ArslanYazly
16.02.2024 21:32
Aşgazan-iýmit siňdiriş ýolunyň giňelmesi görnüşinde gyzylödegiň we onikibarmak içegäniň aralygynda ýerleşendir. Mäzleriň bölüp çykarýan aşgazan şiresi iýmit siňdiriş fermentleri, duz kislotasyny, fiziologiki aktiw maddalary saklap, beloklary, az-kem ýaglary dargadýar, bakterisid häsiýeti mahsusdyr, nemli barda anemiýa garşy maddalary işläp çykarýar, olar çylşyrymly birleşmeler bolup, gan emele getirmäge täsir edýärler.

Ýiti gastrit-giňden ýaýran keseldir. Ýönekeý, korroziw we flegmonoz ýiti gastritleri tapawutlandyrýarlar.

Korroziw gastrit we flegmonoz gastrit-başgaça oňa ýyldyrym çaltlygyndaky gastrit diýilýändir-ýiti gastritiň aýratyn görnüşleridir. Korroziw gastrit aşgazanyň şirejimek örtügine turşulyklar  we aşgarlar düşende döreýär, ikinjisi örän seýrek duş gelýän keseldir  we aşgazanyň bütin diwarynyň ýa-da onuň bölüminiň iriňli zeperlenmesi bolmak  bilen häsiýetlendirilýär.  Iki görnüşinde-de kliniki geçiş akymy agyrdyr. Aşgazanyň deşilmekligi bolup biler.

Dowamly gastriti dörediji sebäpleriň arasynda iýmit faktory esasy ähmiýete eýedir. Ýaramaz hilli, irimçik, ýagly, kyn siňýän, juda sowuk ýa-da juda gyzgyn iýmitler iýmek, güýçli alkogolly içgileri içmek keseliň esasy sebäpleridir. Käbir derman serişdeler, steroid gormonlar aşgazanyň şirejimek örtüginiň gyjyndyrmaklygyna getirip biler. Käte käbir iýmit önümlerine (ýumurtga, balyk) allergik gaýtargylar ähmiýete eýedirler.
Helikobakteria pilory  ýokanjy dowamly gastritiň iň ýygy sebäbi bolup durýar. 
  Autoimmun faktor:Olar aşgazanyň duz turşusyny bölüp çykarýan nemli bardasynyň parietal öýjüklerinde  autoantitelalary döredýärler.
  Duodenogastral reflýuksy-  dowamly gastritiň ýygy sebäbidir. Munda öt bilen garylan duodenal we pankreatiki şireler aşgazana düşüp, olar nemli böwedi dargadýarlar we reflýuks gastritiň döremegine getirýärler.
     Autoimmun gastriti aşgazanyň düýbünde we  bedeninde  ýerleşip,  ol  meýdançalarda  nemli bardalaryň atrofiýasy bolup geçýär. Steroid däl alawlama garşy serişdeleriniň içilmegi  bilen  döreýän dowamly gastrit  howply şertleri bar bolan adamlarda:  gartaşan adamlarda, anamnezinde dowamly gepatit, dowamly daşly we daşsyz holesistit, pankreatit bar bolan adamlarda  döreyär.

Bejergi çäreleri hökmünde gastroenterolog lukmana ýüz tutmaly. Şu bejergileri bellemegi mümkin:
Berhiz bejergisi: Iýmit ýyly görnüşinde bolup, ony gyzgyn we sowuk halda iýmeli däldir.  Ol ownuk dogralmaly we bugda bişmelidir. Turşy,  ajy,  gazly bolmaly däl.  Näsaglara gaýnadylan et, balyk, süýtli aşlar, turşy bolmadyk süýt önümlerini, gaýnadylan gök önümleri iýmek, kisel, mineral suwlar, kakao, çaý içmeklik maslahat berilýär.
Dermanlyk otlar bilen bejergi: Dowamly helikobakter gastritinde kadaly ýa- da ýokary sekresiýaly funksiýasynda alawlama garşy, adsorbirleýji täsirleri bar bolan derman otlar ulanylýar. Olardan çopantelpek ,narpyz, ýandak, arpa we beýlekiler 2-3 aýlap belenilýär.
Fiziobejergi: Dowamly gastritiň saklanan we ýokary sekresiýasynda mineral suwlary içmek aşgazan mäzleriniň oýanyjylygyny peseltmäge, motorikany we ewakuasiýa funksiýasyny gowlaşdyrmaga mümkünçilik berýär.
Sagaldyş gözegçiligi: Näsaglar ýylda 1- 2 gezek barlaglardan geçirilýär: ganyň we peşewiň umumy derňewi, aşgazan şiresiniň barlagy, FGDS, aşgazanyň we 12 barmak içegäniň rentgen barlagy.
24
46
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.