Arslan_Alaýew
17.06.2024 17:40
Gurbanlykda 2)
Hekaýa)

Gurbannazar kakasy gelýänçä, etler bölüp, gowurmaga taýarlady, aradan kän wagt geçmän Kakasy bilen ejesi zyýaratdan geldiler, agşam ara uly hiňillikde owanyň ortasyndan guran ýaşlar, daşyna jemlendiler, Gurbannazar Mahym atly gyza söz aýdyp ýördü, ol bolsa Gurbannazarda kân göwni ýokdy, Gurbanjemal iki gyz doganyny alyp gyzlar bilen olam hiňillige bardylar, Mahym gyzlaryň arasynda duran ýerinde, Gurbannazara ýamanlyk edip degmäge başlady, Gurbannazar nâme üçün hemmâňiziň adyňyz Gurban bilen başlanýar, gyzy yok ogly ýok baryň bir at ýaly diýip güldü, Gurbannazar " seredip ýylgyryp Gurbanlykda diňe biz gürlär ýalyda diýdi, Mahym bir zat sorajak, diýdi, Gurbannazar sora diýdi, Mahym" indi aljak gelniňizem Gurban goşantly bolmalymy ýa başgarak at bolsada kabul edilýärmi, diýdi gyzlaryň bary güldü, Gurbannazar " hä oçurda duraýsam diýäňmi diýdi, oňada güldüler, Mahym ýokla, Gurbansoltan kylasdaşymy aýlap berâýjekdim diýdi, Gurbannazaryň gahary geldimi nätdimi, ýalandan güldüde tapawudy ýok, ady Mahym bolmasa boldy diýip aňyry öwrülüp gitdi, Mahym " birhili bolanyny bildirmejek bolup, ola asyl bolmaz diýen bolup galdy, Gurbanmyrat bolsa, gyzlary hiňňillikde bat aldyryp uçurup durdy, onýança Ogulsuraý gelip agasy Täçbege ağa, meni Gurbanmyrat goňşyň özü ucursyn gorkýan diýen boldy, Täçbeg bolýa diýip, Gurbanmyradyň ýanyna gitdi, baryp salamlaşyp goňşy jigimäm uçuraýda, özü uçup bilenok diýdi, Gurbanmyrat" hany diýip seretdi, görse ýanynda bir gyz bilen taýar bolup dur, ýeňi juda gysgadan gelen köýnek geýipdir, saçlary bilinden boğulan ýaşajyk gyzyň ýüzü juda görmegeýje, gözleri ýanyp Gurbanmyrada seredýärdi, Gurbanmyrat bolýa çagyraý diýdi, Gyzlar iki bolup hiňňilige mündüler, bir ýanyna owaň oglanlarynyň biri mündü, Ogulsuraý tarapa bolsa, Gurbanmyrat bir aýagyny sallap bat alyp münip gitdi, yşyklaryň ýagtylygyna, Ogulsuraýyň ýüzü görünýärdi, Gurbanmyrat oňa seretmediksirâp bat alyp dur, Ogulsuraý bilgeşleýin Gurbanmyradyň aýagyny basdy, Gurbanmyrat bilmedik bolsada, gapdala seredip oglanlara gürläp degişen bolýardy, Ogulsuraýam her gezek bat alanda bir elini goýberip waý diýen bolup Gurbanmyratdan ýapyşýardy, Gurbanmyrat gorkma gorkma diýen bolýardy, Ogulsuraý ony juda halaýardy, onuň gara saçlary şemala ykjap oglanyň ýüzüne gelşik berýärdi, Gurbanmyrat bat almasyny goýup düşmek üçin badyny gowşadanda, çalaja eňilip Ogulsuraýa golaýlap, uzyn ýeňli köýnegiň ýokmydy diýip yza çekilip olary düşürmek üçin bir aýagyny ýere diýredi. Ogulsuraý bu söze garaşmandy, ol şeýle bir beğendi, weli ýüzünde bir zatlar, ýalpyldaýan ýaly ýylgyrýardy, olar düşdüler, Gurbanmyrat " hany kim ýene diýdi, Gurbannazar ağa menem uçaýyn diýip owaň oglanlaryndan birini saýlap, ýanyna bardy, Gurbanmyrat İnisiniň Mahym gyzy halaýanyny bilýärdi, bilmedik bolup, hany iki sany gyzam goşaly araňyza hany Jennet Mahym geliň diýip gygyrdy, Jennet beğenip ylgap gaýtdy, Mahym bir az haýal ýöredi, gyzlar ilki mündüler, Gurbannazar Jennet taraba mündü, Mahymyň öňküden beter ugry gaçdy, olar münensoň Gurbanmyrat güýçli elleri bilen olary bat aldyryp goýberdi, olar uçup durka Mahym ýamanlyk edip, Jennet parnişgaň gaçyp galanokmy diýen boldy, Jennet ýok häzir biz sizi gaçyrýas diýdi. Mahym göreris ony diýip bat alyp başlady. Gurbanmyrat gyrada oglanlaryň arasynda dursada indi iki gözü, Ogulsuraýdady , Ogulsuraý hem ony nazaryndan düşürenokdy.

Dowamy bar.
20
102
Arslan_Alaýew
17.06.2024 08:32
Gurbanlykda.
Hekaýa

Hudaýguly agalarda-da bu ýyl gurbanlyk başlandy, Hemme ýerde bolşy ýaly, gurbanlyk jallyny getirip, ony öldürüp durdylar, onuň iki ogly, 3 gyzy bardy, Hudaýguly ağa, intâk oglanlarynada, gyzlarynada, toý edenokdy, onuň ulysy oguldy, ol 27 ýaşyndady, onuň ady, Gurbanmyratdy, ikinjisi gyzdy, ol 25 ýaşyndady onuň ady Gurbanjemaldy, üçinjisi oglandy, onuň ady, Gurbannazardy, ol 22 ýaşyndady, dördünjisi Gurbangül, 18 ýaşynda Bäşinjisi ýagny körpesi bolsa, Gurbanbibidi, ol 16 ýaşyndady. Aýalynyň adyna bolsa, Gülümjan diýâdiler, ol yrymçyl aýaldy, Hemme çagasy hem Gurban aýynda dogulan bolmasada bir birlerinden aýra düşâýmesinler, diýip yrym edip, atlarynyň öňüne Gurban ady goşupdy .Hudaýguly aga bolsa, at bilen işi ýok, esasy olar sağ bolsa bolýar diýýârdi, Gülümjan daýza bolsa şol hem atlara bagly diýârdi, Gurbanmyrat, trakdyrçydy, ol iri süňklek, kakasy ýaly, Hemme zada galyňyramaýan oglandy, Gurbannazar bolsa, uzyn boýly, hordan gelen ýaňakly, juda köp gürlâp ýörmesede, degişgen oglandy, Gurbanjemal bolsa öz adyny halanokdy, haçan görseň ady tutulanda, bolýala Arazjemal diýen atdana gowy diýip, özüne göwünlik berýärdi. Gurbanmyrat ullakan, erkeçi aýagyndan asyp, böleklâp, durka goňşy gyzy, Ogulsuraý aňyrdan geldi, eti garagullap ýatan it eti gysganyp, Ogulsuraýa topuldy, Ogulsuraý gygyryp yza gaçdy, Gurbanmyrat iti kowdy, Ogulsuraý bir zaman demini dürsâp, soň ejem Gurban biziňem goýnumuzy öldürüp bermezmika diýdi, kakam bilen ağam zyýarata gidipdiler diýdi, Gurbanmyrat bolýa hâzir barýan diýip maňlaýynyň derini süpürüp, ýene işi bilen boluberdi, Ogulsuraý İntak 16 ýaşynda bolsada, Gurbanmyratda göwni bardy, Gurbanmyradam, onuň bolşundan gürleýşinden özünde göwni barlygyny aňýardy, emma bilgeşleýin oňa gürlânokdy, Gurbanmyrat yzyna seredip, ýuwaşjadan näz edip ýörâp barýan, Ogulsuraýa, göz astyndan seredip, gözlerini güldürdü, onýança Gurbannazar ullakan et salmak üçin leğen getirdi, hemem arma ağa nätdiň diýdi, Gurbanmyrat boldy legeniňi bärrâk it diýip, leğene salmak üçin gollaryny bölüp başlady, ýene ol ýere Gurbanjemal baryp, bagryny öýkenini jama salyp goýanlaryny alyp gaýtjak bolanda, Gurbannazar atdaş munam alyp sal diýip, ýüregini görkezdi, Gurbannazaryň atdaş diýenine Gurbanjemalyň gahary gelip, ýumsana agzyňy, diýip elindâkini kakyp alyp gitdi. Gurbannazar ýuwaşyrak atdaş ýuwaşyrak diýip güldü, Gurbanmyrat goý bulary alyp içeri gir men goňşylaryň goýnununy öldürüp berip gelýän, bölüber, kakamam, geler bir sagada diýip, uly pyçagyny alyp Ogulsuraýlara, gitdi,

Dowamy bar
25
98
Arslan_Alaýew
17.06.2024 02:48
Bolan waka

Men ýaşym ýigirmi üç dedi men okuw okamagy arzuw edýärdim, maňa daýzamyň oğlundan sawçy geldi men ejeme oňa barasym gelenok diýip aýtdym özüme gaty göwnim ýetýädi ol oğlan hem mende göwni ýokdy diňe ejesiniň halamagynda gelen sawçydy. Öýdäkiler meniň diýenim bilen boldular men okuwa girdim talyp boldum talyplyk döwrüm şeýlebir govy geçýädi öz özümden göwnim hoşdy günlerde bir gün maňa hemmäniň arzuwlaýan oglanyndan habar geldi ol maňa gürleşeli diýip joram Aýperiden aýdyp goýberipdir, men ilki diýseň beğendim soň oýlandym gözellik bäsleşige gatnaşýan gyzlara söz aýtman nâme üçün maňa aýtdy diýen pikir meni oýlandyrdy Hemme ony bir meşhur aýdymça meňzetýärdi ol Hakykatdan hem şoňa meňzeýärdi men oňa ýok diýen jogaby berdim, gyzlar nâme üçün ýok diýdiň diýip soraga tutýadylar men bolsa aý men oňa mynasyp dâl diýen bolup gyzlary gülüşdürýârdim, ol oğlan meni yzarlaýardy kâ maşynly kä pyýady yzymdan barjak ýerime çenli garagördümden giderdi, aradan üç aý geçdi biz kanikula çykdyk kanikulam hä diýmân gutardy men şol oglany görmage howlykýadym ony gaty ýeňil hemmâ gürläp ýören görenim üçün razy bolmaýadym, aldanaryn öýtýädim okuwa baramsoň ilkinji günlerden ol maňa ünüs bermän gezdi men gelýân bolsam görmedik bolup durardy, soň men ýok diýenime ökünip başladym maňa diňe şol gerekdi aradan bir aý geçdi komnatdaşym bilen bir dükana girip çykaly diýip sowuldyk, ol ýerde bir goňşy gyzym işe başlapdyr ol sadady şol ýerde durandada könegini ütüklemändi, men ilki görmedik boldum sebäbi ony tanaýanymy ýanymdaky gyz bilenini islemedim ol gelip meň adymy tutdy men ony ýaňy gören ýaly salamlaşdym ol görgüliň gara çyny senäm görmek bar eken diýip gülüp dur, şol bolşunada okuwmy soran bolýady men çalt gideli diýip jorama ümledim biz çykyp gelýâkâk joram menden ol owadanja gyz nämäň diýdi men aý bir owamyzyň kirlisi diýdim joram birhili bolup gitdi ola gowa meňzeýä näme üçün beýdiýäň diýdi menem öz aýdanyma soň birhili bolup gitdim. Aradan günler geçýärdi Mart baýramy ýetip geldi joram bilen gül dükana bardyk ol ýerde şol meň arzuwlaýanym Gül bogdurup duran eken men ol güller kimekâ diýip joram bilen ony yzarladyk. Soň ol tort satylýan dükana bardy.

Ol ýerden tort aldy ol torduň üstünde 8-nji Martyň bilen .....jan diýip meň adym ýazyglydy Men gaty erwet ýüregim çalt urup gitdi. Joram gülüp indi bildiňmi ýör gideli diýdi, men beğenip tolgunyp çykyp gaýtdym baýram günü geldi ol günü maňa näme üçindir sowgat gelmedi men gijesi bilen garaşdym ol sowgat gelmedi hatda SMS ýazybam gutlamady. Aradan on gün geçdi süýji köke satylýan dükana joram bilen almağa bardyk ol ýerde bolsa owadaşym bardy. Men öňkü aýdan gepime çekinip oň bilen govy gürleşdim ol öňküsü ýalydy ýylgyryp alçakdy. Onýança ol oğlan girdi men oňa seretdim ol maňa bir seretdide Aňňyrrak geçip durdy menem hiç zat diýmedim owadaşyma seredip gepimi dowam etdirjek bolamda owadaşym şol oğlana seredip mâhirli gülüp dur men geň görüp ol oğlana seretdim olam bir zat diýip ümledide çykyp gitdi.
Men ahyry düşündüm owadaşym meň bilen atdaşdy ýüregüm agyrdy dükandan çykdym howa ýetenokdy joram bir zatlar soraýa hiç jogap berip bilmedim. Bolýan ýerime gaýtdym men düşündüm hiç wagt adamy pes görmeli däldigne bul meniň gözüme görkezilen bir Hakykatdy eý Allajan bagyşla meni, men menmenlik etdim diýip Hemme zada düşündüm men olara bagta diledim diýip bilmen ýöne betbagt bolsunam diýmerin men olary unutdum häzir men mugallym bolup işleýän.
Olar toý etdiler men bolsa şinnilerem şol oğlan ýalysyna duşamok ýok men darygamok. Men garaşaryn elwetde ýazgydym çykar ýöne okuýjylara berjek maslahatym hiç wagt görküňe eşigiňe buýsanyp ýanyňdakylary pes görmäliň bagt nirä barjagy belli dal egniňizdâkilerdenem çekinmäň esasy gözellik ýürekde bolýar eken. Mâhriban okuýjylar bu muşdagymyz at tutulmazlygy haýyş etdi. Ünüsli okanyňyz üçün minnetdar.

Ýazan jumayewa ogulgurban.
26
157
Arslan_Alaýew
16.06.2024 23:55
«Iň gowy sözlermi aýdasym gelýär...»

***
Iň gowy sözlermi aýdasym gelýär,
Kakyşdyryp ýüregimiň kirşenin.
Kim bu düýşlerimden bir seni çilýän?!
Duýgulam akyp dur — ergini şemiň.

Tümden tüm bolupdyr ähli gözlegim,
It gary mysaly eredi sözler.
Öz-özümi oýarmaga dözmedim,
Birmahal saralyp solupdyr düzler.

Iman diýip ýapyşanym: «Ýol bolsun!»
diýip, gitdi ýüregimi pürreläp.
Ähli gorkularmy söýgä çalyşdym,
Hem özüme gün bermedim gižželäp:

«Eleşan halyňa kim söýer seni,
Arala çalymdaş oý-pikriň bilen».
Çepe çaldym porsap duran melhemi,
Derman bolsa maslyklaram bizelel.

Tagaşyksyz harplar yşkym berkitdi,
Düşünmän agladym, a:rman elendim.
Akmak boldum, akyllylar kemsitdi,
Dürdäne däldigme şonda begendim.

Iň gowy sözlermi aýdasym geldi,
Dahanymyň zeý ysyndan eýmendim.
Pagta süýjülerne dilimi ezdim,
Barybir ýanyňa barman eglendim.

Gazygynda garratdylar höwesim,
Müşgili köpeltdi müşgilgär döwler.
Kemis duýgularma çolaşyp galdym,
Iň gowy sözlermi aýdardym öňler.

© Maksatmyrat ÇARYÝEW
17
98
Arslan_Alaýew
16.06.2024 19:46
Bir çopan bolypdyr çolde goyyn bakyar ekeni. Ol bir gun bir beyik depaniñ ustune çykyp Allaha arzyn ardyp nalapdyr
- ay Alla meni nameuçin beyle garyp edip yaratdyñ ustunede gunum ucun colde adam gara goremok goyyn bn itden basga diyip nalapdyr.
Allahdan jogap gelenmush
- adamzat saña goni 40 gun wagt berjek. Śahere git 40gunin içinde sayla Kimiñ guni gowy bolsa śony maña ayt sañada śeyle guni berjek diyipdir
Çopan begenip śahere gelipdir
Iñ bay adamy synlapdyr gorse bu bay adam pulyn goraglap gije arkayyn yatyp bilenok diyyar çopan wayey bular yaly gundena oz gunum gowy eken in bolmanda arkayyna yatyan diyipdir
Soñ isgarleri mugallym lukman ay garash jemgiyet adamlaryñ barynyñ gununi yekanme yeke barlap gorse hiçisiniñem guni òz gununden gowy dal diyyar
Ahyr saylap bilman 40 gun hem geçyar
Çopan śol depa baryar
Alla soraya
- yeri çopan saylap bildiñmi kimiñ guni indi saña gerek ayt śo guni saña berjek diyipdir
Çopan
- Allajan towa etdim meni śu óz gunumde goy Allajana śukur šeyle gunum bolanyna
Diyip jogap beripdir.
22
93
Arslan_Alaýew
16.06.2024 08:15
GURBAN BAÝRAMY BILEN BAGLY YRYMLAR

Gurban baýramynda hiňňildik uçsaň, günäleriň dökülermiş.

* * *

Her ýyl Gurban aýynda saçy gömmeklik sogap hasaplanylypdyr.

* * *

Hamyla gelin agzy bimaza döwründe dil iýse, çagasy dilewar bolarmyş. Dili peltek, sakaw çaga gurbanlyk üçin soýlan ýedi malyň dilini, ýedi öýden diläp alyp iýdirmelimiş.

* * *

Çile düşüp, wagtynda ýöräp bilmedik çaganyň aýaklaryna gurbanlykda öldürilen malyň içegesini orap kesmelimiş.

* * *

Gurbanlyk üçin öldürilen çebşiň eti derman hasaplanarmyş. «Gurbanlyk, gurbanlyk, birje çebşim dermanlyk» diýlip, sanawaç sanalypdyr.

* * *

Gurbanlyk üçin öldürilen malyň damak ganyny, yrym edip, maňlaýyňa çalmalymyş.
13
104
Arslan_Alaýew
16.06.2024 03:21
Dograma

Dograma türkmeniň milli tagamlarynyň biri. Dograma taýýarlamak üçin tamdyra petir çörek ýapmaly. Goýun soýup, etini gazana atyp, gerek mukdardaky suwy guýup gaýnatmaly. Gaýnandan soň, pomidor atyp azajyk gyzartmaly. Et akyp bişmeli. Oňa çenli üýşüp, petir çöregi dogramaly. Çöregine görä soganyny hem maýdajyk dogramaly. Aka bişen eti çykaryp, çöregiň üstünde maýdajyk edip dogramaly. Et, çörek, sogan dogralandan soň hemmesini gowy edip garmaly. Dograma gurak bolsa, azajyk çorbasyndan alyp sepeläp, ýene-de gowy edip garmaly. Garylansoň bir-iki sagat basyryp goýsaň, etiň, soganyň ysy çörege siňip, üýtgeşik tagam emele gelýär. Taýýar bolan dogramany saçagyň bir ujuny açyp, şakäselere, tabaklara salyp, üstüne gaýnap duran çorbadan guýup, saçaga äberibermeli. Dograma gurplandyryjy tagamlaryň biri. Dogramany çaýyň ýany bilen gury iýseň hem bolýar.

Rowaýat edişlerine görä, bir batyl adam märekä baranda toý dogramasyndan guýup beripdirler. Ol nahary iýip otyrka, naharyň hemme zadynyň ýerbe-ýerdigini aňyp, maňa şeýle guýup berýän bolsalar, özlerine nähili guýunýarkalar diýip, pikir edipdir. Dograma hemme kişä deň-derman düşýär. Dograma sogan garylýar. Ol adamy dümewden we sowuklamadan goramakda peýdaly hasaplanylýar. Dogramany çorba bilen ezip, burç atyp iýseň, hem tagamly hem peýdaly.
14
55
Arslan_Alaýew
15.06.2024 21:26
DOSTLARYŇYZY TAŞLAMAŇ!

Uzak, çarkandakly hem iriziji ýol bilen ýany itli bir adam barýarmyşyn. Şol gidip barşyna ol gaty ýadapdyr, item ýadapdyr. Birden öňünde bir çarbag görnüpdir. kaşaň derwezeli haýat,  haýatyň aňyrsyndan sazyň owazy eşidilip, gülleriň ysy burk urup durmuşyn, çeşmäniň şildireýän sesi hem saza goşulyp, hoş owazy emele getirýärmişin. Umuman , tüýs dynç alybermeli ýermişin.

Bu näme? – diýip, ýolagçy derwezebandan sorapdyr

— Bu behiştdir, sen öldüň, indi bu ýere girip, dynç alyp, göwün solpyňdan çykyp bilersiň.

— Ol ýerde suw barmy?

— Näçe diýseň: arassa çüwdürimler, sowujak howuzlar...

— Garbanar ýaly bir zat bererlermi?

— Islän zadyňy bererler.

— Ýanymda itimem-ä bar meň...

— Bagyşlaň, ýöne itli girmek bolýan däldir. Ony şu ýerde goýup gitmeli bolarsyňyz.

Şondan soň ýolagçy çarbagyň deňinden ötüp, ýoly bilen boluberipdir. Biraz wagtdan soň ýol ony ýene bir çarbagyň üstünden eltipdir. Onuňam derwezesiniň agzynda derwezeban oturan eken.

— Içer ýaly suw tapylmazmyka? — diýip ýolagçy sorapdyr.

— Giriber, howluda guýy bardyr.

— Itimeme-de suw beräýjekdim?

— Guýynyň ýanynda gap bardyr.

— Garbanyp bolarmy?

— Agşam nahar taýýar bolar.

— It näme?

— Süňk-saňk tapylar-la.

— Ýogsa-da, bu ýeri nire?

— Behişt bu.

— O nähili? Ol ýerde bir derwezebanam maňa behişt diýdi ahyry saklap duran bagyny.

— Ol hemme kişä ýalan sözleýär. Dowzahdyr ol.

— Beýle zada siz nädip çydam edip oturyp bilýärsiňiz?

— Gaýtam onuň bize peýdasy köp. Behişte diňe dostuny taşlamaýan kişiler gelip ýetýär.       

 

Terjime eden: Orazmyrat MYRADOW
13
54
Arslan_Alaýew
15.06.2024 11:54
BAGTLY BOLMAK ÜÇIN BÄŞ SANY SADAJA KADA

Bir gezek daýhanyň eşegi guýa gaçypdyr. Eşek aňňyryp, hynçgyryp, ala-goh turuzyp, kömege çagyrypdyr. Daýhan ylgap gelipdir-de, elini maňlaýyna urupdyr: «Be-e, muny nädip çykaryp bolarka?»

      Şonda eşegiň eýesi şeýle pikir edipdir: «Eşek garry. Indi uzak ýaşasam ýok. Men şeýle-de başga eşek edinmeli diýip ýördüm. Guýam çeşmesi kör bolan ýaly idili suw ýok. Öňdenem ony gömüp, başga ýerden täze guýy gazmagyň pikirini edip ýördüm. Munuň üçin şundan amatly wagt bolmasa gerek. Porsap ýatmaz ýaly, eşegem gömüp dynaryn».

      Ol guýyny gömmek üçin goňşy-golamlary kömege çagyrypdyr. Hemme kişi ýerli-ýerden pilini dolduryp, guýa gum oklap başlapdyr. Eşek nämäň-nämedigini derrew akylyna aýlap, aňňyrmaga başlapdyr. Birdenem sesini kesipdir. Hemme kişi muňa geň galypdyr. Ýene üç-dört pil gum oklansoň, daýhan guýynyň erňegine baryp, aşak seredip görüpdir.

      Ol özüniň gözlerine ynanmandyr. Üstüne düşýän gumy silkip aýryp, eşek barha ýokary galyp barýarmyşyn. Basym eşek guýynyň agzyndan görnüp başlapdyr, derrewem böküp guýydan çykypdyr.

      ...Durmuşda siziňem üstüňize her hili hapa-hupa zatlaryň oklanmagy mümkindir. Üstüňe her gezek bir pil gum düşende, ony silkinip aýyr-da, üstüne çyk, sen diňe şeýdip guýudan çykyp bilersiň.

       Ir döwürde bir goja agtygyna durmuş hakykatyny düşündirýärmişin.

       — Her bir adamyň içinde, iki sany aç möjegiň biri-biri bilen garpyşyşy ýaly, göreş gidýändir. Möjekleriň biri ýamanlyk — göriplik, gabanjaňlyk, men-menlik, ýalançylyk, gopbamlyk... Ikinji möjek bolsa ýagşylyk — umyt, hakykat, ynam, söýgi, wepa, parahatlyk...

       Ýüze çykýan meseleleriň her biri — seniň çeşmeden suwa basman geçmegiň üçin niýetlenilen daşdyr. Eger säginmeseň, ruhdan düşüp, boýun sunmasaň, iň bir çuň guýudan hem çykmak mümkindir.

       Silkin-de, ýokary galyber. Bagtly bolmak üçin bäş sany sadaja kadany ýatda sakla:

       1. Ýüregiňi ýigrençden azat et — bagyşla.

       2. Ýüregiňi tolgunmalardan azat et — olaryň aglabasy amala aşýan däldir.

       3. Sada durmuşy ýöret hem-de bar zadyň gadyryny bil.

       4. Köp zat ber.

       5. Az zada garaş.

 

TERJIME EDEN:ORAZMYRAT MYRADOW
16
80
Arslan_Alaýew
15.06.2024 05:39
GARYPLYK HEM BAÝLYK HAKYNDA

Bir gezek Garyplyk bilen Baýlyk kimiň has owadanlygy hakynda öz aralarynda jedel edipdirler. Bu meseläni uzak wagtlap çözüp bilmänsoňlar, ilkinji duşan adamdan sorap görmeli diýen netijä gelipdirler. «Ilkinji duşan adam biziň jedelimizi nähili çözse, şonuň diýeni bolar» diýip, olar ýola düşüpdirler.

       Öňlerinden bir orta ýaşan adam çykypdyr. Ol Garyplyk bilen Baýlygyň hersi bir tarapyndan towsup çykanyny görüp, aňk-taňk bolupdyr.

       — Biziň dawamyzy diňe sen çözüp bilersiň, aýt hany, biziň haýsymyz owadan! — diýip, olaryň hersi bir tarapdan alarladyp barýarmyşyn.

       — Içigar galmyş, bu nähili boldy-aýt! — diýip, ol adam içini gürledipdir — Garyplyga owadan diýsem-ä, Baýlyk öýkeläp, meni taşlap gider, Baýlyga owadan diýsemem, Garyplygyň gaharlanyp, üstüme topulaýmagam mümkin. Nätsemkäm?

       Ýolagçy biraz pikirlenipdir-de, şeýle diýipdir:

       — Ikiňizem beýdip üstüme abanyp dursaňyz, men muňa bir bada jogap berip bilmerin. Siz ilki bir eýläk-beýläk gezmeläň hany, men sizi synlaýyn...

       Onsoň Garyplyk bilen Baýlyk ýoluň boýunda eýläk-beýläk gezim edip başlapdyrlar. Her haýsy gowy görünjek bolýarmyşyn.

       — Ýeri? — diýip, ahyry olaryň ikisem birden seslenipdirler. — Haýsymyz owadan?

       Adam ýylgyrypdyr-da, olara şeýle jogap beripdir:

       — Garyplyk, sen ýeňsäňden seretseň — gidip barýarkaň juda owadan, aýdyp-diýer ýaly däl. Sen bolsa, Baýlyk, ýüzüňi bärik öwren çagyňda — gelýärkäň örän owadan, juda gözel!

 

Terjime eden:Orazmyrat MYRADOW
19
56