Buhara ýakynlaryndaky Afşana obasynda (Özbegistan) miladynyñ 980-nji ýylynda eneden dogulýar. Lukmançylyk we Pelsepe ugurlary boýunça umumy 200 kitap ýazypdyr. Öz döwründe Günbataryñ, Orta Asyrlaryñ Modern ylym biliminiñ gurujysy, hekimleriñ baştutany hökmünde tanalar eken. Lukmançylyga degişli işi onuñ döwründen bäri ýedi asyr boýunça salgylanma çeşme eseri hökmünde El-Kanun fit-Tib (Tebipçiligiñ kanuny) atly kitaby bilen meşhur bolan we bu kitap Ýewropa uniwersitetlerinde XVII asyryñ ortalaryna çenli tebipçilik ylmynda ygtybarly eser hökmünde okadylypdyr. Pars ýa-da Türki alymy hasap edilýär. Milletiniñ kimligi anyklanylmadyk. Ibn Sina Kuşýar atly bir hekimiñ elinde ylym-bilim alýar. Her hili bölümler boýunça 240 sanysy biziñ günlerimize gelip ýeten 450-ä golaý makala ýazypdyr. Elimizdäki ýazgylaryñ 150 sanysy pelsepä degişli, 40 sanysy bolsa tebipçilige degişlidir. Eserleriniñ iñ meşhurlary pelsepe we fenden ybarat bolan Kitabuş-Şifa (Gowulaşma kitaby) bilen El-Kanun fit-Tibdir (Tebipçiligiñ kitaby). Bu iki eser orta asyrlardaky uniwersitetlerinde okadylypdyr. Hatda bu eser Montpellier we Louwainde hem 1650-nji ýyla çenli ders kitaby bolup hyzmat edipdir.
Samanogullarynyñ köşgüniñ kätipleriniñ biri bolan Abdylla bin Sinanyñ ogly Ibn Sina (Günbatarda, Ýewropada Awisenna (Avicenna) ady bilen tanalýar), kakasyndan, meşhur Natiliden we Ysmaýyl Zahytdan ders alypdyr. Geometriýa (aýratynam Owklidiñ geometriýasy), mantyk, fykh, sarf, nahiw, tebipçilik we doga bilimi ugurlary boýunça birnäçe işleri bar. Farabynyñ el-Ibaneniñ sebäp bolmagy bilen Aristoteliñ pelsepesini we onuñ ylmyny öwrenip, syrkawlan döwrüniñ Buhara şazadasyny sagaldyp (997 ý) köşgüñ kitaphanasyndan peýdalanýar. Kakasy öleninde Jürjanda Şirazly Ebu Muhammet ony penalady (Tebipçilik kanuny kitabyny Jürjanda ýazdy). Öz döwründe tanalan bütin grek filosoflarynyñ we Anadoly dogaçylarynyñ ýollaryny derñeşdiripdir. Abu Aly el-Huseýin ibn Abdylla ibn el-Hasan ibn Aly ibn Sina Hemedan şäherinde (Eýran) 1037-nji ýylda dünýeden ötýär.