir çagajygyñ elinde 2 sany alma bardy. Ejesi çagajykdan olaryñ birini sorapdyr. Çagajyk almalaryñ ikisindenem hersinden bir gezek dişläpdir. Ejäniñ ýüzündäki ýylgyryş birden zym zyýat bolupdyr. Çagasynyñ onyñ tamasyny ödemedigini düşünipdir. Emma çagajyk almalaryñ birini uzadyp: " Al eje bu has tagamly " diýipdir. Nähili tejribeli bolsañyz boluñ hiç haçan howlugyp karar bermäñ. Garşyñyzdakyñ açıklama ýapmaga wagt beriñ...
18
93
Aynashka
19.01.2023 15:22
Ejem ejem diyip düştüm yzyña,
Gulpagym tasardyp bökjeklän döwrüm.
Huzurunda käbäm çöküp dyzyña,
Garramagyñy islemlerin bu öwmrüñ.


Aýlar ýyllar çalt ötüpdür zamanım,
Bu gün öz adymam eje bolupdyr.
Mama bolduñ, ene bolduñ nesline.
Zaman çalt geçsede garrama ejem!

Sende gördüm mähir bilen söýgini,
Senden aldym göreldani edebi.
Aýlar ýyllar dyza çöküp ýalbaryan..
Garratmaýyyn mähribanym EJEMI!!!
13
45
Aynashka
18.01.2023 08:37
Eger-de... (jadygöýe)
Eger-de nazarňy bagyş etseň maňa,
Giň dünýä gözellik ýaýradardym men.
Bakyşyň dirilik suwundan zyýat,
Kalby matamlara haýyr ederdim men.
Eger-de, sözlerňi bagyş etseň maňa,
Gargany bilbil dek çaýradardym men.
Säherler näziňi bagyşla maňa,
Yşkyňa çal daňdan oýkasyn bagryn.
Suw perisi maýyl bolsun kenarda,
Tapan ýaly müň ýyl agtaran höwrün.
Ädim uruşyňy bagyşla maňa,
Seň basan yzyňa bezelsin älem.
Düzelsin seň düzüw basyşyň görüp,
Gyşaran ýoda-da, gyşaran ýolam.
Täsin ýylgyrşyňy bagyşla maňa,
Tukat dünýäň gamgyn göwnün açaýyn.
Goşowujum ýylgyryşdan dolduryp,
Hasratlylaň ýüz --gözüne seçeýin.
―Jak-jak‖ uruşyňy bagyşla maňa,
Haýran bolsyn käkilikler, bilbiller.
Seň ‗jak-jakyň‖ ömür goşar ömüre,
Ondan many almaz diňe dilbilmez.
Kalbyň päkligini bagyşla maňa,
Ony bilip ömre guwansyn her kim.
Gapdalyndan seýkin basyp geçeňde,
Garalyk aklyga çalyşsyn görkün.
Hasratyň bar bolsa, bagyşla maňa,
Senden ýaman görüp kese bakmaýyn.
Katrasynam dünýä bilen paýlaşman,
Baryny öz gursagymda saklaýyn.
27.awg.1987. Genuez galasy.
Krym. ýarymadasy.
13
46
Aynashka
17.01.2023 19:44
Galsan ogul elinde mydar eýle geline.
Gözi dänede bolan guşuñ aýagy duzakdan gitmez.
Gurduñ tūýi dūşsede hūýi dūşmez.
Gurt garraman it ýūzigaralykdan çykmaz.
Gözden dūşen adam göwūnden-dūşer.
Gelin girmedik öý bolar.
Ölūm girmedik öý bolmaz
Könedenem gaç, ýöne-denem.
Könede baha bolsady bit bazaryna nur ýagardy
Mydar - oñuşuk, bialaç dostlyk.
Ir ekseñ ekini urar ýere kökūni.
Giç ekseñ ekini açlyk açar sepiñi.
10
78
Aynashka
16.01.2023 18:51
Göwün...
Ogul:
Salam mährem gülçi daýza, çemen bogaý bägülden.
Ol şeýle bir gözel bolsun, Haýran galsyn Bägül hem.
Ogul:
Salam mährem gülçi daýza, çemen bogaý nyrhsyzrak.
Bar:bir maňlaýymdan öper, Ejem muňa parhsyzrak.
Aýaly:
Salamalik gülçi daýza, bogaý arzan çemeniñ.
Erkekdirdä... Şu gülem bor, awlaryn oň ýüregin.
Ejesi:
Salamalik gülçi dogan, bog çemeniñ gymmatyn.
Çünki otuz ýaşar bu gün, ýeke didäm Hommadym.
Bu zatlary gören gülçiň, pikirleri boldy döwüm,
Ejemizde ýokmyka, ýarymyzda bar göwün...
15
68
Aynashka
15.01.2023 12:21
Kämahal şeýle bir dymasym gelýär.
Ne adam küýseýän, ne-de bir gürrüñ.
Gaýgym,
Söýgim,
Ömrüm,
Aladam,
Döwrüm.
Hakynda gürrüñler edesim gelýär.
Özümden özgäni küýsanok ýürek.
....Häp-häzir nahili? Häzirem şeýle.
Diñe özüm bilen
GEPLEŞMEK GEREK.
15
49
Aynashka
14.01.2023 10:46
Oduň döreýşi

Oduň döreýşi asyrlarboýy adamlary gyzyklandyryp gelipdir. Ol barada köp maglumatlar bar. Ýöne otluçöpüň döreýşi nähilikä? Soňky wagtlarda bu barada hem köp çaklamalar orta atylýar. Onuň awtorlary hökmünde nemes, iňlis, wenger alymlarynyň atlary agzalyp geçilýär. Ýöne anyk bir netije çykarmak welin entegem başardanok. Ýöne otluçöpüň döreýşi barada welin anyk magumatlar bar. Ilkinji fosforly otluçöp 1933-nji ýylda çykarylyp başlapdyr. Ol sähelçe gaty zada sürtseň ýanypdyr. Ýöne onuň örän howply we zäherli bolandygy üçin, adamlar otluçöpüň başgarak görnüşlerini agtarmagy dowam etdiripdirler. Gorkusyz otluçöp ilkinji gezek 1955-nji ýylda Şwesiýada peýda bolupdyr. Şol ýerde-de ol köpçülikleýin çykarylyp başlapdyr.
16
129
Aynashka
13.01.2023 08:34
Ejedir dünýäde iň eziz ynsan,
Waspyn ýazyp taryp etmedik ýokdur,
Ýöne, kakam hakda ýazaýyn diýdim,
Olam perzent üçin, ýekedir- täkdir.
Durmuşa taýýarlap tapladyň bizi,
Kakamjan, sen-arkadagym, mähriban,
Okatdyň, öwretdiň, dünýä aýladyň,
Sungat äleminde peder mähri bar.
Goşgy ýazyp, surat çekip, saz çalyp,
Halka hyzmat etdiň, özün tanatdyň.
Baş çykaryp dürli saz gurallardan,
Käseleriň düzüp, täsin heň etdiň.
Gelinleň hyzmatly – ganatyn gerýär,
Hoz – hozonak bolup mydam daşyňda.
Mährem käbäm agtyklarny apalap.
Senden hoşal – bagt täji başyňda.
Ogullaň, gyzlaryň, agtyklaň bolup,
Dowam etdirýäris ajap kesbiňi,
Aýdymdan, mukamdan biz lezzet alyp,
Kalplara siňdirýäs zemin keşbini.
16
58
Aynashka
12.01.2023 10:59
Buşluk poemasy
Galypdym howluda ýalňyz bir özüm.
(Toýa gidipdiler aýalym, gyzym...)
Öňümde ne çaý bar, ne-de bir nahar.
(Näme hüžžerýärsiň, howlukma, Gahar!)
Gazy ýakjak boldum. Atyldy fontan.
(Towlamaly ýerin ýalňyşdym öýdýän).
Saçagy agtardym. Aýlandym öýe.
(Nany-pany bilen uçupdyr toýa).
Şekere topuldym. Duz bolup çykdy.
Nabada topuldym. Buz bolup çykdy.
Ähli tapan zadym unly kendirik.
(Ol hem aç garnymy bilmez diňdirip).
Ýetişdi dadyma poçtalýon Wera.
Elinde telegram! Mazmunyn sora!
Uzatdy kagyzy. Gygyrdy «Buşluk!»
Şo bada garnymdan ýok boldy açlyk.
Tyňkyja Weranyň ellerin gysdym.
Perzentli bolupdyr perzentsiz dostum!
Önelgesiz enäň açylyp bagty,
Namut göreçlerne inipdir ýagty.
Ak gyzly bolupdyr Aksoltan gelin.
Çagadan umydy ýok soltan gelin.
Parhy nämemişin ogulmy, gyzmy –
Bir başlanan bolsa, düzeler yzy!
On ýyllap ýoluna bakdyran çaga
Jägildäp inipdir. Bök bu gün göge!
Bökdüm, ýere gaçdy pyşbaga çäýnek.
Bu gün pyşbagany döwletdir döwmek.
Bökdüm, ýere gaçdy tarelka-maýmyn.
Bu gun maýmynjyklaň duzlarys hamyn.
Bökdüm, dört bölündi gurbakga-küldan.
Döwülýän zatlaryň hemmesi haýwan!
Döwülsin jäjekler, kül bolsun olar.
Adam döwülmese, bir zady bolar.
Guýdum Wera gyza bir bulgur şampan,
– Bu gün ikijigmiz içmeli hökman!
Meniň şat günümde şat bol, ezizim.
Gazet-žurnallarňy paýlaryn özüm.
Sen bu gün öýmüzde iň eziz gonak.
Entek nä görýärsiň, süzeris konýak!
Kän entek ülkämde perzentsiz ene.
Şeýle habarlary köp getir ýene.
Getir her hepdede elliden, ýüzden.
Buşluk senden bolsun, gutlugy bizden!..
Iýildi şokolad. Boşady bulgur.
– Hany, Weragözel, ýene bir ýylgyr!
Akja bäbek üçin iç, ýene bir iç!
Munuň ýaly zatlar üç bolmaly, üç...
– Ynha, indi boldy. Hemme zat oňat
...Ýapdym arkasyna keteni halat.
Başyna-da atdym seçekli ýaglyk...
Gyz nur saçdy
göýä
Altyndan balyk...
Keýwanyň bukjasy gowzady az-kem.
Duýaýsa näderkäm! Duýmaz-la, belkem.
Duýsa, jygyllyga ylgaryn ertir.
(Ýa-da pulun bersem, özi hem getir...)
...Keýwany,
Ýene-de galmawer toýdan.
Örän arkaýyn bol bukjadan, öýden.
Örän arkaýyn bol ojakdan, gazdan.
(Öwreniljek eken, gatnaber tizden!)
Juda arkaýyn bol saçakdan-duzdan.
(Oňat boljak eken iýilse azdan!)
Arkaýyn gidiber. Aç ölmez äriň.
Hoş habar köp gelse, taparys tärin.
Ynha ol ýene-de telegram getir.
Bu gün getirmese, getirer ertir.
Gutlugna keteni ýaparyn menem.
Öňem käýemändiň,
Käýeme indem!
12
54