Aynashka
18.01.2023 08:37
Eger-de... (jadygöýe)
Eger-de nazarňy bagyş etseň maňa,
Giň dünýä gözellik ýaýradardym men.
Bakyşyň dirilik suwundan zyýat,
Kalby matamlara haýyr ederdim men.
Eger-de, sözlerňi bagyş etseň maňa,
Gargany bilbil dek çaýradardym men.
Säherler näziňi bagyşla maňa,
Yşkyňa çal daňdan oýkasyn bagryn.
Suw perisi maýyl bolsun kenarda,
Tapan ýaly müň ýyl agtaran höwrün.
Ädim uruşyňy bagyşla maňa,
Seň basan yzyňa bezelsin älem.
Düzelsin seň düzüw basyşyň görüp,
Gyşaran ýoda-da, gyşaran ýolam.
Täsin ýylgyrşyňy bagyşla maňa,
Tukat dünýäň gamgyn göwnün açaýyn.
Goşowujum ýylgyryşdan dolduryp,
Hasratlylaň ýüz --gözüne seçeýin.
―Jak-jak‖ uruşyňy bagyşla maňa,
Haýran bolsyn käkilikler, bilbiller.
Seň ‗jak-jakyň‖ ömür goşar ömüre,
Ondan many almaz diňe dilbilmez.
Kalbyň päkligini bagyşla maňa,
Ony bilip ömre guwansyn her kim.
Gapdalyndan seýkin basyp geçeňde,
Garalyk aklyga çalyşsyn görkün.
Hasratyň bar bolsa, bagyşla maňa,
Senden ýaman görüp kese bakmaýyn.
Katrasynam dünýä bilen paýlaşman,
Baryny öz gursagymda saklaýyn.
27.awg.1987. Genuez galasy.
Krym. ýarymadasy.
13
46
Aynashka
18 Yanwar 2023
okayjy,gul_,melek06,yakup allabayew,teswirinize minnetdar hemde like basyanlar sizede💗💗💗
yakup allabayew
18 Yanwar 2023
👍👍👍👍👍
melek06
18 Yanwar 2023
Post 👍🏻
okayjy
18 Yanwar 2023
👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.