Arslan_Alaýew
15.06.2024 00:12
MYNAJAT HEM YNAMSYZLYK

Gämi heläkçiliginde ýeke-täk diri galan bir adam ýaşalmaýan ada düşüpdir.

       Ol halas bolmagyny diläp, gije-gündiz Hudaýa mynajat edipdir. Her gün özüni halas etmäge gelýän kişi ýokmuka diýen umyt bilen uzak wagtlap gözýetime garap durar eken. Ahyry «paltasy daşa degensoň», bolup biläýjek suw joşmasyndan goranmak üçin, ol suwa çümmez ýaly ýogyn pürslerden kepbe ýasanypdyr. Ýöne, ine, bir gün azyk-owkat gözleginde esli wagt egleneninden soň gelip görse, kepbesi burugsap ýanyp duranmyşyn. Bar azabynyň reýgan bolanyna ol juda gynanypdyr. «Jany ýanan Taňrysyna gargar» diýlişi ýaly, ol zeýrenç gatyşykly agy bilen gygyryp başlapdyr:

       — «Öleniň-ä öleniň, gözüňi garga çokany». Ýeri, meň näme ýazygym bardy, eý Hudaý!

       Ertesi gün ir bilen ol kenara ýetip gelýän gäminiň sesine oýanypdyr. Gämi ony halas etmäge gelen eken.

       — Meniň bu ýerdedigimi nädip bildiňiz? — diýip, halys lagar düşen adam özüniň halasgärlerinden sorapdyr.

       —Biz seniň ýakan oduň tüssesini gördük — diýip olar jogap beripdirler.

 

TERJIME EDEN: Orazmyrat MYRADOW
20
54
Arslan_Alaýew
14.06.2024 22:49
JOMARTLYK

Abul Haýbary ady bilen tanalýan bir adam, öz kowumyndan bolan birnäçe kişi bilen Hatam Taýynyň mazarynyň gapdalyndan geçip barýar eken. Ol ýoldaşlaryna ýüzlenip: «Geliň, Hatam Taýynyň guburynyň ýanynda düşläliň. Eşidişime görä, ol merhumam bolsa, şu ýerde düşlän adamy myhman alýarmyşyn» diýipdir. Olar şol ýerde düşläpdirler. Abul Haýbary Hatamyň mazaryna bakyp: «Eý, eşek atasy, myhmanlaryňy hezzetle! Eý, eşek atasy myhmanlaryňa hödür et, ahyry!» diýip, ýaňsylap, üstünden gülmäge başlapdyr. Soň olar ýatypdyrlar welin, Abul Haýbary düýş görüpdir. Düýşünde kimdir biri oňa: «Eý, Abul Haýbary, sen ne beýle zalym, sögünjeň adam ekeniň. Sen güňläp ýatan mazardan hezzet isläp, dostlaryňy hem alyp geldiň. Biz iň gowy maly saýlap, myhmanlarymyza söwüş ederis» diýýärmişin. Gorkudan ýaňa tisginip oýanan Abul Haýbary, gözüni oňat açyp seretse, düýesi däbşenekläp, janhowluna bagyryp ýatyrmyşyn. Ol uly sesi bilen: «Haý, ýetişeweriň!» diýip, ýerinden galypdyr. Düýesi bolsa aýagyny kakyp, tizden-tiz damagy çalnaýmasa, haram öljekdenmişin. Ony dessine soýupdyrlar we uzyn gijäni etli nahar iýip geçiripdirler. Daň agarandan soň, ýola düşüpdirler. Ýoldaşlarynyň ýagdaýy ýagşy hem bolsa, Abul Haýbarynyň keýpi ýok eken. Ol düýnki hereketine we agşamky wakalara haýran bolup, oýlanmalar deňzine çümüpdir. Olar şeýdip barýarkalar, birdenkä özlerine tarap gelýän ýolagçyny görüpdirler. Ol ýolagçy bularyň saklanmagyny haýyş edip, gygyryp gelýän eken. Sakga durup seretseler, ol Hatam Taýynyň ogly Adyý eken. Onuň ýanynda ýene bir iner we yzyna tirkelen maýa bar eken. Adyý bulara garap: «Öten agşam kakamdan myhman almagyny soran sizmi?» diýipdir. Bular: «Hawa» diýip, geň galyjylyk bilen jogap beripdirler. Adyý olara bakyp: «Agşam düýşüme kakam girdi. Ol maňa: «Men Abul Haýbarynyň düýesini soýup, olary hezzetledim. Şonuň deregine şu düýäni eltip ber» diýdi. Şony bermäge geldim» diýip, gapdaly bilen tirkäp getiren daýaw inerini we maýasyny Abul Haýbara gowşurypdyr hem-de yzyna dolanypdyr. Olar bu bolýan hadysalara akyl ýetirip bilmändirler. Soňra bu waka il içine ýaýrapdyr. Hatamyň ogly Adyýyň eden işini öwüp, örän köp şahyrlar goşgy ýazypdyrlar. Şolaryň birinde bolsa Hatam Taýyny ýatlap:

Ol edil dirikä edişi ýaly.

Gabrynyň ýanynda düşlänleri-de,

Myhman aldy hormat bilen hezzetläp,

Beýle zada hiç kim duşmandy entäk – diýilýär.

 

Terjime eden: RAHMET GYLYJOW,

«HALALLYK KYSSALARY» KITABYNDAN.
21
69
Arslan_Alaýew
14.06.2024 19:47
Okuwçylaryň ählisi nämedir bir zada meşgul bolsa-da, aralarynda biri hiç zada güýmenmän, gözüni bir nokada dikip oturan ekeni. Mugallym ol okuwçydan hiç zada baş galdyrman oturmagynyň sebäbini sorapdyr. «Sen näme üçin boş otyrsyň? Sapagyň ahyrynda kimde nähili zehiniň bardygyny ýüze çykararys. Ýasan ýa-da ýazan zadyň muňa tutaryk, makul jogap bolar. Henizem giç däl, başla!» diýip, mugallym onuň ýüzüne bakypdyr. «Ýoldaş mugallym, mende hiç hili zehin ýok. Men diňe tabşyrylan ýumşy ýerine ýetiräýmesem, kimdir biriniň ünsüni çeker ýaly ukyp-başarnygymyň ýokdugyna göz ýetirdim. Menden köp zada garaşmaň» diýip, müýnli ýüzüni aşak salypdyr. «Bu mümkin däl. Ýa sen zehinli, ýa-da dünýäde hiç kime meňzemeýän ýeke-täk adam» diýip, mugallym okuwçysynyň ýüzüne seredipdir. «Ýeke-täk diýýäňizmi? Nädip men ýeke-täk bolýarkam?» diýip, okuwçy geňirgenipdir. «Sebäbi dünýäde zehinsiz dogulýan çaga ýok. Her kimde nähilidir bir zada ukyp-zehin bar. Her ynsan bir daragtdyr: ýa saýasy bilen hezil berer, ýa-da miwesi bilen. Eger-de sen häzire çenli özüňi zehinsiz hasaplan bolsaňam, bu seniň gömükdigiňi däl-de, öz ukyp-başarnyklaryň hakda düýpli pikirlenmändigiňi görkezýär» diýip, mugallym okuwçysynyň başyny sypalapdyr. «Tebigaty synlaýaryn-da, bir zatlar ýazmak isleýärin. Elime galam alýaryn, ýöne sözlerimi sepläp bilmän, bu pikirimden sowaşýaryn: mende ýazmaklyga zehin ýok diýýärin. Käteler bir zatlar düzesim, ýasasym gelýär. Gerek-ýarak zatlarymy jemleýänem, ýöne başlamagyň ebeteýini tapman, ýa-da bir başlasamam, ugrugyp bilmän, ol pikirimden hem dänýärin: mende zehin bolan bolsa, ol zatlary bireýýäm bitirerdim diýýärin» diýipdir. «Düşnükli» diýip, mugallym ýylgyrypdyr we sözüni dowam edipdir – onda sen özüňde zehin ýoklugyndan zeýrenme-de, bir işe uzak dümtünip bilmeýändigiňi, sabyr-kanagatyň azdygyny boýnuňa al. Ukyp-zehin gymmatbaha göwherler ýalydyr. Göwher daşlaryny gazanmak isleseň hem ýa daglary köwlemeli, ýa-da çuň deňizleriň düýbüne çümmeli bolýar. Zehini ýüze çykarmagyň ýoly hem hut şeýle – öz üstüňde köp işlemeli. Yhlas etmeli, ýöne ýaltanmaly däl. Dyrjaşmaly, hergiz yza dönmeli däl. Arzuwlaryňa wepaly bolmaly, sähel müşgillik ýüze çyksa, ondan ýüz öwürmeli däl. Bir zada höwesiň barmy, diýmek, şol zada zehiniň hem bardyr. Sebäbi zehin seni şol işi bitirmeklige iterip durýar. Onsoňam, az bolsun – uz bolsun, her eden işiňi kämil ýerine ýetir. Ýalňyş ýolda keýik deýin çapanyňdan, dogry ýolda pyşdyl ýaly ýöräp, öňe ilerlemek has dogrusydyr» diýipdir. Mugallymyň bu sözleri okuwçysyna ýagşy ugrukdyryjy bolupdyr. Ol dessine öz halaýan işini – zehiniň höwes arkaly salgy berýän işini bitirmäge girişipdir.

 

Terjime eden: RAHMET GYLYJOW,

«HALALLYK KYSSALARY» KITABYNDAN.
22
97
Arslan_Alaýew
14.06.2024 06:44
Buhara ýakynlaryndaky Afşana obasynda (Özbegistan) miladynyñ 980-nji ýylynda eneden dogulýar. Lukmançylyk we Pelsepe ugurlary boýunça umumy 200 kitap ýazypdyr. Öz döwründe Günbataryñ, Orta Asyrlaryñ Modern ylym biliminiñ gurujysy, hekimleriñ baştutany hökmünde tanalar eken. Lukmançylyga degişli işi onuñ döwründen bäri ýedi asyr boýunça salgylanma çeşme eseri hökmünde El-Kanun fit-Tib (Tebipçiligiñ kanuny) atly kitaby bilen meşhur bolan we bu kitap Ýewropa uniwersitetlerinde XVII asyryñ ortalaryna çenli tebipçilik ylmynda ygtybarly eser hökmünde okadylypdyr. Pars ýa-da Türki alymy hasap edilýär. Milletiniñ kimligi anyklanylmadyk. Ibn Sina Kuşýar atly bir hekimiñ elinde ylym-bilim alýar. Her hili bölümler boýunça 240 sanysy biziñ günlerimize gelip ýeten 450-ä golaý makala ýazypdyr. Elimizdäki ýazgylaryñ 150 sanysy pelsepä degişli, 40 sanysy bolsa tebipçilige degişlidir. Eserleriniñ iñ meşhurlary pelsepe we fenden ybarat bolan Kitabuş-Şifa (Gowulaşma kitaby) bilen El-Kanun fit-Tibdir (Tebipçiligiñ kitaby). Bu iki eser orta asyrlardaky uniwersitetlerinde okadylypdyr. Hatda bu eser Montpellier we Louwainde hem 1650-nji ýyla çenli ders kitaby bolup hyzmat edipdir.

Samanogullarynyñ köşgüniñ kätipleriniñ biri bolan Abdylla bin Sinanyñ ogly Ibn Sina (Günbatarda, Ýewropada Awisenna (Avicenna) ady bilen tanalýar), kakasyndan, meşhur Natiliden we Ysmaýyl Zahytdan ders alypdyr. Geometriýa (aýratynam Owklidiñ geometriýasy), mantyk, fykh, sarf, nahiw, tebipçilik we doga bilimi ugurlary boýunça birnäçe işleri bar. Farabynyñ el-Ibaneniñ sebäp bolmagy bilen Aristoteliñ pelsepesini we onuñ ylmyny öwrenip, syrkawlan döwrüniñ Buhara şazadasyny sagaldyp (997 ý) köşgüñ kitaphanasyndan peýdalanýar. Kakasy öleninde Jürjanda Şirazly Ebu Muhammet ony penalady (Tebipçilik kanuny kitabyny Jürjanda ýazdy). Öz döwründe tanalan bütin grek filosoflarynyñ we Anadoly dogaçylarynyñ ýollaryny derñeşdiripdir. Abu Aly el-Huseýin ibn Abdylla ibn el-Hasan ibn Aly ibn Sina Hemedan şäherinde (Eýran) 1037-nji ýylda dünýeden ötýär.
12
66
Arslan_Alaýew
10.06.2024 00:57
ÇAGALARA BAGTLY BOLMAGY NÄHILI ÖWRETMELIDIGI HAKDA TYMSAL

Bir gezek dana goja bahar paslynyň gözelliklerinden gözüni gandyryp, ýol bilen barýarka, gabarasy juda uly bolan ýüki gerdenine alyp barýan adam bilen gabatlaşypdyr. Sandyraýan aýaklaryndan hem onuň egnindäki ýüküň hele-müçek däldigi, örän agyrdygy duýulýan eken.

— Beýle agyr ýüki göterip, özüňe jebir bermäge, ýeri seni näme mejbur etdi? — diýip, akyldar ol adamdan sorapdyr.

Agyr ýük astynda ýegşerilip barýan bende jogap beripdir:

— Men agtyklarym, çagalarym bagtly bolsunlar diýip, janyma munça jebir berýän. Garry atam hem öz ogly — meniň atam bagtly bolsun diýip, şeýle agyr zähmet çeker eken. Ömrüne hammal bolupdyr. Atam bolsa meniň kakamyň bagtly bolmagy üçin ömrüni ýükçi bolup ötüren eken. Kakam hem meniň üçin jebirli zähmet çekerdi — gerdeninde ýük daşardy, pahyr. Ine, indi menem çagalarymyň bagtly bolmagy üçin şeýle edýärin.

— Onsoň siziň neberäňizde, hakykatdanam, bagtly bolan kişi barmydyr — diýip, dana söhbetdeş gyzyklanypdyr.

— Entek-hä ýok, ýöne çagalar, agtyklar, belki, bagtly bolarlar! — diýip, ol adam umyt bilen aýdypdyr.

— Haýp, gynansagam, bisowat, körzehin kişi hiç kime okamagy — sowat öwredip bilmez, köralaka hiç haçan bürgüdi terbiýeläp ýetişdirip bilmez! — diýip, goja akyldar uludan dem alypdyr. — Ilki bilen özümiz bagtly bolmagy öwrenmeli, diňe şonda çagalarymyza bagtly bolmagy öwredip bileris. Şu-da perzentlerimize edip biljek iň gymmatly sowgadymyz bolar.

Terjime eden: Orazmyrat MYRADOW
18
93
Arslan_Alaýew
09.06.2024 22:04
MERTEBÄNIŇ TAGAMY

Öten patyşalaryň biriniň edepli we ýuwaş pili bar eken. Bir gün onuň üçin tokaýda gezip ýören, ýabany, sarç pili awlap getiripdirler. Ony terbiýelemek we adamlara öwrenişdirmek seýislere (pilbanlara) başartmandyr. Kelle döwenlerinden soňra, ýaňky ýabany pili edepli piliň ýanyna goşupdyrlar, şeýdilse, iň bolmanda şu pil bilen dagy öwrenişer we onuň häsiýetine girer öýdüpdirler. Emma piliň diýen etmezligi we wagşylygy köpelmese, kemelmändir. Onsoň edepli pil ýabany pile: «Sen agyr jenaýat etdiň we özüňi zyýan-zelele sokduň. Eger-de sen özüňe nähili ýagşylyk ediljekdigini bilsediň, beýle hereket etmezdiň» diýipdir. Ýabany pil oňa: «Maňa nähili ýagşylyk etjek bolýarlar?» diýip sorapdyr. Edepli pil: «Iýmitiň-otuň gowy bolar, içýän suwuň süýji bolar, bedeniňi we ýaşaýan ýeriňi her gün arassalap durarlar. Seni gorap, idegläp saklajak ýörite hyzmatkärleri bellärler. Ýylyň belli-belli günlerinde, agyr mähelläni üýşürerler. Seni bolsa altyn-ýüpekler bilen bezäp, öňüňden dep-sanaç kakyp, söz-şowhun edip, uly iliň ortasyndan ýörederler. Seni görüp patyşanyň we il-günüň göwni göteriler, şatlanar» diýipdir. Ýabany pil: «Men seniň bu sözleriňi synap görerin. Häzir bolsa özümiň gödek gylyklarymyň ählisini taşlaýaryn» diýipdir. Edepli pil: «Munyň makul gep. Indi seni sylarlar, tagzym ederler, bolçulykda gezersiň, hyzmat ederler» diýipdir. Şol aýdylýan dabara güni gelipdir. Ýabany piliň üstüne ýüpek düşäp, arkasyna bir tagty mäkäm berkidipdirler. Elinde ýarag bolan haýbatly söweşijileriň biri onuň üstüne münüpdir. Egni sowutly adamlaryň biri eline çeňňek alyp, piliň boýnunda oturypdyr. Piliň tumşugyna hem sowut geýdiripdirler. Sowut geýnen seýisler hem elleri bilen piliň iki gyýagyndan tutupdyrlar. Ony şeýle röwüşde uly iliň ortasyndan ýöredipdirler. Dabara tamamlanansoň ýabany pil ýatagyna dolanypdyr we edepli pile garap: «Men seniň aýdan zatlaryň hakdygyny synap gördüm. Ýöne senden käbir zatlary anyklap bilmek isleýärin. Aýtsana, meniň arkama basylan goşlar nämedi?» diýipdir. «Ol tagt we şol ýerdäki adamlar hem gurallar» diýipdir. «Tumşugymyň öňüne tutan ýapynjalary, iki gyýagymdan tutup duranlar, boýnumda oturan, olar nämäni aňladýar?!» diýipdir. Edepli pil: «Tumşugyňa ýapylan zad-a demir sowut. Çünki şeýdip söweşe çykylýar. Iki gyýagyňdan tutýanlar, seni ýola gönükdirýär. Boýnuňda oturan adam bolsa çeňňek sallap, seni söweşe sary öňe iberýär» diýipdir. Ýabany pil: «Hezzet-hormat edip, adymy taryplap, lybasymy zynatlap, ýol görkezýän adamlary öňümden ýöredip, şöhratymy dabaralandyryp, tagzym bilen bakyşlary... bu zatlaryň köpüsine meniň mätäçligim hem ýok, islegimem. Ondan gelýän haýyr şeriň, peýda hem zyýanyň ornuny dolup bilenok. Men her etmeli, hesip etmeli, bu ýerden janymy halas etmeli. Erkinligiň tagamyny datmadyk, onuň lezzetine düşünmez we elmydama özgeleriň pikirine gul bolup ýaşar. Mertligiň mertebedigine akyl ýetirmedik, garny dok bolsa-da, mertebesi pes bolup ýaşar» diýipdir. Bu gürrüňlerden soň edepli piliň gözi açylan ýaly bolupdyr we ol hem ýabany pil bilen gaçmaklygyň alajyny gözläpdir. Ahyry hem burunlaryna ýel düşen ýaly bolup, dälilige salypdyrlar. Dälirän piliň soňra haýyr bermeýändigine düşünýän pilbanlar ýaňzydypdyrlar. Şeýdip olar halas bolupdyr. Erkinlik we mertebe bolsa bendilikden üstün gelipdir.

 

Terjime eden: RAHMET GYLYJOW,

«HALALLYK KYSSALARY» KITABYNDAN.
15
74
Arslan_Alaýew
08.06.2024 01:35
BILIP GOÝSAŇYZ...

Dil dolanyşygymyzda öň bar bolup, wagtyň geçmegi bilen işjeňligini gowşadan, belki-de, ýiteňkirlän birnäçe sözler bar. Şol sözleri tapyp, ony aňladýan manysy bilen soňky nesillere ýetirmek ýaşuly nesilleriň mukaddes borjudyr. Bu babatda alym Arkadagymyz «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy»,
«Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaplarynda dilimiziň ýiteňkirlän sözlerini herekete getirip, bize nusgalyk ýol görkezdi. Bizem şu ýazgymyzda adamyň beden agzalary bilen baglanyşykly işjeňligini peselden käbir sözlere düşündiriş bermegi makul bildik.

Zenehdan – eňegiň aşagyndaky çukurjyk. Bu söz nusgawy edebiýatymyzda, dessanlarda gözellik alamaty hökmünde getirilýär.

Patallak – ýokarky dodagyň üstündäki zolak çukurjyk. «Özi bar-da, ady ýok» diýen matalyň jogaby.

Hyrç – aşaky dodak, aşaky dodagyň daş tarapy (Namysjaň oglan hyrçyny dişläp, gözüne ýaş aýlady — H.T.).

Emenjek – boýnuň etegindäki çukur ýer.

Gyz gözlär – erkek kişileriň ýeňse çukury.

Ýemik – üç ýaşyna ýetmedik çaganyň kelleçanagynyň öň tarapyndaky gatamadyk ýeri.

Imrik – iki gaşyň arasy.

Seňrik – iki gözüň arasy.

Gaňşyrawuk – seňrigiň iç tarapy.

Şaňryk – burnuň tutuş üst tarapy.

Tana – burnuň deşikleri.

Kempaý — arkanyň iki tarapdan hem el ýetmeýän ýeri.

Kümpüç — oňurganyň aşaklygyna gutarýan ýeri.

Akal — erkek kişiniň aşaky dodagynyň etegine bitýän bölejik tüý. Käbir şiwelerde oňa «sarmak» hem diýilýär.
26
86
Arslan_Alaýew
07.06.2024 21:02
KYNÇYLYKLARYŇ SEBÄBI

— Halypa, kynçylyklaryň sebäbi näme? Näme üçin ol hemişe maksadymyza ýetmäge päsgel berjek bolýar? Näme üçin ol ýolumyzdan sowjak bolup, gowşaklygymyzy boýun aldyrjak bolup çytraşýar? — diýip, şägirt sorapdyr.

Halypa şeýle jogap beripdir:

— Kynçylyk diýýän zadyň, hakykatda, seniň maksadyň bir bölegidir. Oňa garşy göreşmegiňi bes et. Ýoluňy saýlanyňda ony hem göz öňünde tut. Aýdaly, sen ýaýdan ok atýarmyşyň. Nyşana uzakda, sen ony göreňok, sebäbi Zemini säheriň dumany örtüpdir. Şeýle bolanda sen ümür bilen göreşersiňmi? Şemal ösüp, dumanyň dagaryna garaşarsyň. Onsoň nyşanany görüp bilersiň, ýöne indi güýjän şemal seniň atan okuňy gyra sowjak. Şemal bilen göreşersiňmi? Sen ok atanyňda şemaly göz öňünde tutup atarsyň. Aýdaly, ýaýyň agyr hem berk, ony çekere güýjüň ýetenok. Ýaý bilen göreşersiňmi? Ýok, sen kem-kemden ony çekmekde türgenleşip, güýç toplarsyň.

— Ýöne ýeňiljek, aňsat çekilýän ýaýdan ümürsiz, şemalsyz howada atyp ýören adamlaram-a bar. Näme üçin diňe meniň atan okum şeýle köp päsgelçiliklere gabat geläýmelimişin? Ýa Älem meniň öňe ymtylmagyma garşy bolýarmyka? — diýip, öýkeli halda şägirt ýene sorapdyr.

Halypa ýylgyrypdyr-da, şeýle diýipdir:

— Hiç haçan özgelere seretme. Ýaýyny, nyşanasyny, ok atjak wagtyny her kimiň özi saýlaýar. Käbir kişi üçin maksat — nyşana dogry urmak, başga biri üçin bu — ok atmagy öwrenmek mümkinçiligi.

Halypa pessaý ses bilen ýene şeýle diýipdir:

— Ogul, men saňa ýene bir syry açaýyn. Älemiň seniň bilen asla işi ýok. Ol hiç zada garşy hem çykanok, hiç kime kömegem edenok. Ümür seniň ok atmagyňa päsgel bermek üçin ýere inenok, şemalam seniň okuň ugruny üýtgetmek üçin ösenok. Agyr ýaýam ussa seniň gowşaklygyňy duýmagyň üçin ýasan däldir. Bularyň seniň islegiňe dahylly ýeri ýok. Şu şertler bolanlygynda, nyşana dogry urardym diýen netijä gelýän seniň özüň. Şonuň üçin ýa-ha kynçylyklar zerarly zeýrenmegiňi bes et-de, ok atmaga başla, ýa-da men-menligiňi nogtalap, özüňe has ýeňil maksat — golaý nyşana saýla...

 

Terjime eden: Orazmyrat MYRADOW
23
64
Arslan_Alaýew
07.06.2024 18:00
NOKAT WE OTUR HAKYNDA (TYMSAL)

Bir ylymly adam owadan hat ýazýan şägirdine kitaby göçürmegi tabşyrypdyr:

– Kitap göçürmegem sungatdyr. Seniň owadan hatyň kitabyň manysyna don geýdirer – diýipdir.

Şägirt bir gün kitaby göçürip bolandygyny aýdypdyr.

Halypa:

– Sen ony bir laý täzeden barladyňmy?-diýipdir.

Şägir göçüren kitabynyň dürslügini barlamandygyny aýdypdyr.

Halypa kitaby dogry göçürenini barlamagyd tabşyrypdyr.

Şägirt ýene bir gün kitaby barlandygyny aýdypdyr. Halypa:

– Nokatlaryny we oturlaryny ýerli-ýerine goýduňmy?-diýip sorapdyr.

Şägirt:

– Men şoňa üns bermändirin - diýipdir.

Halypa:

– Eý, oglum, nokatlary, oturlary ýerli-ýerinde goý. Olar manynyň öwüşgini, kitabyň nurudyr – diýipdir.
22
90
Arslan_Alaýew
07.06.2024 05:47
NÄDIP ÜÇ ÝÜZ ÝYL ÝAŞAMALY? (tymsal)

Bir sapar laçyn gargadan:

— Eý, dana garga! Sen üç ýüz ýyl dagy ýaşaýarsyň. Sen meniň atamy, atamyň atasyny hem bilýärsiň. Eýsem, şeýle uzak ýaşamagyň syry nämede? — diýip sorady.

— Senem edil meniň ýaly ýaşa! Meniň bilen bile tirkeş! Şonda seniň ömrüň hem has uzak bolar.

Şeýdip, laçyn garga bilen dost bolup, edil onuň ýaly ýaşap başlady. Olar uly agajyň şahasynda arkaýyn oturdylar we durmuş hakda söhbet etdiler.

Wagt günortan bolanda, olar ajykdylar hem-de howlukman lukmanyň gözlegine çykdylar. Tizden garga ýerde ýatan ýabynyň maslygyny gördi-de, begenip, asmandan aşak indi. Laçyn hem onuň yzyna eýerdi. Ol mundan ozal hiç haçan maslyk iýip görmändi. Garga bolsa açgözlük bilen maslyga agyz urdy. Laçyn maslygy bir çokdy-da, saklandy. Soňra ýene bir gezek çokdy. Oýlandy. Üçünji gezek çokdy-da:

— Ýok, garga! Sen bilýäňmi, maslyk iýip, üç ýüz ýyl ýaşandan, bir gezek täzeje etden doýanyň has gowudyr — diýip uçup gitdi.
19
93