Dynç güniniň başagaýlygy (TOÇNO BOLAN WAKA)
Gün guşlukdy. Emma, dynç günüdi.
Ýarygijä çenli imo grupbada oturyp gözleri çişip giden Selbinýaz sagadyň diliniň 10-ny görkezýänine ynanasy gelmedi. Öz-özüne "gijä galaýdym öýdýän" diýip, eşidiler-eşidilmez pyşyrdady-da serpilip böküp turdy. 30 sekundyň içinde düşek-püşegini ýygnap, kuhnýa ylgady. Musur bedräni gözledi. Wahhey, boş. Düýnjik hem özi döküp geldi ahyry. Bul-a bolmaýa. Sroçna musyr tapmaly. Ejesini gyssady. Eneli-gyz bolup, öýden musyr gözlediler.
Deň ýarsyna ýeten çaý karopgany boşadyp, zowarkasyny başga guta geçirip, karopgany bedrä oklady. Sowadyjyda ýarsy içilen miwe şiresi (sook diýäýeliň) bardy. Onuň birazyny özi içip, birazyny ejesine içirdi-de, gabyny bedrä oklady. Kakasynyň banýasynda suw çaýkalan şampun gutusy bardy. Munam oklady. Sagadyna seretdi, howlukdy. Özüne serenjam bermek üçin otagyna ylgady. Ejesine "sen ýene bir zatlar gözleşdir, bu az bolýa" diýdi. Ejesi ir bilen bu başagaýlygyň sebäbine düşünmedi. Şonda-da bir agyz "eýgilikmi" diýip soramady.
Otagyna gelen Selbinýaz özüne çekiji açyk reňkli yştapylyny geýeninden soň, ýüz görülýän aýnaň öňünde oturyp, howlukmaç, emma gerekli boýag-bezeglerden özüne serenjam berip başlady. Bezendi-beslendi. Özüni täzeden gözden geçirdi. Mundanam gowy etse boljakdy, emma wagt gysgady....
Kuhnýa geldi. Ejesiniň hem üýşüren zady bolmandyr. Musur bedräniň içinde 1-2 sany süýji we köke gabygyndan artyk zat ýokdy. Owarram, iň esasy bahana bar. Köwşüni geýip, gapydan zowdurylyp çykyp gitdi.
Geliň, gowsy bu başagaýlygyň sebäbini bileliň...
Başagaýlygyň sebäbçisi goňşusy, Selbinýaz bilen ýaşytdaş, görmegeý ýigit Batyrdy. Ol dynç günleri hemişe Domuň plaşatgasynda irdenki maşklary ýerine ýetirerdi. Futbol oýnardy. Wagtyny hoş geçirerdi.
Batyryň bu stabilny hereketlerini ýat tutup giden, Selbinýazyň bar aladasy Batyryň gözüne ilmekdi... Batyryň birje garamasy ýeterlikdi... Azaby gowuşjakdy...
Selbinýazda beýle uçgynjyklaryň döremegine Batyryň hoşgylawlylygy, ýigitlere mahsus agraslygy sebäbçi boldy diýsek, hakykatdan daş düşmeris.
Batyram, Selbinýazam ikisem talyp... Bir güni okuwdan gelýärkäler lifte deň wagtda mündiler. Batyr 4-nji etažda ýaşaýardy, Selbinýaz 7-nji. Batyryň birinji münip, 7-lik düwmäni basanyny gören Selbinýaz "ziňk" edip Batyra garady. Batyr: "ilki sizi düşüreli, soňra men düşerin" diýip ýylgyrdy. Selbinýaz ondan beter ýylgyrdy, erni bir ýerlere çenli giňedi. Gyzardy-bozardy. Düşip barýarka "Sagboluň" diýmesi has hem huşuny başyndan uçurdy. Ýadowlygy pozuldy...
Ýene bir günem... Domuň aşagyndaky magazynda odur-budur satyn alyp, kassa gelende özünde öňde Batyryň bir zatlar satyn alyp, hasaplaşyp duranyny gördi. Satyjy Batyra 1 manat zdaçsiniň galanyny, onyň deregine 2 sany çupa çups berjegini aýtdy. Uzadylan çupa çupsy eline alan Batyr, arkasyna öwrülip Selbinýaza çupa çupslary uzadyp "alyň, her eliňize biri" diýip, ýylgyrdy. Selbinýaz birbada aljyrasada, çupa çupslara elini ýetirenini bilmän galdy. Batyr çykyp gitdi... Selbinýazyň duýgularynam ogurlap gitdi... Esasy zat, çupa çupsyň gymmaty ýa-da göwrümi däldi. Esasy zat ünsdi, ygtybardy. Selbinýaz şu duýgular bilen öýüne ýetenini bilän galdy.
....Wakanyň başyna gelsek. Uly umytlar bilen ýola düşen Selbinýaz, Batyryň nazary düşip biläýjek ugurdan ýöredi. Başarsa Batyr tarapa seretmejek boldy, ýöne onuň özüne garamagyny isledi...
Batyr 1-2 sany deň-duşlary bilen başagaýdy, türgenleşýärdi. Selbinýazy belki görendir, belki gören däldir. Gören bolsa hökman gabatlaşsalar, görenini diline çykarar "köýnegiň owadan ekeni" diýäýmeli...
Käşgä... Käşgä gören bolaýsady-da, özi üçin örtenýänimi bir bilsedi-dä...
Selbinýaz zibilhana çenli aralygy ine şu duýgular bilen basyp ötdi... Yzyna gaýdyşyn hem, gözüniň gyýtagy bilen olara tarapa seretdi.. emma Batyryň özbaşyna perwaýsyz hereketleridi... Owarram. Birje bakan bolsa bolýa. Bu gezek görmese, ýene synanşaryn. Soň ýene... ýene... ýene... tää duýgularym sönýänçä....
SOŇY.
Awtor: Dark_Wolf