Gurbanlykda 3)
Hekaýa)
Gurbannazar, hiňňilikden düşdüde , Jenneti düşürüp oglanlaryň ýanyna tarap gitdi, Mahym onuň öýkeläp ýörenini bilýärdi, ol gyzlaryň ýanyna bardy. Ertesi günü gurbanlyk aýlandylar, oğlanlar bir topar gyzlar bir topar bolup aýlanyp ýörkâler, Gurbannazar bir oğlan bilen gyzlaryň toparyna garaşyp durdy, Mahym gyzlara gürlesede ünüsi Gurbannazardady , Gurbannazar salam gyzlar diýdi, gyzlar salamyny aldy, Gurbannazar " Mahym birje minut aýak çekäýdâ diýdi, Mahym yzyna öwrülüp, näme diýip onuň aýtjak gepini diňlemäge taýyn boldy, Gurbannazar gyzlara seretdi Mahym gyzlara seredip, baryberiň barýan häzir diýdi, Gurbannazar ýanyna baryp, Mahym mende hiçhili göwniň ýokmy diýdi, Mahym buýra saçlaryny oýnap duran ýerinde, bilemok diýdi, Gurbannazar şumat aýt , meň bilesim gelýär diýdi, Mahym oýuna salyp, ýok göwnim diýsem näme ederdiň diýdi, Gurbannazar, dogurdanam şeýlemi nâ diýdi, Mahym hawa ýok sende göwnim diýip yzyna seredip, gülüp gidip galdy, ýanyndaky dosdy, men düşünmedimle, göwnim ýok diýmesi nä, gülmesi nä, diýdi, Gurbannazar," üstümden gülýändirdâ ýok diýdâ diýip dosduna seretdi, ol oğlan, ýok diýsede güldâ , diýdi, Gurbannazar gülse gülübersin diýdi, ol oğlan yene" ýok nâme üçün güldü onda diýdi, Gurbannazar" gülýän gyz görmediňmaý bih diýip ýörâp barýar, Gurbanmyrat bolsa agajyň kölegesinde, jigisi Gurbanbibâ öýden telefonymy getirip ber diýip öýüniň golaýynda garaşyp oturdy , onýança, Ogulsuraý ýeke özü geçip barýar, Gurbanmyrat oňa seredip oturdy, Ogulsuraý nâmâ seretýäňiz diýdi, Gurbanmyrat " saňa diýip ýylgyrdy, Ogulsuraý" seretmäň diýen bolup barýar, Gurbanmyrat " näme üçün seretmeli däl, ýada seredemoga, goňşymyň ösüşüni synlaýan diýdi, Ogulsuraý" utanýana seretseňiz diýip agzyny tutup gülüp geçip barýar, Gurbanmyrat oň bolşuna ýüzüni tutup gülýärdi, onyança Gurbanbibi telefonyny getirip agasyna berip, kylasdaş garaş menem gitjek diýip Ogulsuraýyň ylgap yzyndan ýetdi, Gurbanjemal bolsa, jorasynyň toýy bolýanyny eşidip, oň bolsuna gitjek bolup ýördü, öýünden çykyp ugrajak mahaly, ejesi Gülümjan garaş gyzym, diýip gaýçy getirip köýneginiň ýeňinden, azajyk gyrkdy, Gurbanjemal eje näme etdiň, täzejedi diýip gyrkan ýerine seretdi, Ejesi şo ýere baransoň vi köýnegimiň ýeňi söküläýipdir, iňňe bar bolsa berâýiňdâ diýip, dikip gaýt şol ýerde, diýdi Gurbanjemal " goýsana eje ol ýerden iňňe sorap ýöreými, häzir tikip çykaýjak diýip gitjek wagty, Gülümjan daýza" wah ýarty toý bolýan ýerde özüňe degişli bir zat dikip gaýtsaň tiz wagtda seňem toýuň bolýar diýdi, Gurbanjemal " ýüzüne seredip eje goýaýa şu yrymlaňňy diýdi, aňyrrakda, Gurbangül gülüp, eje ondana oglanlaryňy öýer, uly ogluň jorabyny ýyrtyp toý etýän gyza ber dikip goýbersin diý diýdi, ejesi men ogullamma gyz tapman oturamak ikiň biri barýa men sizi çykarsam arkaýyn gözümi ýumaryn bar bar diýip gyzynyň arkasyndan itdi, Gurbanbibi " bir topar Gurbanlary kim alsyn hemmesem oglanmyka diýip gelmân otyr gudajanlar diýip jykyrdap güldü, Ejesi eňilip süwsâni aldyda kes sesiňi ganjyk diýip zyňyp goýberdi, Gurbangül gülüp aňyry gaçdy, Gurbanjemal howlydan çykyp barýan ýerinde indi men ýeňi ýoluk bolup gideýinmi diyip hoňurdap barýar.
Dowamy bar...