Arslan_Alaýew
07.05.2024 14:22

Ejejan, näme üçin jigimi, kän adam äkitdi... !? (Bolan waka)



Nabat üç gyz doganyň körpesidi.
Ol bolsa 4-5 ýaşlaryndady. Uly gyz dogany Şirin, ortanjysy Şeker soň bolsa Nabatdy.
Oglan jigleri ýokdy.
Nabatjyk bu gün örän şatdy, sebäbi kakasy "Barbi" gurjagyň uly gutysyny getirip beripdi.
Onyň içinde 4 sany gurjak bardy.
Ol sary saçlyjany alyp onyň adyna Şirin dakdy, mele saçlyjasyna Şeker dakdy, ak saçlyjasyna bolsa öz adyny goýdy, ýöne saçyňy seniň boýajakdyryn diýip gurjagyna berk tabşyrdy ,4- nji gurjagy kastyum jalwar geýdirilen oglanjykdy. Oňa welin näme dakjagyn bilmedi
Nabatjyk gurjaklarny bagryna basyp oýnaýardy, olaryň saçyny darap,günde birnäçe gezek bezeýardi.
Oýna güýmenip otyran Nabatjyk ejesiniň ýanyna gelenini duýmady. Ejesi
-— Gyzym gurjaklaryňa at dakdyňmy
-— Hawa eje dakdym
- Oglanjyga näme dakdyň
- Ony bilemoga
-— Bilmeseň Şatlyk dakaý,biz kakaň bilen Şatlyk bäbek almaga gitjek basym
— Eje Şatlyk bäbek almaga gideňižde menäm äkidäýdä
- Bor balam
Nabatjyk begendi we hemme goňşylara, biz basym Şatlyk bäbek alýas diýip buşdylap çykdy
Nabatjygyň garaşanja pursady hem gelip ýetdi.
Ejesini hassahana äkidende kakasy bilen gitjek bolyp aglap iş boldy.
Zordan alyp galdylar. Ejesiniň giden güni agşamlyk nahardan sähel salym geçmäňkä öýe jaň geldi
- kakam jaň etýar, kakam jaň etýar, diýip ylgap telefony aldy. Jaň eden hakykatdanda kakasydy
- kaka ejem bilen Şatlyk bäbek aldyňyzmy?
- hawa gyzym aldyk, özäm saňa meňzeşje
-uraaaaaaa biz bäbek aldyk, bäbek aldyk diýip el çarpyp bökjekledi.Hemmeler begendi
Ertesi kakasy bilen hassahana gitdi, jigsini görüp gaýtdy
Aradan üç gün geçenden soň ejesi eli bäbekli öýe dolandy
Nabatjyk begenýardi, bäbejigiň gelen güni Şatlyjygyň ilki bilen ýüzini görkezmän aýajygyny görkezdiler, basdaş jigi alynanda gabanmaz ýaly diýip enesi
— Nabatjan guzym bäbegiň aýajygyna seret, ine seret kiçijek aýajyklaryna
— gördüm ene, diýip kiçijek aýajyga seredip durdy, bu kiçijek aýajyklar gurjagynyň aýajygyna meňzeşdi
Öýe şatlyk nury çaýdy, öýe garaşylýan oglan bäbek geldi, hemmeler begendi .
Uly edip aýdym sazly pişme toý etdiler
Toýdan soň Şatlyjygyň ýagdaýy üýtgedi, gije gyzmany tapyp başlady ,däri derman berip,bir iki gün geçdi, ahyr bolmajagyn bilip hassahana äkitdiler
Çagaň ýagdaýy beterleşipdi, lukmanlar gijirak alyp gelipsiňiz diýdiler
Barlagdan geçirdiler.
Kesel kesgidi: Ýiti içege ýokanjy Çaga doga ýürek kemisligi. Gan azlyk //-/// dereje.Neýrotoksikoz
Çagajygyň ýagdaýy agyrdy we daňdan Şatlyjak bu maşgalany ,bir begendirdi-de soň terk etmeli boldy. Çaga dünýaden ötdi. Demsiz ýatan çagany bagryna basyp öýe gelende Nabatjygyň ejesi zordan aýak üstünde durýardy.Zemin bilen asman birikdi, dünýe gapyşdy, ene üçin eziz perzendini ýitirmekden agyr jeza ýok eken
Çaga kiçi bolansoň kän saklaman jaýlanyldy
Öýe üýşüp gelen molladyr, adamlary gören Nabatjyk sesin goýman aglady, ony ele alyp maşyna münenlerini ,öýde äpişgäniň öňine baryp içerden görende, sesiniň ýetdiginden gygyryp aglady, ejesiniň sesin eşdip öňküdende beter aglady, ýöne oňa goý diýen bolmady
Nabatjyk Şatlygy äkiden adamlary ýigrendi, uraýasy gelýardi
Öýle çagy Nabatjyk ejesiniň ýanyna baranda ilkinji soragy şu boldy
-— eje näme üçin jigimi kän adam äkitdi !? Indäm getirenoklar,ejejan men olary ýigrenýän? - diýdi
Nabatjygyň ejesi Nabatjygy bagryna basyp
- Jigiň hökman geler,balam, ýöne sen ine şeýle ösmeli,ulalmaly ana şonda gelýar! - diýip eli bilen Nabatjygyň depesinden eli bilen görkezdi.
Sen ösmek üçin köp nahar iýmeli
Nabatjygyň ýüzi açyldy we nahar iýmäge doganyň ýanyna ylgady...!?
Nabatjygyň yzyndan göz ýaşyn süpüren ene, ýene ýanyn ýere berdi ....

Göz guwanjym jiger bendim jan balam
Bu nä boluş bir begenip gynandym
Bagrym girýan tike-tike bölündi
Eje üçin agyr jeza ....!!!
Balasynyň özinden öň
Ölmegi ......!?
108
114
PILOT👮‍♂️✈🛩
7 May 2024
😟
alma___
7 May 2024
Òz balañy eliñ bilen jaýlama 😥
ideallider
7 May 2024
Agyrdyr, kyndyr. Ýekeje içgunjyk EnşAlla jennetidir.
suray94
7 May 2024
@okyyjy, Amin
okyyjy
7 May 2024
Alla hiçkime görkezmesin
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.