ArslanYazly
24.12.2023 23:38
“Koma” gadymy grek dilinden “çuň uky” diýlip terjime edilýär. Bu MNU-nyň koordinirleýji işjeňliginiň, organizmiň sazlaşygynyň, gomeostazyň bozulmagy bilen klinikada huşuň ýitirilmegi, hereket, duýujylyk we somatiki we ýaşaýyş üçin wajyp funksiýalaryň bozulmalary bilen häsiýetlenýän ýagdaýdyr.
Komalaryň ösüşiniň esasy sebäpleri.
• Kelle beýni şikesleri (KBŞ)
• Episindrom
• Ýiti zäherlenmeler
• Dürli tebigatly şoklar
• Neýroinfeksiýalar
• Umumy aşa sowadylmak
• Elektrotrawma
• Somatogen komalar.

Komanyň 4 sany agyrlyk derejesi bolýar:
1-nji derejeli koma(ýeňil dereje)-aňy ýok,erkin hereketler ýok,ýagtylyga we çagyryşa täsiri ýok,emma agyra we naşatyr spirtine reaksiýasy saklanýar,ýürek-damar we dem alyş ulgamynda bozulmalar bolmaýar,myşsa tonusy we siňir refleksleri peselen,ýuwdunmasy kynlaşan,göreçleçleriň fotoreaksiýasy gowşak,korneal refleksler saklanan.
2-nji derejeli koma (orta dereje)- daşky gyjyndyryjylara bolan reaksiýasy we aňy doly ýitirilen, göreçleçleriň fotoreaksiýasy gowşak,korneal we siňir refleksleri örän peselen,ýuwdunmasy bozulan,çanaklyk organlaryň funksiýasy peselen,patologiki dem alyş (Kussmaulyň,Çeýn Stoksyň),ýürek-damar ulgamynyň işi bozulan.
3-nji derejeli koma (atoniki koma)-aňyň,ýürek-damar ulgamynyň işiniň bozulmasy esasyndaky refleksleriň ýitmegi,patologiki dem alyş.
4-nji derejeli koma(çäkden geçýän koma)-özbaşdak dem alyşyň bolmazlygy,doly arefleksiýanyň esasynda ýürek-damar ulgamynyň işiniň gödek bozulmasy.
22
63
Relax
25 Dekabr 2023
ArslanYazly
25 Dekabr 2023
@Relax, sagbol Tañry ýalkasyn
ArslanYazly
24 Dekabr 2023
@Relax, Hudaýa şükür gowy menem!
Relax
24 Dekabr 2023
@ArslanYazly, Gowy , ozin gowmy ? gmail ayt ugradayyn
ArslanYazly
24 Dekabr 2023
@Relax, Salam gowmy ýagdaýlañ? Ýok sylka berlenok
Relax
24 Dekabr 2023
Salam ,editor panel sylkasy berildimi sana
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.