Arslan_Alaýew
30.04.2024 16:15

Ýazmyrat Çörli.
"Kän"



 Allañ bermedigni bilgiçden diläp,
Mañlaýda ýok zada ýetjek bolýan kän!
Ýa agyr gününde ölümin diläp,
Kazasy dolmakan ötjek bolýan kän.

Aýamadyk ahlagyda janyda,
Garyshdyrdyk ig, gul tire ganyda,
Zat ýok ýerden zaýaladyk añyda,
Ekilmedik ýerde bitjek bolýan kän.

Gelin äre, är gelnine hekimdir,
Bozulan nikalar misli ýesirdir,
Bigünä çagalar barly ýetimdir,
Sheýtanyñ ýolundan gitjek bolýan kän.

Bilýäs indi ene-ata iñirdäp,
Köçelerde erkin gülýäs kikirdäp,
Ýalançylyk ösdi hamana bir däp,
Indi bir-biregi ütjek bolýan kän.

Bähbit düshdi arasyna adamlañ,
Doganyñam ish bitirmez zat alman,
Ehh Ýazmyrat Çörli sözüñ idelmez,
Sebäbi dünýäni tutjak bolýan kän.
104
66
Arslan_Alaýew
30.04.2024 09:22

Durmuşda bolan waka!



hassahana.jpg



Hassahana palatalarynyñ birinde

Iki sany agyr hassa ýatyrdy, olardan

birinjisi, ilkinji bolup bu palata

gelenligi sebäpli penjiräniñ

ýanynda, beýleki hassa bolsa gapynyñ ýanynda ýerleşdirilendi.

Penjiräniñ ýanynda ýatan syrkaw beýleki syrkawa garanda özüni göwniçökgünçilikden saklap bilýän, özüniň gyzyklyja gürrüñleri-sözleri

bilen beýlekileriñ göwnüni göterip

bilýän adamdy.

- "Penjireden nämeler görünýär?" - diýip, gapyñ ýanyndaky sorady.

- "Gök asmany, bulutlary, köli, ýakyndaky tokaýy görýän" - diýip, penjiräniñ ýanyndaky aýdyp berdi.

Soñ her gün penjiräniñ ýanynda ýatan hassa öz goñşusyna penjiräniñ añyrsynda nämeleriñ bolup geçýänini gürrüň bererdi:

- Ol ýol çetindäki park, jürküldeşýän guşlar, kölüñ ýakasyndaky oýnap ýören şadyýan çagalary görýänligini aýdyp, gapyñ ýanyndaky syrkawyñ gam-gussasyny unutdyrardy.

Günleriñ birinde gapynyñ ýanynda ýatan

syrkawyñ kellesine bir pikir geldi:

- "Eger penjiräniñ ýanynda ýatan syrkawa

bir bela bolsa, onuñ ýerine özüm geçerin,

şonda ol munuñ geplerini eşidip

oturman, aýtýan zatlaryny öz gözüm

bilen görerin"

Bu pikir onuñ ýüregine düşüp, hiç

rahatlyk bermedi. Ýatan ýerinde diñe

şo hakda oýlanardy, bir çäre gözlärdi.

Bir gün agşam penjiräniñ ýanyndaky hassa güýçli üsgerip demikdi, ýanyndaky knopka (lukmana wyzow berýän knopka) basmagada güýji ýokdy. Beýleki gapyñ ýanyndaky hassa bu bolýan zatlary görüp ýatyrdy, onuñ üçin öz knopkasyna basmak hiç hili kynçylyk däldi, ýöne basmady.

Ertesi gün ir bilen penjiräniñ ýanyndaky ýatan syrkawyñ aradan çykanyny gördüler we ony alyp çykyp gidenlerinden soñ penjiräniñ ýanyna beýleki syrkawy ýerleşdirdiler.

Syrkaw niýetine ýetipdi, indi ol öz

gözi bilen köçäni, köli, adamlary, çagalary, guşlary görmek üçin penjireden seretdi, ýöne onuñ oñünde kerpiçden örülen stenadan başga hiç zada

gözi düşmedi. Syrkaw aglamjyrap lukmana: - "Hany gök asman, bulutlar, tokaýlar? Ol munça zady stenadan nädip görüp bildi?"- diýip ýüzlendi.

Lukman gynançly ýylgyryp: - "Ol hassa aslynda hiç zat görmeýärdi, ol kördi."
103
134
Arslan_Alaýew
29.04.2024 07:10
\"Mazarystana zyýarat etdim\"

Ýakynda daýymyň üstüne zyýarat etmäge bardym olar bu dünýäden ýaş gidipdi ýöne daýymy juda gowy görýärdim köp wagtymy olar bilen geçirýärdim.

Mazarystana gadam basyşym bilen kän mazarlary görüp geçip gidýärdim. Ine men daýymyň mazar daşyna ýetip geldim.

Mazarynyň oýan buýanyny arassalap oturyp aýat okap doga etdim Wagty sagady gelip hemmämiz bir gün gelip bu dünýäden gideris Hemmämiziň girjek ýerimiz bir Bu dünýäde eden amallarymyz gowy işlerimiziň jogabyny o dünýäde alýarys

Doga edip bolan soň ýuwaşlyk bilen ýerimden turup töwerege syn etdim Indi gitjek bolup durdum Ýöne meniň ünsümi menden 10 15 metr aňyrda duran bir mazar daşy özüne çekdi Ol mazary köpden bäri hiç kim zyýarat edilmeýäne meňzeýär Daşyna tiken otlar basyp hapalanyp gidipdir Men bu kimiň mazary diýip şol tarapa ýöräp başladym Seretsem bir ýaş gyzjagazyň mazary eken Men düşünmedim näme üçin mazara hiç kim seretmedik ýada gyzjagazyň ýakyn hossarlary ýokmykan Men ol mazary tikenlerini otlaryny arassalap Merhum gyza doga okap öýe gaýtdym

Öýe gelsem ejem meniň gowy görýän naharlary taýýarlap goýupdyr

Oglum nahar taýar sen eşikleriňi çalşyp çyk nahar çekjek bolýar eje

Men eşiklerimi çalşyp aşak düşdüm Biz maşgala bolup bir stoluň başyna geçip naharlandyk

Wagt juda tiz geçýär Sagat 22:30 bolupdyr

Men bu wagt her günki berilýän gyzykly kinony görüp bolup ýerime geçip ýatdym

Bir wagt düýş görüpdirin düýşümde mazaryna zyýarat eden gyzjagaz maňa seredip durdy

Onyň ýüzünde ýylgyryş bardy Bu umuman gorkunçly däldi

Ol maňa häli hiç kim meniň mazarymy zyýarat etmäge gelen ýokdy

Siz bolsa meni tanamasaňyz hem meniň mazar daşymy arassalap elleriňizi açyp doga etdiňiz  sag boluň Men size minnetdar çylyk bildirmek üçin gelipdim sag boluň diýip gözden ýitirim boldy

Men oýandym güneş indi öz nurlaryny äleme ýaýyp durdy

Aradan 10 ýyl geçdi ýöne düýşüme giren gyzjagaz häzir hem agşamky ýaly ýadymda.

Awtor: Arslan Alaýew.
106
97
Arslan_Alaýew
23.04.2024 12:20
"19 ýaşly gyzyň ölümine sebäp bolan haramzada nälet bolsun"

Bu men in yakyn joramyn durmusy barada bolan waka onyn aradan cykanyna 1yyl 2 ay boldy Biz obada yasayardyk mekdebi bile gutarypdyk denjedik ol meni seyle gowy goryardi men nace kejir bolsamam men ugrymy tapyardy giden yermize yeke gitmeyadik bir gun Joram Gul sahere gideli diydi menem razy boldum gitmeli gunumiz men yaramadym dumew degipdi men Gule ozin git jorajan gaty gorme diydim ola sensiz gidesim gelenok diyip gynanyp gitdi ol yolda bir taksa munipdir ol taksini tananok eken oba masyny dal eken taksici ondan yolda nom sorapdyr Gulem bermandir taksici ters dusunme agyz men sizi obanyza akitjek diyipdir sondada Gul berman gaydypdyr sagat oylan 5towerekdi men Gule jan etdim oda taksa mundigim baryan diydi Gul taksa munjek bolsa yene sol oglan yor men akideyin menem gayraky obada yasayan diyip Guli aldapdyr Gul gowsajykdy ynanjandy son Gulun nom alypdyr bize geldi hemme zady aydyp berdi men hic zat diymedim son gurlesip baslanyny aytdy aradan 2 3 ay gecdi ol Gule sahere aylanmana gideli diydi men gitme diydim olam gitmedi sebabi gije cagyryardy gundiz diysek men isli diyen bolyady seydip 5ay boldy men Atamlara gaydamda oglan Guli dususyga cagyryar Gulem gityar aylanyar oyune gelyar son tiz tizdan gorusip basladylar men Gule hazir bol ynanma diysem menden gaty goryadi bir gun ol Gulin namysyna degyar men joram birden uytgedi hic kim b.n gurlesenokdy dine aglayady men bilenem men ondan name bolanyny soradym olam ahyr aytdy men oglana jan etdimde ejesini urat gyzy abrayy b.n alyp git diydim oda mana sen kim ol oz razylygy b.n geldi Men ony zorlamadym diyip teli yuzume ocirdi son janlarmyza jogap bermedi ol son men bir saherde taksi bolup isleyan klasdasym bardy ona gabat gellim sahere gitdim welin Gulun soygulisini gordum sakla diyip yglap dusdum meni gorup gacdy Seyit sol sony yzarla diysem tanayan name etjek ony diydi men klasdasyma sol oglan kim diysem saherli 90yylyn oglany bizden iki yas uly oylenen bir gyzy bar diyende dunyam daralyp goz onime dine Gul gelyadi son men saherden Gullere geldim Gulun sol gynanyp otyrsydy namys etyadi men yuregme das baglap hemme zady aytdym aytmasam menden gaty gorjekdi Gulun gozyaslarny saklap ony kosesdirip bilmedim bu gun sizde galjak oye gidip ejemden rugsat alayyn geljek diydim Gul aglap otyran yerinden meni gujaklap joram seni seyle gowy goryan hic yadyndan cykarma diydi menem ony gujaklap sen men jan yoldasym jorajan diydimde oye gaydyp esiklemmi alyp yzyma gaytdym Gullen oyune yetemde gaty gygyryp aglayan ses bardy men name boldyka diyip ylgadym oye giremde Ak Kepende yuzu acyk Gul yatyr men sol yerde ozimden gidipdirin ep esli salymdan oyansam ejem otyr yanymda gijan nadip gecenini bilmedim bas ujyny tutup otyrdym seylebir owadan gyzdy men kate sen menden owadan diysem ol gulerdide jorajan sen owadan diyerdi ini sol owadanlyk gara topraga gitmelidi men gidemson ol banya girip ozini asypdyr asan wagtam jan beripdir bizin yolumyz das daldi oymuz kocan her kunjundede kocan basynda men sonundada ol yasayardy Allajan aljak bolsa care yok son Guli ejesi goryar on elinde men adym yazylgy hat bar eken ony ejesi okaman mana berdi gije sagat 2i towerek adamdan dolydy yas olim diyip seyle aglayadylar men dasa cykyp haty okamana basladym 

-Eziz joram seni yeke goymak islemandim yone men bu yagday b.n yasap bilmen Ejemin kakamyn yuzuni yere bermen oglan jigimi kemsiderler ol ile cykyp bilmez sen adynada gara gider men nadip oylenen oglana meni al diyerin onam men yaly gyzjagazy bar nadip ony kakasy yetim ederin ejem kakama ayt menden razy bolsunlar jigime gowy seret ona dogan bol mensizligi bilmesin senem menden razy bol jorajan ...Gul.

Seydip hat gutardy men aglap otyrsyma irden sagat 10boldy Guli tabyda mundirip goterdiler men tabydy goybermejek bolup kan yapysdym meni suyrap diyen yaly ayryp gitdiler ejesi ozinden gidip ep esli wagt ozine gelmedi yekeje gyzydy biram 5yaslyja ogly bardy Guli jaylap Golenci gelenden son hakykatdanam Gulin inni biz b.n bolmajagyny bildim Gulun doglan gunune 1ay wagt galypdy ony bellali diyip otyrdyk yone bolmady bir haramzada on namysyny dal eysem durmusyny elinden aldy son men Gulun soygulisine sms yazdym maksadyna yetdin dalmi Gul gara toprakda yatyr gitde razylyk dile diydim son mana jan etdi almana elim barmady son men seyle pusman diyip yazypdyr peydasy yok menin hekayam seylerak Gul 19yasyndaky gyzdy ony hijem unutmayan sol sebaplem men ozimi gunakarleyan men oye gaytmadyk bolsam ol olmezdi seyle dalmi??? Nalet bolsun!
109
338
Arslan_Alaýew
23.04.2024 07:06

Bolan waka 2-nji jemleýji bölümi....



Gun dogdy sagat 11lere towerek oyun eyesi geldi biz 3bolup ona her yandan sorag berip basladyk men onem sular yaly zatlar bolyamydy diysem ol yok yone sizden onki yasap gidenlen sul oyde bir yas ogullary oldi su kuhnayadan olusini Tapdylar diydi weli men duran yerimde kellame her hili pikirler gelip baslady way ol oglanyn ruhy barmyka ya ol bizden name isleyaka diyip suna menzes pikirler we biz oyun eyesine namede bolsa bir zat edin indi bular yaly zat gaytalanmaz yaly diyip aytdyk oda bor bolya diyip gitdi. Ertesi oyun eyesi bir ayal masgala bilen geldi we o gyzyn ekstrasensdygyny yagny palcydygyny aytdy biz bile barymyz kuhnya gecdik yanky palcy bir hili basga dilde bir zatlar okap baslady kuhnyan icinde bir yerlerden semalyn sesi gelip yapyk duran aynalar bufedyn isikleri acylyp gitdi men gorkujymdan joramyn elinden tutanymy duyman galypdyryn. Yanky ekstrasens inni orscalap bir burca seredip biri bilen gurlesip baslady olan gurruni 5muntlap dowam etdin. We son ekstrasens gyz bize seredip bul oglanyn ruhy birahat bolya we   sizden sadaka isleya we so sadakany bereninizden son doga dileg etdireninizden son gununize goyjagny aytya diydi bizem edil so gun oz kusdaslamyzy zadymyzy cagyryp prakada pasuda alyp sadaka berdik. Yone ruh zat diyen sonlar indi men bul oyde yeke mundan galyp biljekdaldim onsan dwayurny doganyma jan edip bize bir kwartira tapyp bermegini hayyst etdim. Seydip doganym iki gunden son kwartira tapdy oz yasayan oynune yakyn eken we biz so gun bu ruhly oyu terk etdik. Indi bu gocup gelen oyumizde hemme zat gulala gullukdi pisigimem onki yaly ses edenokdy. Menin wakam su yerde dynya.

Soňy.
104
178
Arslan_Alaýew
22.04.2024 14:39

"Göz ýaş" Goşgy



Bir  oglan söýüpdir  bir gözel  gyzy
Gyz  hem söýüpdirle  jan  bilen  tenden
Gowuşmagyn  diläpdirler  Hudaydan
Gije  Aydan   günnüz  nurana  Günden

Şeydip   18-e  yetipdir  oglan
Hoş  diyip  gulluga  gidipdir  oglan
Ölmesem  mydama  bile  bolarys
Diyip  gyza  wada  beripdir  oglan

Gyz  hem  hoşlaşypdyr  yaş  aylap göze
Garaşyan   diyipdir  jan  bilen tenden
Menä  söygümize   dönüklik  etmen
Sagaman  git  arkayyn  bol  sen  menden

Aradan   bir  yyl  wagt  gecipdir onsoň
Bilbile  hat  geldi  ol  ajap  gülden
Caltyrak  geljek  bol  satyarlar  meni
Gam  gussa  layyna  atyarlar  meni

Gelip  äkit  meni  bolaly  bile
Sen  bilbile  meñzäp  men  gyzyl  güle
Egerde  gelmeseň  gelnalja  cenli
Özümi  yakaryn  cykalgam  belli

Baryp  afiserden  rugsat   sorady
Öýüne  barynca  uzak  arady
Küyünde  alada  gözünde  yaşy
Ol  hata  ýüregi  para-parady

Otluda  iki  gün  ýöredi  oglan
Gije  yatman  yola  garady  oglan
Ya-da  oyunmuka  bu  yazan  haty
Eger  oyun  bolsa  görerin  gaty

Daña  golay  zordan  yetişen  oglan
Eşiklerini   cykarman  ylgady  toya
Seretse  märeke  öyleriniñ  daşy
Ähli  märekäniñ  telpekli  başy

Hic  zada  düşünman  öýüne  bardy
Dulda süýnüp yatan  yaryny  gördi
Ir  gelenem  bolsam  azajyk  eger
Düybünden  bu  waka  bolmazdy  meger

Yetişmen  öydensiñ  gelnalja  cenli
Düşünýän  öz-özüm  aladañ  belli
Wah  nädeýin  bu  yalançy   jahana
Adamy  yutmak  ücin  gerek  bahana

3-ni  7-sin   sowdyda  oglan
Soňra  yene  gulluga  ugrady  oglan
Gulluga yetmänka  baryp  dessine
Gül  goydy   taze  gabryñ  üstüne

Uzak yaşaman  indi  gülüm  sensiz
Sen hem  oñyan  dälsiň  ol yerde mensiz
Nesibede  yok  eken  yaşamak  bile
Men  bilbile  meñzäp sen  gyzyl güle

Soñra  yene  ugrady  gulluga  tarap
Gabyr  daşlaşyanca   yzyna  garap
Otluda  iki gün uzak yol  ýöräp
Inede  gulluga  gelip  yetdi  ol

Bir  gün  daşaryk   cykyp  aftamat  aldy
Ol  gün  oñ  ömrüniñ  iñ  soňky  günidi
Bir  giden  oky  gursagna  diräp
Oklaryñ  barsyny   gursakdan   saldy

Ol  sese  ylgasyp  esgerler  bardy
Ýöne  gynansagam  eýýäm  gic  boldy
Ol  oglan  hyrkyldap   jan  berip  yatyr
Yanyndada  ol  gyzyň   suraty  yatyr

Yzynda  yazylgy  bagyşla  meni
Bagtly  edip  başarmadym  men  seni
Diyip  aşyklaryñ   yatyr  göz  yaşy
Bagyşla  ezizim bagyşla  meni...

Giç bolmanka ähli söyenlermiziñ gadryny bileliñ!
105
105
Arslan_Alaýew
22.04.2024 07:20
Bolan waka
1-nji bölimi...

Bu waka 2014nji  yylda bolup gecipdi. Men moskwada okap yorkam 3nji kursdym 1joram bn 2komnatly kwartira snimat etyadik men bir pisigim bady saryja. Okuw yylyn basydy kwartirada taze gocup gelemiz son gaty kan owrensip bilemokdym. Joramyn soygulsi bady olar her gun diyen yaly gezelenje cykyadylar. Menem oyde gijelerne yeke galmana gorkyardym asly cagalygymdan solar yaly gorkym bardy. Seydip oktyabr ayy geldi oyin icinde gijelerne uytgesik sykyrdy ya gapy jygyldayady bir gapdaldan pisigimem myawlayady men bu zatlara gaty kan uns bermedim ay pisigim etyandirle zat diyip. Yöne bir gun gije yene yeke galmaly boldum sapaklamy okap otyrdym pisigimem yanymdady yanky birden myawlap baslady on sesine tisginip gitdip edil so wagtam kuhnyada bir zat dowuldi endamym titrap baslady zordan kuhnya baryp swedy yakdym weli yerde men cay icyan bakalym yatyr cym pytrak bolup menem icimden ay gyrada durandyr typyp gacandyr diyip pikir etdim yone bu duywunden beyle dal eken. Bular yaly yagday son yene kop gaytalanypdy hatda gijelerne pisigim bir burca seredip myawlap yatyrmayan wagtam bolyady yada gymaldaman bir nokada seredip oturyan wagtam bolyady. Bir gun okuwdan gelen gunum oyun icinde hic pisigimi tapmadym adyny tutup gygyryanam weli gelen baryp krawadyn asagyna seretdim yok ikinji krawadyn asagyna seretjek bolup ustune yapylgy duran prostyny galyrdym welin pisigim erwet ses etdide ustume topuldy men gorkujymdan ozumden gidipdirin hic zat bilemok. Birden birinin yuzume urup we burnuma erbet bir ys gelip sona yuregim bulanyp gozumi acdym onumde bir ak halatly oglan otyr orscalap bir zatlar diyya men ozume gowy gelmedigim sebapli name diyyanini saygaryp bilemokdym bir gapdaldan joram: -agyz name boldy diyip soraya men hicisine jogap berip bilman 10munt yaly dymdym son bolan hemme zatlary dusundurup aytdym. Doktar pisigimi weterinardan barlagdan gecirtmegimi maslahat berdi biz joram ikimiz ylalasyp doktary tanyryalkasyn aydyp goywerdik. Ertesi biz ir bilen pisigimi weterinara akitdik biz bolan zatlan baryny aytdyk olar ony barlagdan gecirdiler analiz zat aldylar we ertesi yene gelmegimizi aytdylar. Biz bolya diyip gaytdyk. Seydip bu gunem gecdi, ertesi yene weterinara gitdik doktar bizi yanyna cagyryp pisigin analizlarnyn gowdygny aytdylar yone name ucin gorkunc ses etyanini soradyk doktar aytdy pisikleri bir zat biynjalyk etse seytyaler we keselli bir yeri agyryp zat etseler diydi sonam yone sizin pisiginizde yekeje kemciligem tapmadyk diydi. Bizem sondan son sagbollasyp gaytdyk. Ondan son gecen bolsa 2hepde gecipdi 4nji gundi joram ikimiz palow edip bir towur etdik ondan son joramyn soygulsi geldi ony gezelenje akitdi oyde yene yeke ozum galdym wechatda ejem dagy bilen wideo zwanokda gurleseyin diyip jan etdim  yany bir gurlesip basladyk weli aynany bir zat susen yaly boldu turup seretdim bir gus susup aynan gyrasynda otyr eken elime alayjak boldum yone ayna setkaly bolan son hic zat edip bilmedim seydip men ejem dagy bilen yene bir az gurlesip sagbollasyp telefony goydum sapaklamy okayyn diyip stolyn basyna gecip yany oturdym weli kuhnyadan bir erbet gap gaclan dowlen sesi geldi men gorkup titrap kuhnya zordan yorap bardym gorsem bufetdaky stolyn ustundaki hemme gap canaklan barsam yerde param parca bolup yatyr men gorkup derrow jorama jan etdim gowy zady olar oyun yakynynda eken 10 munut gecip gecmanka derrow geldiler soygulisi bilen menek bolup gecenlen barsyny gurrun berdim biz mundan bu oyun eyesine jan edip bar bolup gecen zatlary gurrun berdik we su wagtyn ozunde gelmegini hayyst etdik yone ol ertir  gelip biljekdigni we ozunin saherde daldigini aytdy biz bolya bolya edisdikde indi agsam yatmana gorkup basladyk we joram oz soygulisinden bir gije bizde galmagyny name bolsa erkek adamdygny aydyp hayyst etdi olam ylalasdy seydip gijesi bilen yeke gezegem gozumi yumman caltyrak gun dogmagyny dilap otyrdym. Gun dogdy sagat 11lere towerek oyun eyesi geldi biz 3bolup...

Dowamy bar...
107
179
Arslan_Alaýew
21.04.2024 13:17

Dynç güniniň başagaýlygy (TOÇNO BOLAN WAKA)



Gün guşlukdy. Emma, dynç günüdi.
Ýarygijä çenli imo grupbada oturyp gözleri çişip giden Selbinýaz sagadyň diliniň 10-ny görkezýänine ynanasy gelmedi. Öz-özüne "gijä galaýdym öýdýän" diýip, eşidiler-eşidilmez pyşyrdady-da serpilip böküp turdy. 30 sekundyň içinde düşek-püşegini ýygnap, kuhnýa ylgady. Musur bedräni gözledi. Wahhey, boş. Düýnjik hem özi döküp geldi ahyry. Bul-a bolmaýa. Sroçna musyr tapmaly. Ejesini gyssady. Eneli-gyz bolup, öýden musyr gözlediler.

Deň ýarsyna ýeten çaý karopgany boşadyp, zowarkasyny başga guta geçirip, karopgany bedrä oklady. Sowadyjyda ýarsy içilen miwe şiresi (sook diýäýeliň) bardy. Onuň birazyny özi içip, birazyny ejesine içirdi-de, gabyny bedrä oklady. Kakasynyň banýasynda suw çaýkalan şampun gutusy bardy. Munam oklady. Sagadyna seretdi, howlukdy. Özüne serenjam bermek üçin otagyna ylgady. Ejesine "sen ýene bir zatlar gözleşdir, bu az bolýa" diýdi. Ejesi ir bilen bu başagaýlygyň sebäbine düşünmedi. Şonda-da bir agyz "eýgilikmi" diýip soramady.

Otagyna gelen Selbinýaz özüne çekiji açyk reňkli yştapylyny geýeninden soň, ýüz görülýän aýnaň öňünde oturyp, howlukmaç, emma gerekli boýag-bezeglerden özüne serenjam berip başlady. Bezendi-beslendi. Özüni täzeden gözden geçirdi. Mundanam gowy etse boljakdy, emma wagt gysgady....

Kuhnýa geldi. Ejesiniň hem üýşüren zady bolmandyr. Musur bedräniň içinde 1-2 sany süýji we köke gabygyndan artyk zat ýokdy. Owarram, iň esasy bahana bar. Köwşüni geýip, gapydan zowdurylyp çykyp gitdi.

Geliň, gowsy bu başagaýlygyň sebäbini bileliň...
Başagaýlygyň sebäbçisi goňşusy, Selbinýaz bilen ýaşytdaş, görmegeý ýigit Batyrdy. Ol dynç günleri hemişe Domuň plaşatgasynda irdenki maşklary ýerine ýetirerdi. Futbol oýnardy. Wagtyny hoş geçirerdi.
Batyryň bu stabilny hereketlerini ýat tutup giden, Selbinýazyň bar aladasy Batyryň gözüne ilmekdi... Batyryň birje garamasy ýeterlikdi... Azaby gowuşjakdy...

Selbinýazda beýle uçgynjyklaryň döremegine Batyryň hoşgylawlylygy, ýigitlere mahsus agraslygy sebäbçi boldy diýsek, hakykatdan daş düşmeris.
Batyram, Selbinýazam ikisem talyp... Bir güni okuwdan gelýärkäler lifte deň wagtda mündiler. Batyr 4-nji etažda ýaşaýardy, Selbinýaz 7-nji. Batyryň birinji münip, 7-lik düwmäni basanyny gören Selbinýaz "ziňk" edip Batyra garady. Batyr: "ilki sizi düşüreli, soňra men düşerin" diýip ýylgyrdy. Selbinýaz ondan beter ýylgyrdy, erni bir ýerlere çenli giňedi. Gyzardy-bozardy. Düşip barýarka "Sagboluň" diýmesi has hem huşuny başyndan uçurdy. Ýadowlygy pozuldy...
Ýene bir günem... Domuň aşagyndaky magazynda odur-budur satyn alyp, kassa gelende özünde öňde Batyryň bir zatlar satyn alyp, hasaplaşyp duranyny gördi. Satyjy Batyra 1 manat zdaçsiniň galanyny, onyň deregine 2 sany çupa çups berjegini aýtdy. Uzadylan çupa çupsy eline alan Batyr, arkasyna öwrülip Selbinýaza çupa çupslary uzadyp "alyň, her eliňize biri" diýip, ýylgyrdy. Selbinýaz birbada aljyrasada, çupa çupslara elini ýetirenini bilmän galdy. Batyr çykyp gitdi... Selbinýazyň duýgularynam ogurlap gitdi... Esasy zat, çupa çupsyň gymmaty ýa-da göwrümi däldi. Esasy zat ünsdi, ygtybardy. Selbinýaz şu duýgular bilen öýüne ýetenini bilän galdy.

....Wakanyň başyna gelsek. Uly umytlar bilen ýola düşen Selbinýaz, Batyryň nazary düşip biläýjek ugurdan ýöredi. Başarsa Batyr tarapa seretmejek boldy, ýöne onuň özüne garamagyny isledi...
Batyr 1-2 sany deň-duşlary bilen başagaýdy, türgenleşýärdi. Selbinýazy belki görendir, belki gören däldir. Gören bolsa hökman gabatlaşsalar, görenini diline çykarar "köýnegiň owadan ekeni" diýäýmeli...
Käşgä... Käşgä gören bolaýsady-da, özi üçin örtenýänimi bir bilsedi-dä...
Selbinýaz zibilhana çenli aralygy ine şu duýgular bilen basyp ötdi... Yzyna gaýdyşyn hem, gözüniň gyýtagy bilen olara tarapa seretdi.. emma Batyryň özbaşyna perwaýsyz hereketleridi... Owarram. Birje bakan bolsa bolýa. Bu gezek görmese, ýene synanşaryn. Soň ýene... ýene... ýene... tää duýgularym sönýänçä....


SOŇY.


Awtor: Dark_Wolf
108
196
Arslan_Alaýew
21.04.2024 07:53

"HANY BAKALY GYZLAR"
2-nji bölimi...


We ertesi manada bir şum habary aytdylar meň durmuşumu uytgeden habary. Ejem yanyma gelip gyzym guda bolduk atan dagyn anyrsyndan eken gowy masgala ogullaram edepli oglan diyyaler diydi men eje men okuw okajakdym diyip yetismakam ejem goy gyz okuwynam okarsyn olanam ogly okuwa giripdir asgabatdamys olam diydi. Sonam gyzym ozune seremjan ber ertir yalyk danyp gitjek diydiler diyip komnatdan cykyp gitdiler. Men oz ejemin aýdan sozunden cykyp biljekdaldim mana dine razy bolaymak galyady.
Seydip ertesi abeda oye myhman geldi yalyk dandynlar. Gayyn bolmaly dayzada mahirlije eken. Bular toyyn sahedini 1yyl okuwymyzy okap son bellejeklerini aytdylar. Men seydip sentyabrda okuwa gitdim okuwa asgabatdaky dayzamlardan gatnayadym. okuw wagtlaram soz aydan kop bolupdy yone men olara hic hili yuz beremokdym dine pikirimde okuw bardy yone men her gun okuwdan cykyp dayzamlara baryncam yzyma bir oglan dusup su howla girincam yzymdan gityadi yone mana yeke agyzam soz gatanokdy yone men bul oglany on bir yerde goren yalydym yone hic yada salyp bilemokdym. Bu yagday okuwymy dynyncam dowam etdi. 1njy yylymam dyndy men tomus dync alysa oye gaytdym. Oye geldim gowy gars aldylar. Toyun sahedinem men okuwdan gelmankam bellapdirler. Ejem dagy toya tayynlanyadylar yone men barjak oglanymy intak yeke saparam goremokdymam gyzyklanmandyrnam. Ejemden soramanam cekindim. Bir gun zakysa gitdik barsam bir gyrada oglanlar dur ol oglanlan icinde so asgabatda her gun oyume cenli yzyma dusyan oglan bady ol owadan geyinilgidi men bu zatlara bir hili gen galyadym seydip bir gelneje isikden cykdyda iceri girip bilersiniz diydi bizem girdik ol oglanlaram biz bilen bile girdi gelneje adymyzy tutup oz yanyna gol cekmane cagyrdy men utanjyma yere seredip yorapdim gelnejan gorkezen yerne gol cekdim gelneje gapdalymdaky duran oglanyn gol cekmeli yerini gorkezdi olam gol cekmek ucin bir az boynuny egende yankyn yuzuni gorip galdym o sol asgabatda yzyma dusup oye cenli ugratyan oglandy men samsyk yaly bolup hic zada dusunman galdym ondan gozumi ayyrman seredip durupduryn we gelnejan adymy tutan wagty ozume geldim. Yone ol oglan zakysdada mana hic zat diymedi dine gulip seretyardi yuzi mahirli oglandy gulende yanaklaram cukurja bolyady. Toy gunem gelip yetdi gyz yerde stolyn basynda otyrdyk bizi tansa cagyrdylar wals etdirdiler so wagt oglan "Kejirje inda menki boldun diyip gulagma pysyrdady" men bu name ucin bey diyyaka diyip sebabini bilesim geldi yone bu soragy sona goyupdym. Ertesi gellanjy geldi kurte atdylar dogduk oyumden cykaryp alyp gaytdylar. Agsam oglan yerin toyam gowy gecipdi. Toy dyndy oye geldik myhmanlar dargady oglan yanyma girdi. Giren son yagdaylamy sorady menem onat diydim yzy yanam so sorag yadyma dusdu sen name sebapden sony aytdyn diyip yuzune soragly bakdyk ol bolsa yuzume gulip seretdide yadyna dusyarmi sen 8nji klaskan (hany bakaly gyzlar yarysy gecirilipdi) so gun sana bir gyzjagaz hat beripdi so haty yazan mendim yone senden ona hic hili jogap bolmady yzyna dusyadim sen bolsa mana alarlyp seretyadin menden gorkyanyny bilyadim son ucin sana yekeje sozem gurlemedim diydi. Son bolsa men okuwy dynam son gulluga gitmakam sen kimlerdendigini idedim gorup otursam ikimiz garyndasam ekenik ejem daga aytdym we so gunin icinde size gudacylyga gitmeklerni hayyst edipdim hawa ejem dagy bolsa meni saklady sen kicidigini intak okuwam dynmadygyny aydyp kosesdirdiler men sana bolan soygumden yana name etyanimem bilemokdym. Mana son gulluga gitmeli diyip hat geldi. Gulluga gitdim 2yylym 10yyla dondi wagt yaman hayyal gecyadi. 2yylam gecip gullukdan geldim sagaman sen asgabada okuwa synansyanyny esidipdim menede okuwa synansmak maksady so wagt oyandy we egzaminlamdan ustunlikli gecip okuwa alynypdym. Ondan gelip size ejemi ugratdym sozlerini kabul edipdirler yone senin asgabatdadylygyny aydypdyrlar. Sen geldin yalyk dandyk men begenjimin cagi yokdy we okuwa gireninem so gun esidipdim. Howa okuw dowrem seni oyune cenli ugratyan mendim sana biri azar beraymesin diyip raspisanyanam bir kursdasyndan alypdym seydip her gunki okuwdan cykyan wagtyna cenli oz okuwlamy okap seni gormek ucin yolyna howlugardym ezizim diydi sen bolsa so alarlyp yzyna ganyrlyp seredisindi gorkajygym diyip gujaklap manlayymdan opdi. Seydip biz okuwymyzam sowly tamamladyk okuw dowrumde gyzjagazym bolupdy baldyzym komek etyadi okuw bilen ozum gaty yetisip bilemokdym. Hudaya sukur yoldasymam gowy masgalamyzam agziberje.

Soňy.
#tm_bolan_wakalar
99
156
Arslan_Alaýew
20.04.2024 12:06

"HANY BAKALY GYZLAR"
1-nji bölimi...


Bu hakyky bolan waka gahrymanlaň atlary uytgedilen. Men bir bagtly masgalan yeke gyzydym hawa meni yeke gyz diyip masgalamyzda hemme kisi gowy gorerdiler. Men yany 8nji klasda okap yordum mekdepde bir gun Hany Bakaly Gyzlar atly yarys gecirilipdi ine bizinem klasymyzyn gyzlary so yarysa gatnasyadylar men o yarysda aş kesmelidim şeydip men sahna cykmaly gezegim geldi 3 gyz bolup ayratyn partan onunde hamyr yayyp basladyk we hamyr kesip basladyk bir aydymyn dowamynda hemme isleri edip yetisaymelidik seydip aydym dyndy bir mugalymymyz one cykyp kesilen aşa (hamyra) seretyadi ve baha beryadi. Men kesen aşym hemmesininkiden gowy bolan son bizin synpymyza 10 bal beripdiler seydip yarys sonuna geldi yarysda bize berlen ballan sany kop bolan son bizin klasymyza 1nji yer berdiler ve hormat hat bn her gyzymyza kicirak sowgat beripdiler. Biz gyzlar bolup zaldan cykmak  ucin goslamyzy yygnap otyrdyk so wagt bir kici gyzjagaz yanyma gelip mana bir hat uzatdy way menem bu name diyip soradym o gyzjagazam oyunize baranyz son acyp okan diyip aydy men kim berdi muny diyip yetismakam gyzjagaz ylgap gitdi. Yanymdaky duran joralam agyz Jeren name gyz ol diyip sorap baslady menem ay hic zat diyen bolup yanky haty sumkama atyp goyberdim. Men okuvdan gaydyp oye geldim bir az dynjymy alyp oy islemi edeyin diyip sumkamy acsam halki hata gozum dusdi men haty yuvaslyk bn acyp gorsem hatda "Salam gözel gyz wah adyňam bilemok, hamyr yayyp otyrkaňyz saňa gozum dusdi, tuveleme isennirje gyz ekenin, eger rugsat berseniz siz bn yakyndan tanysmak islardim men 10 B klasdan adym Mergen belki meni tanayansynyzam Basketbol oynap saherde yer alyp gelyadim okuvda kop adym cykyandyr, eger razy bolsanyz su nomera 8654423... sms yazayyn" diyip yazylgydy men bolsa pikir edip way kim bolanda mana name diyip yanky haty musur bedra zynyp goywerdim. Seydip nace gun gecdi bir gun okuwdan oye gaydyp gelyakam yzyma bir oglan dusdi men ondan yzyma dusup gelyaninden utanyp caltyrak oye yetsem kayyldym kocamize sowuldym ol oglan kocan basynda durdy yzyma garap bu yagday indi her gun gaytalanyady. Seydip bul okuw yylymyzam gecdi ola 10ny dynyp ucurym boldy men bolsa 8zi dynyp 9zynjy synpa gecipdim. Bul oglany ondan son gormedim hic yerde adyny zadynam esitmedim. Seydip 2yyl gecdi. Okuwy dynypdym yokary okuwa synansmak ucin tomusda egzaminlara tayynlanyadym. Bizin oyumize her tarapdan guda gelip baslady enem atama men intak cykjakdal okasym gelya diyip aydypdym olar razy bolmadyr okuwyny cykan sonam okap bolya diydiler. Seydip awgust ayy yetip geldi men doganym bn asgabada tarap poyuza munduk. Asgabada baran gunumiz dync aldyk yolam adamy yadatya. Ertesi gun irden men 1nji egzamina gidipdim soraglar yenil bolsada bilmedim yone tolgunmadanmy namemi jogap bermek kynyrakdy seydip ilkinji egzamindan ustunlikli gecipdim. Indi 2egzamin galypdy. Yene 6gunden son biz poyuza bilet aldyk oye tarap men seyle bir howlukyadym satly habarymy oye yetirmegimi sebabi men hemme egzamini ustunlikli gecipdim we okuwa kabul edilipdim. Doganymada bu habary telefonyn ustu bn aytmazlygyny hayyst edipdim. Seydip gije poyuza mundik ahyrym oz saherime yetdim onumizden kakam cykdy ilki bilen kakamy begendirdim kakam manlayymdan opup gyzymjan okuwyn sowluja bolsun diydi. Seydip oye geldik kakam begenjine oydakilen barny turuzup buslyk habary aytdy hersi bir yanymdan gujaklap gutladylar. We ertesi manada bir şum habary aytdylar meň durmuşumu uytgeden habary...
Dowamy bar...
105
176