Durmuşda bolan waka!
hassahana.jpg
Hassahana palatalarynyñ birinde
Iki sany agyr hassa ýatyrdy, olardan
birinjisi, ilkinji bolup bu palata
gelenligi sebäpli penjiräniñ
ýanynda, beýleki hassa bolsa gapynyñ ýanynda ýerleşdirilendi.
Penjiräniñ ýanynda ýatan syrkaw beýleki syrkawa garanda özüni göwniçökgünçilikden saklap bilýän, özüniň gyzyklyja gürrüñleri-sözleri
bilen beýlekileriñ göwnüni göterip
bilýän adamdy.
- "Penjireden nämeler görünýär?" - diýip, gapyñ ýanyndaky sorady.
- "Gök asmany, bulutlary, köli, ýakyndaky tokaýy görýän" - diýip, penjiräniñ ýanyndaky aýdyp berdi.
Soñ her gün penjiräniñ ýanynda ýatan hassa öz goñşusyna penjiräniñ añyrsynda nämeleriñ bolup geçýänini gürrüň bererdi:
- Ol ýol çetindäki park, jürküldeşýän guşlar, kölüñ ýakasyndaky oýnap ýören şadyýan çagalary görýänligini aýdyp, gapyñ ýanyndaky syrkawyñ gam-gussasyny unutdyrardy.
Günleriñ birinde gapynyñ ýanynda ýatan
syrkawyñ kellesine bir pikir geldi:
- "Eger penjiräniñ ýanynda ýatan syrkawa
bir bela bolsa, onuñ ýerine özüm geçerin,
şonda ol munuñ geplerini eşidip
oturman, aýtýan zatlaryny öz gözüm
bilen görerin"
Bu pikir onuñ ýüregine düşüp, hiç
rahatlyk bermedi. Ýatan ýerinde diñe
şo hakda oýlanardy, bir çäre gözlärdi.
Bir gün agşam penjiräniñ ýanyndaky hassa güýçli üsgerip demikdi, ýanyndaky knopka (lukmana wyzow berýän knopka) basmagada güýji ýokdy. Beýleki gapyñ ýanyndaky hassa bu bolýan zatlary görüp ýatyrdy, onuñ üçin öz knopkasyna basmak hiç hili kynçylyk däldi, ýöne basmady.
Ertesi gün ir bilen penjiräniñ ýanyndaky ýatan syrkawyñ aradan çykanyny gördüler we ony alyp çykyp gidenlerinden soñ penjiräniñ ýanyna beýleki syrkawy ýerleşdirdiler.
Syrkaw niýetine ýetipdi, indi ol öz
gözi bilen köçäni, köli, adamlary, çagalary, guşlary görmek üçin penjireden seretdi, ýöne onuñ oñünde kerpiçden örülen stenadan başga hiç zada
gözi düşmedi. Syrkaw aglamjyrap lukmana: - "Hany gök asman, bulutlar, tokaýlar? Ol munça zady stenadan nädip görüp bildi?"- diýip ýüzlendi.
Lukman gynançly ýylgyryp: - "Ol hassa aslynda hiç zat görmeýärdi, ol kördi."