ArslanYazly
13.10.2024 23:00
Sorasañ aýdaýyn kyýamat nedir,
Erkekler ownasa kyýamat şodyr.
Her başy telpeklä goýmagyn gadyr,
5 telpegi 1 gyñaja dañyp git.

Kerim Gurbannepesow
15
79
ArslanYazly
22.08.2024 18:53
Covid-19 pandemiýasyndan soň dünýäniň dürli künjeklerinde howsala döredip başlan wirus kesellerinden biri, ýaňy-ýakynda ýüze çykan Monkeypox wirusy (MPOX). Bu kesel deri döküntgilerine, limfa düwünleriniñ ulalmagyna we gyzzyrma sebäp bolup biler. Köp adamda bu kesel doly bejerilýär, ýöne käbirleri üçin ölüm howply derejä ýetip biler. Covid-19-a meňzeş alamatlary bolan bu keselden goranmak üçin aşakdaky usullar maslahat berilýär:

1.Mümkin boldugyça, öýden we öz otagyňyzdan çykmañ.
2.Teniñizde emele gelen ýaralara degmezden ozal ýa-da soň elleriňizi sabynlap ýuwuñ ýa-da dezinfisirleýji erginler bilen arassalañ.
3.Örgünler gutarýança başga adamlaryň töwereginde maska ​​geýiň we ýaralary ýapyk saklañ.
4.Deriňizi gurak we arassa saklaň (başga biri bilen bir otagda bolmasaňyz).
5.Köpçülikleýin ýerlerde töwerekdãki zatlary ellemekden saklanyň.
6.Agyz boşlugyndaky ýaralar üçin duzly suwly erginler bilen çaýkaň.
7.Ýaralary gaşap ýüzüni sypyrmañ.
25
342
ArslanYazly
20.02.2024 21:23
Küşt oýny durmuş ýalydyr! Her beren kararyñ üstünligede eltip biler, şowsuzlygada!
32
160
ArslanYazly
16.02.2024 21:32
Aşgazan-iýmit siňdiriş ýolunyň giňelmesi görnüşinde gyzylödegiň we onikibarmak içegäniň aralygynda ýerleşendir. Mäzleriň bölüp çykarýan aşgazan şiresi iýmit siňdiriş fermentleri, duz kislotasyny, fiziologiki aktiw maddalary saklap, beloklary, az-kem ýaglary dargadýar, bakterisid häsiýeti mahsusdyr, nemli barda anemiýa garşy maddalary işläp çykarýar, olar çylşyrymly birleşmeler bolup, gan emele getirmäge täsir edýärler.

Ýiti gastrit-giňden ýaýran keseldir. Ýönekeý, korroziw we flegmonoz ýiti gastritleri tapawutlandyrýarlar.

Korroziw gastrit we flegmonoz gastrit-başgaça oňa ýyldyrym çaltlygyndaky gastrit diýilýändir-ýiti gastritiň aýratyn görnüşleridir. Korroziw gastrit aşgazanyň şirejimek örtügine turşulyklar  we aşgarlar düşende döreýär, ikinjisi örän seýrek duş gelýän keseldir  we aşgazanyň bütin diwarynyň ýa-da onuň bölüminiň iriňli zeperlenmesi bolmak  bilen häsiýetlendirilýär.  Iki görnüşinde-de kliniki geçiş akymy agyrdyr. Aşgazanyň deşilmekligi bolup biler.

Dowamly gastriti dörediji sebäpleriň arasynda iýmit faktory esasy ähmiýete eýedir. Ýaramaz hilli, irimçik, ýagly, kyn siňýän, juda sowuk ýa-da juda gyzgyn iýmitler iýmek, güýçli alkogolly içgileri içmek keseliň esasy sebäpleridir. Käbir derman serişdeler, steroid gormonlar aşgazanyň şirejimek örtüginiň gyjyndyrmaklygyna getirip biler. Käte käbir iýmit önümlerine (ýumurtga, balyk) allergik gaýtargylar ähmiýete eýedirler.
Helikobakteria pilory  ýokanjy dowamly gastritiň iň ýygy sebäbi bolup durýar. 
  Autoimmun faktor:Olar aşgazanyň duz turşusyny bölüp çykarýan nemli bardasynyň parietal öýjüklerinde  autoantitelalary döredýärler.
  Duodenogastral reflýuksy-  dowamly gastritiň ýygy sebäbidir. Munda öt bilen garylan duodenal we pankreatiki şireler aşgazana düşüp, olar nemli böwedi dargadýarlar we reflýuks gastritiň döremegine getirýärler.
     Autoimmun gastriti aşgazanyň düýbünde we  bedeninde  ýerleşip,  ol  meýdançalarda  nemli bardalaryň atrofiýasy bolup geçýär. Steroid däl alawlama garşy serişdeleriniň içilmegi  bilen  döreýän dowamly gastrit  howply şertleri bar bolan adamlarda:  gartaşan adamlarda, anamnezinde dowamly gepatit, dowamly daşly we daşsyz holesistit, pankreatit bar bolan adamlarda  döreyär.

Bejergi çäreleri hökmünde gastroenterolog lukmana ýüz tutmaly. Şu bejergileri bellemegi mümkin:
Berhiz bejergisi: Iýmit ýyly görnüşinde bolup, ony gyzgyn we sowuk halda iýmeli däldir.  Ol ownuk dogralmaly we bugda bişmelidir. Turşy,  ajy,  gazly bolmaly däl.  Näsaglara gaýnadylan et, balyk, süýtli aşlar, turşy bolmadyk süýt önümlerini, gaýnadylan gök önümleri iýmek, kisel, mineral suwlar, kakao, çaý içmeklik maslahat berilýär.
Dermanlyk otlar bilen bejergi: Dowamly helikobakter gastritinde kadaly ýa- da ýokary sekresiýaly funksiýasynda alawlama garşy, adsorbirleýji täsirleri bar bolan derman otlar ulanylýar. Olardan çopantelpek ,narpyz, ýandak, arpa we beýlekiler 2-3 aýlap belenilýär.
Fiziobejergi: Dowamly gastritiň saklanan we ýokary sekresiýasynda mineral suwlary içmek aşgazan mäzleriniň oýanyjylygyny peseltmäge, motorikany we ewakuasiýa funksiýasyny gowlaşdyrmaga mümkünçilik berýär.
Sagaldyş gözegçiligi: Näsaglar ýylda 1- 2 gezek barlaglardan geçirilýär: ganyň we peşewiň umumy derňewi, aşgazan şiresiniň barlagy, FGDS, aşgazanyň we 12 barmak içegäniň rentgen barlagy.
24
46
ArslanYazly
27.12.2023 21:31
Bir alym doktor ýazyp geçipdir...
31
368
ArslanYazly
24.12.2023 23:38
“Koma” gadymy grek dilinden “çuň uky” diýlip terjime edilýär. Bu MNU-nyň koordinirleýji işjeňliginiň, organizmiň sazlaşygynyň, gomeostazyň bozulmagy bilen klinikada huşuň ýitirilmegi, hereket, duýujylyk we somatiki we ýaşaýyş üçin wajyp funksiýalaryň bozulmalary bilen häsiýetlenýän ýagdaýdyr.
Komalaryň ösüşiniň esasy sebäpleri.
• Kelle beýni şikesleri (KBŞ)
• Episindrom
• Ýiti zäherlenmeler
• Dürli tebigatly şoklar
• Neýroinfeksiýalar
• Umumy aşa sowadylmak
• Elektrotrawma
• Somatogen komalar.

Komanyň 4 sany agyrlyk derejesi bolýar:
1-nji derejeli koma(ýeňil dereje)-aňy ýok,erkin hereketler ýok,ýagtylyga we çagyryşa täsiri ýok,emma agyra we naşatyr spirtine reaksiýasy saklanýar,ýürek-damar we dem alyş ulgamynda bozulmalar bolmaýar,myşsa tonusy we siňir refleksleri peselen,ýuwdunmasy kynlaşan,göreçleçleriň fotoreaksiýasy gowşak,korneal refleksler saklanan.
2-nji derejeli koma (orta dereje)- daşky gyjyndyryjylara bolan reaksiýasy we aňy doly ýitirilen, göreçleçleriň fotoreaksiýasy gowşak,korneal we siňir refleksleri örän peselen,ýuwdunmasy bozulan,çanaklyk organlaryň funksiýasy peselen,patologiki dem alyş (Kussmaulyň,Çeýn Stoksyň),ýürek-damar ulgamynyň işi bozulan.
3-nji derejeli koma (atoniki koma)-aňyň,ýürek-damar ulgamynyň işiniň bozulmasy esasyndaky refleksleriň ýitmegi,patologiki dem alyş.
4-nji derejeli koma(çäkden geçýän koma)-özbaşdak dem alyşyň bolmazlygy,doly arefleksiýanyň esasynda ýürek-damar ulgamynyň işiniň gödek bozulmasy.
22
63
ArslanYazly
17.12.2023 20:54
Love forever 🦷🤍🦷
34
355
ArslanYazly
03.12.2023 12:41
Siziñ pikiriñizçe haýsy koronka ýokary hilli?
29
392
ArslanYazly
28.11.2023 20:16
Film "The Godfather"
30
388
ArslanYazly
23.11.2023 14:44
Haçanda çipsi iýeñde dişiñ agyrsa!😬
36
513