😱😱😱HIÇ WAGT 666 BELGÄ JAŇ ETME!!!😱😱😱
Men size bu wakany siziň ruhuňyzy goramak üçin gürrüň beresim gelýä. Çünki meňkini eýýäm goramakdan giç. Hemme zat dossumyň gurnan oturylyşygyndan başlady. Dostlarymyň biri gyzykly fakt gürrüň beripdi. Göýä amerikanyň özüne kast edijileriniň (suisitleriniň) 82%-i 666 belgä jaň etýälermiş. “Heh, menä ynanamok. Çüýşe towlap jedel edelimi, men şol belgä jaň ederin we hiç hili özüňe kast etmek barada gürrüň bolmaz” diýip. Men gürledim Nähili samsyk bolupdyryn. 666 belgä jaň etdim, hiçhili gudok gitmedi. Diňe dym dyrslykdy. “Aýtdyma, olar ýaly zat ýok, samsyklygow bu” diýip seslendim.
Ertesi gün men bu zatlary unudypdym. Agşamyna söýgülimiň jaňyna garaşýadym. Birdenem jaň geldi, ekranyň ýüzüne seretmän jaňy aldym. Elhenç sesli aýal “SEN DURMUŞYŇY DOWZAHA ÖWÜRDIŇ” diýip gürledi. Ekranyň ýüzüne seretsem, 666 belgiden jaň gelipdir. Gorky tutuş endamymy gurşap aldy. Gözümiň gyýtagy bilen kimdir biriniň hereketini gördüm. Gapdalyma seredip ony gördüm uzyn boýly, çypar (ryžyý) saçly adam, gözleri oýukdy, burny ýokdy. Meniň otagymda hereket edip, kitaplarymy zyňyşdyrýady. Soňra podokolnigiň üstüne münüp, äpişgäni döwüp böküp çykdy. Gorkujymdan ýaňa hereket edip bilemokdym. Uky derman içip, ýatmaga çalşdym.
Ir bilen turup tas özümden gitýädim. Tutuş krowadym kellesi kesilen alakalardan dolydy. Derrew şähere çykdym. Münen marşrutkamyň içinde ýanymda häli çypar saçly adam otyrdy. Birdenem ol ýerinden turup, egilip marşrutkanyň sürüjisini bogmana başlady. Marşrutka köprüden birnäçe gezek togalanyp gaýtdy. Sürüji we menden galan ähli ýolagçylar wepat boldy. Iki gijeläp hassanada ýatdym Şol iki gije çypar saçly meniň krowadymyň üstünden turman otyrdy. Kätelerine gulagymyň ýanyna egilip “BULAŇ BARYSY SENDEN BOLDY, OLARYŇ ÄHLISI SEN SEBÄPLI ÖLDI, NÄHILI EKEN, HÄ? GANHOR” diýip, pyşyrdaýardy. Daň säheriň ilkinji Gün şöhlelerinde çypar adam ýitirim bolýardy. Menden başga ony hiç kim görüp bilenokdy.
Öýe gelip, gören zatlarymdan ýaňa kelläm çaşdy. Gapy sypjyryklardan dolydy. Diwaryň köp bölegi gan bilen çyrşalypdy. Soňabaka ol çypar adam gündizlerine hem gelmäne başlady. Otagyň içinde gezip gygyrýady, gap çanaklary, mebelleri döwüşdirýädi. Öýe her hili mör-nöjekleri, jandarlary getirip gözümiň alnynda iýýärdi. Meni bolsa bularyň ählisine seretmäge mejbur etýärdi. Kellämi öwürdigim, ol maňa gaharlanyp, maňa tarap çüýrük bir jandaryň jesedini zyňyp gygyrýady. Öýden gaçyp gitjek bolsam arkamdan yza çekip, geçelgäniň öňünde böwet bolup durýady. Aýnalary bolsa gara gana bulap, hiç hili şöhle gelmez ýaly edip goýupdy. Näme üçindir meni hiç kim gözlänokdy. Uklamazlyga çalyşýadym. Çydaman uklan halatymda, oýanyp görsem kellamiň gapdalynda duran ýassygyň içine çümdürilen pyçagy görýädim. Krandan suw dälde, ýaşyl porsy ysly suwuklyk akýady. 6njy gün men aýnadan bökmäne synanyşdym. Emma çypar meniň egnimden çekip yzyma itedi. Damarymy kesjek bolsamam, içime depip päsgel berýädi. 7nji gün ol maňa kagyz uzatdy. Kagyzda ruhumy şeýtana satýanlygym barada razyçylyk bardy. Oňa gol çekmekden başga alajym ýokdy. Ýöne men soňky smsi ýazmaga rugsat soradym.
Hiç wagt 666 belgä jaň etmäň, HIÇ WAGT!!!