Şahyr ýüregi
Sen ýere gül ekseň, garaş gülüňe,
Ýere tiken atsaň, gögerer tiken.
Bu kada bolupdyr ýylyň ýylyna,
Ýere näme atsaň, şo çykar eken.
* * *
Şahyryň ýüregem topraga meňzeş,
Ýöne başgarajyk berýän höregi.
Sen oňa çüý okla, tiken, awy saç,
Diňe gül döreder şahyr ýüregi.
* * *
Ýalňyz talyň saýasynda otyryn,
Säherde gyr baýtal görünýärdi al.
Otlaryň çyglary biraz ýylynyp,
Galýardy howlukman ýüpek deý duman.
* * *
Mollatorgaý, garlawaçlar, serçeler
Hezil edip oýnaýarlar howada.
Seniň göwnüň şu säher deý arassa,
Bar zat, bar zat ajaýypdyr dünýäde.
* * *
Ýüregiňde galan armanyň ýokdur,
Ýokdur şu säherden başga geregiň.
Diňe bir seň bilen bakylyk bardyr
Hem şoňa düşünýän şahyr ýüregiň.