Arslan_Alaýew
21.04.2024 13:17
Dynç güniniň başagaýlygy (TOÇNO BOLAN WAKA)
Gün guşlukdy. Emma, dynç günüdi.
Ýarygijä çenli imo grupbada oturyp gözleri çişip giden Selbinýaz sagadyň diliniň 10-ny görkezýänine ynanasy gelmedi. Öz-özüne "gijä galaýdym öýdýän" diýip, eşidiler-eşidilmez pyşyrdady-da serpilip böküp turdy. 30 sekundyň içinde düşek-püşegini ýygnap, kuhnýa ylgady. Musur bedräni gözledi. Wahhey, boş. Düýnjik hem özi döküp geldi ahyry. Bul-a bolmaýa. Sroçna musyr tapmaly. Ejesini gyssady. Eneli-gyz bolup, öýden musyr gözlediler.
Deň ýarsyna ýeten çaý karopgany boşadyp, zowarkasyny başga guta geçirip, karopgany bedrä oklady. Sowadyjyda ýarsy içilen miwe şiresi (sook diýäýeliň) bardy. Onuň birazyny özi içip, birazyny ejesine içirdi-de, gabyny bedrä oklady. Kakasynyň banýasynda suw çaýkalan şampun gutusy bardy. Munam oklady. Sagadyna seretdi, howlukdy. Özüne serenjam bermek üçin otagyna ylgady. Ejesine "sen ýene bir zatlar gözleşdir, bu az bolýa" diýdi. Ejesi ir bilen bu başagaýlygyň sebäbine düşünmedi. Şonda-da bir agyz "eýgilikmi" diýip soramady.
Otagyna gelen Selbinýaz özüne çekiji açyk reňkli yştapylyny geýeninden soň, ýüz görülýän aýnaň öňünde oturyp, howlukmaç, emma gerekli boýag-bezeglerden özüne serenjam berip başlady. Bezendi-beslendi. Özüni täzeden gözden geçirdi. Mundanam gowy etse boljakdy, emma wagt gysgady....
Kuhnýa geldi. Ejesiniň hem üýşüren zady bolmandyr. Musur bedräniň içinde 1-2 sany süýji we köke gabygyndan artyk zat ýokdy. Owarram, iň esasy bahana bar. Köwşüni geýip, gapydan zowdurylyp çykyp gitdi.
Geliň, gowsy bu başagaýlygyň sebäbini bileliň...
Başagaýlygyň sebäbçisi goňşusy, Selbinýaz bilen ýaşytdaş, görmegeý ýigit Batyrdy. Ol dynç günleri hemişe Domuň plaşatgasynda irdenki maşklary ýerine ýetirerdi. Futbol oýnardy. Wagtyny hoş geçirerdi.
Batyryň bu stabilny hereketlerini ýat tutup giden, Selbinýazyň bar aladasy Batyryň gözüne ilmekdi... Batyryň birje garamasy ýeterlikdi... Azaby gowuşjakdy...
Selbinýazda beýle uçgynjyklaryň döremegine Batyryň hoşgylawlylygy, ýigitlere mahsus agraslygy sebäbçi boldy diýsek, hakykatdan daş düşmeris.
Batyram, Selbinýazam ikisem talyp... Bir güni okuwdan gelýärkäler lifte deň wagtda mündiler. Batyr 4-nji etažda ýaşaýardy, Selbinýaz 7-nji. Batyryň birinji münip, 7-lik düwmäni basanyny gören Selbinýaz "ziňk" edip Batyra garady. Batyr: "ilki sizi düşüreli, soňra men düşerin" diýip ýylgyrdy. Selbinýaz ondan beter ýylgyrdy, erni bir ýerlere çenli giňedi. Gyzardy-bozardy. Düşip barýarka "Sagboluň" diýmesi has hem huşuny başyndan uçurdy. Ýadowlygy pozuldy...
Ýene bir günem... Domuň aşagyndaky magazynda odur-budur satyn alyp, kassa gelende özünde öňde Batyryň bir zatlar satyn alyp, hasaplaşyp duranyny gördi. Satyjy Batyra 1 manat zdaçsiniň galanyny, onyň deregine 2 sany çupa çups berjegini aýtdy. Uzadylan çupa çupsy eline alan Batyr, arkasyna öwrülip Selbinýaza çupa çupslary uzadyp "alyň, her eliňize biri" diýip, ýylgyrdy. Selbinýaz birbada aljyrasada, çupa çupslara elini ýetirenini bilmän galdy. Batyr çykyp gitdi... Selbinýazyň duýgularynam ogurlap gitdi... Esasy zat, çupa çupsyň gymmaty ýa-da göwrümi däldi. Esasy zat ünsdi, ygtybardy. Selbinýaz şu duýgular bilen öýüne ýetenini bilän galdy.
....Wakanyň başyna gelsek. Uly umytlar bilen ýola düşen Selbinýaz, Batyryň nazary düşip biläýjek ugurdan ýöredi. Başarsa Batyr tarapa seretmejek boldy, ýöne onuň özüne garamagyny isledi...
Batyr 1-2 sany deň-duşlary bilen başagaýdy, türgenleşýärdi. Selbinýazy belki görendir, belki gören däldir. Gören bolsa hökman gabatlaşsalar, görenini diline çykarar "köýnegiň owadan ekeni" diýäýmeli...
Käşgä... Käşgä gören bolaýsady-da, özi üçin örtenýänimi bir bilsedi-dä...
Selbinýaz zibilhana çenli aralygy ine şu duýgular bilen basyp ötdi... Yzyna gaýdyşyn hem, gözüniň gyýtagy bilen olara tarapa seretdi.. emma Batyryň özbaşyna perwaýsyz hereketleridi... Owarram. Birje bakan bolsa bolýa. Bu gezek görmese, ýene synanşaryn. Soň ýene... ýene... ýene... tää duýgularym sönýänçä....
SOŇY.
Awtor: Dark_Wolf
108
194
Arslan_Alaýew
20.04.2024 07:14
"MENIŇ JORAM RUH"
2-nji jemleýji bölimi...
Soň kakam ýarawsyzlyk tapyp aradan çykdy, ol dowur ejem meniň ýaşymda ýaly eken, kakam aradan çykansoň ony enem dagy mamamlara akidipdir menem ýanda. Biz soň mamamlarda ýaşap başladyk. Mamamam ejemi kan saklaman başga birne durmyşa çykardy. Meni bolsa alyp galdy. Soň mamama ejeme meni äkit diýemde taze kakalygym iliň tohymy gerekdal diýip meni akelaýme diýipdir, şeýdip ejem meni oz ýanyna äkitmedi
Mamamlaryň hem gelni bolansoň meni mamam öz ýogalan kakamlara äkitdi, baryp eneme meni berip gaýdypdyr. Öz çagaň çagajygy öziňiz eýe çykyň diýip berip gaýtdy
Men ondan soň eneme eje, atama kaka diýip başladym Indi men ol öýiň agtygy däl-de gyzy ýaly ulandym
Aý gün basym salymda geçip gitdi. Men 20 ýaşadym orta mekdebi gutaryp orta hunarmen mekdebe okuwa girdim. Ol taýda men bir ýigit bilen tanyşdym. Ikimiz bir almany ika bölen ýaly meňzeşdik, bize kursdaşlarmyz ekiz hem diýerdi. Men ol ýigdi gowy gördüm, oda meni, biz gunde duşuşup başladyk goruşýardik, bile sapaklarmyza taýynlanýardyk
Ol meni öz ene atasy bilen tanyşdyrdy. Men onyň ejesin goremde ol eje meniň üçin iň mahriban ejedi
Wagt bolsa geçip durdy bir gun ol ýigit meniň telefonym görjek diýip aldy we onyň ýuzindaki kiçijek çagajygy gorup sorady
Men bolsa bu men, men ol wagtlar bolsam iki üç ýaşymdadym diýdim. Ol ýigit ol suraty alyp portret etdirjek diýdi, menem alaý diýdim...
Birden gapy ýene jygyldady. Gorkmasana. Soň Meniň ruh joram gorkma ol meni salmaga gelen ýigitdir diýdi
Men
- nämeeeeeeeeeee
- gorkmasana
- Gorkmaz ýalymy, öýi garyndaşlarňyzdan doldyrdyňa
Yzyny çaltjak aýtda ol ýigdiň hem alda meni terk et
Ýogsa-da ol ýigit barde name işleýar ýa oda ruhmy
- hawa, ruh oda bu ýagty dunýani menden sahel sagat öň terk etdi.
Aýtsana oňa näme boldy
Meniň ýigdimi awtomobil kakdy
- dolygyna aýt bolmasa men duşunemoga
- bolýa
- Ol meniň suratym portret etdirip öýlerine eltýär we maňa görkezmänkä ony ejesine görkezýar
-Eje geljekki gelinligiň çagalyk dowrine seret, mosalajyk ekeni diýýar
Ejesi suraty eline alyp göni ýykylýar we
- jan oglym, başga haýsy gyzy saýlasaň saýla ýone bu gyz diýme, diýip özelenip ýalwarýar, bu bolsa alsama şo gyzy alaryn bolmasada hiçem öýlenmen diýýar
- ýöne ol gyzy alma
- eje suraty gorup ýone alma diýip dursyňla duýnjik öziň oňa okuwňyz gutar gudaçylyga barjak, oglym sen ýaly gyzy saýlanyna begenýan diýip durdyňa, a bu gün name boldy
- oglym bu gyz seniň uýaň, bu gyz meniň gyzym, men muny 20 ýyl mundan öň öz aradan çykan kakasynyň öýine zyňyp gaýtdym, seniň kakaň iliň tohymy gerekdal diýensoň taşlamaly boldym, senem duşun senem indi uly oglana, saňa öz uýaňy gelin edip alyp berip bilmena
- eje, meniň ömrümiň kulin asmana sowurdyňa, men indi bu wakany gyza nadip aýdaýyn diýip eline portredi alyp gelip, maňa bar zady aýtdy we okuwy taşlap daşary ýurda gitjekligin bu namysa çydap bilmeýänini aýdyp ýanymdan ýola ýöredi, uly ýolyň gyrasy bolansoň kelle başaýlowda ýoldan gelýan uly ýük maşyny gorman maşynyň aşagyna duşdi, gözimiň alynda gowy gören ýigdimi maşyn kakdy.
Men onsyz ýaşap biljek däldim, ol diri hem bolsa bize bu dunýede ak pata berjek ýok
Soň menem dükandan banka ýapýas diýip uksus aldymda ýüzim ugryna ony içdim
Galan zady bolsa sen öziň bilýäň
— indi men näme etmeli
Sen öýe bar we men hiç hili oglan üçin içmedim, meniň gowy gören ýigdim maňa barmagyny hem degirmedi, men guldende päk, we ol saýlan ýigdim meni aljak diýip aldamady ol bar zada meniň üçin taýyndy, uly toý tutyp gelinalyjy maşyny gygyrdyp, at çapdyryp, göreş tutdyryp hatda it ýaryşyn hem gurnap ulydan toý tutmagy meýilleşdirýadik, ýöne maňlaýmyza ýazylan keç ykbal bizi aýra saldy
Sen öýe barda bar zady ejeme kakama aýt, goý olar bilsinler, meniň arassalygym
- seni almaga gelen hossarlaryň içinde bir gyz gaty erbet çirkin ses bilen aglady ol gyz kim
- ol gyz meniň joram, ol bar zady bilýar, joramyň meni ölüme elten sebaplerden hem azda kande habary bar, sebabi men uksus almaga gidemde oňa jaň edip - menden razy bol, meniň saýlap seçen ýigdim öz doganym bolyp çykdy, bize bu dunýede birleşmek ýok men onyň ýanyna barýan diýdimde trupkamy goýypdym
Sen meniň haýyşymy ýerine ýetirermiň!?
- hawa
- minnetdar
104
123
Arslan_Alaýew
19.04.2024 13:12
MENIŇ JORAM RUH"
1-nji bölimi...
Işden öýe gelenim hem şoldy welin, renimasiýada işleýan tanyş gyzlaň biri jaň etdi
- Agyz öýdemi?
- hawa şu wagt gelip durşym
- joramjan şu gün gaýrat etde ýekeje gün maňa derek gijeki nobotçy duryp beraýdä, müdürim jogap berenok, kursdaş joram toý edýar şoňa gitjek
- ýadowdym nadip gije smene durarkam
- şonsyz hem ýatyp baraňok, gaýrat edaý, soň menem işiň çyksa duryp bererindä
- erte bolanokmy
- ýok şu gun
- bolýa
Täzeden eşiklerim geýip işe ýöredim
Smenin alyp, işleri bir laý edip çykyncam gije 11 töwerek bolypdyr
Asuda işde otyrdyk welin daşardan agy gatyşykly sesler gelip başlady.
Ýerimizden turyp nasagy kabul etdik.
Bu günki nasag 19-20 ýaşlaryndaky gyzdy. Ol gyz sirke(uksus) içip ölümiň bari ýanynda hasahana getirlipdir.
Derrew aşgazanyny yuwyp etmeli zatlaryn etdik, nasag damjaň aşagynda demin sanap ýatyrdy, sagat gije 2-3 töwerekläpdi. Renimasiýanyň içi dymdyrslykly.
Bu gyzyň elinden tutyp damaryndaky ukolyn edip durdym. Ýadow bolamsoň aralygynda irkilenim duýman galdym.
Birden gulagyma ses eşdildi
- Agyz jora, ukol edip hem otyrma, peýdasy ýok,
Ziňkillap gitdim
- waý sen kim
- men seniň ukol edip otyran gyzyň ruhy
- goý kellani çaşyrma, ýadowlyk düýşe ornaşdy öýtýan
- ýok duýş däl, sen maňa kömek etmeli
- ruhamy
- bedeni ruhy terk etdi, indi peýdasy ýok, sen meniň öýmize gitde meniň aýdan zadym etsene
- agyz men siziň öýüňizi nirden tapaýyn, onsoň hem nameüçin uksus içdiň ejeň kakaňa ýuregiň gyýlanokmy, oglan üçin dagy uksus içip
- siz lukmanlar derrew ýaş gyz uksus içse ýa ölse oglan badyr diýip düşunýäňiz, durmyşda ondan beter zatlar hem bar ahyry
- hany maňa başdan gurruň ber...
- bolýa, aýdaýyn ýöne, soň maňa kömek edermiň
- howa soň kömek etjek: —diýenim hem şoldy welin kärdeşim girip
- ukollaryny aýyr, boljak iş boldy, nebir gyzy elden gidirdik azajyk irräk getiren bolsalar beýle bolmasa bolmazdam welin gaty giç getirdilerdä ...
- ýok lukman bu gyz ölenok men ýaňja-da gepleşip durdym, Alla bar gepleşip durdym
Lukman ýylgyrdy-da
- onyň endamy sowyk, onyň ýogalandygy eliňe bildirip dur, dem ýok, pulsy ýok
Hany taýynla ölini hossarlary alyp gitjek bolýar
Lukman bu gyz maňa bir zat gurruň berip durdy, siz girdiňiz welin ol symzyýat bolaýdyda
Lukman başyn ýaýkady-da bol onda çaltrak diýip çykyp gitdi
Ol gyzyň hossarlary gelip ala zenzele edip aglap alyp gitdi, olaryň içinde bir gyz has beter ýer bagyrtlap aglaýardy, göz ýaşym saklap bilmedim, ýaş ölüm bolansoň adam bary gelipdi.
Iş wagtym dolyp öýe gaýtdym gelip hiç ynjalmadym, ol ruh maňa name aýtjak boldyka onyň arman çeken zady nämekä?...
Uzyn gün hysyrdap öýiň işi bilen başagaý bolyp geçirdim
Garaňky gatlaşdy. Ýatar wagt boldy welin ir gözinden ýerime geçip ýataýynla diýip öz otagyma geçdim
Otagyma girip bulaşyp ýatan kagyz böleklerin ýygnaşdyrdym, olary eýläk beýlak saýhallaşdyrdym.
Ýöne men her hereket edemde golaýjykdan alynýan demi eştýardim, diňşirgäp durdym, ol dem ýok, ýene kagyzlaryma, kitabyma guýmenýan welin ol dem has hem güýjeýär
Ahyr
- hany görün, bukdaklap otyrmada, diýip oňa ýüzlendim
Ol dymdy
- ýeri ýeri bolýa, gorun gözime, demim bilen dem alyp durşyň eşdip durna
Ol ses ýene ýitdi
Ýerime geçdim
Kitaba guýmenip, ýadadym we elime telefonym aldym. Telefonyň ýagtysyna bir zadyň ustume awanyp duranyny aňdym
Aý senema çalt çyk näme meni gorkyzjak bolýamyň, birden işik çygyldady, ýerimden turyp işigi ýapyp ýerime ýöränim hem şoldy weli şalkyldap äpisgamiz giňden açyldy, öýe giren salkyn howa bilen bir kolegani ýene aňdym ýöne gygyrmadym, aý gorkmadym, nadip gorkjak görýanim wampirli ruhly kino, işim hem gunde gan we iriň, ýara, öli, diri.
Ýerime geçip ýatdym, irkilipdirin, birden golaýjygymda biri haşlap dem alýar, ýene ziňkillap turdym
- sen bara Ruh meni infarkt berdirýaň, hany gorunsene: - diýdim
107
168