GURBAN BAÝRAMY BILEN BAGLY YRYMLAR
Gurban baýramynda hiňňildik uçsaň, günäleriň dökülermiş.
* * *
Her ýyl Gurban aýynda saçy gömmeklik sogap hasaplanylypdyr.
* * *
Hamyla gelin agzy bimaza döwründe dil iýse, çagasy dilewar bolarmyş. Dili peltek, sakaw çaga gurbanlyk üçin soýlan ýedi malyň dilini, ýedi öýden diläp alyp iýdirmelimiş.
* * *
Çile düşüp, wagtynda ýöräp bilmedik çaganyň aýaklaryna gurbanlykda öldürilen malyň içegesini orap kesmelimiş.
* * *
Gurbanlyk üçin öldürilen çebşiň eti derman hasaplanarmyş. «Gurbanlyk, gurbanlyk, birje çebşim dermanlyk» diýlip, sanawaç sanalypdyr.
* * *
Gurbanlyk üçin öldürilen malyň damak ganyny, yrym edip, maňlaýyňa çalmalymyş.