Annagurban
28.06.2020 20:59
Annagurban Annagurbanow
"Bir düşinsediň, bir bilsediň."(oýlanma)

Hakyky duýgylarymy kemsitme, saňa beýle duýgylary päk ynsan bilen indi gabatlaşmarsyň,. Bileňok duýaňok, ýogsam seni illerden, özgelerden, üýtgeşik görýän, şolardan sen maňa aýratyn,. Ýok men özümi öwjek bolamok, sebäbi men seni gowy görýärin, hiç bir zada dözmeýädim hemme zatdan gysganýardym,. Indi indiler şol eden hereketlerime gaharymam gelýär. Oglanlaryň biri seni agzaýsa uzakly gün, şol seni diline alan oglany günine goýmazdym. "Näme üçin sen şony soradyň" diýip. Kä wagtlar bile okaýan gyzlaň bilen durkaň, el telefonyňa uzak wagtlap sereden wagtyň, hem gaharym gelýä hemem gabanýan, ýanyňa baryp eliňden telefony alyp seretme şuňa diýäýesim gelýärdi ynansaň,. Okuwdan soň gyzlar bilen elleşip sagbollaşaňda saňa gysganjymdan gabanjymdan diýäýesim gelýärdi," Boldyla ertir gelýäňä ýene okuwa şeýdip elleşip sagbollaşmak nämä gerek" diýäýesim gelýärdi. Okuwda wagtyň arakesme bolanda sen daşynda görünmeseň şo siziň okaýan otagyň agzyndan eýläk-beýläk ençe geçýärdim, seň näme işleýäniň görjek bolup, hol yzky partada hat ýazyp otyranyňy görip onsoň ýüregim ynç alýardy. Indi aýtsaň düşýändir ýadyňa, aýyn bolmasa bir bahana tapsam siziň okaýan otagyňyza barýardym. Ýa Mugallymdan birzat soran bolýardym, aslynda niýetim seni görmek üçindi, sen meň üçin şeýle ýakyn, hemem seni şeýle gowy görýän, wah bir bilseňdiň, bir düşinsediň,...
4
402
Annagurban
25.06.2020 13:55
《Gitme ýanymdan》
_
Bu dünýäde ýeke geze bilmerin, 
Gitme dünýäm, gitme meniñ ýanymdan
Ykbalymda sensiz ýaýnap-gülmerin, 
Ýalbarýan ezizim gitme ýanymdan.
_
Mydam söýüp gezjegiñe söz berdiñ, 
Şondan soñ kalbymyñ közüni dördüñ, 
Näme boldy meni müñ derde goýdyñ,
Gitmesene, gitme meniñ ýanymdan. 
_
Ýa meñ beren söýgümi az gördüñmi? 
Ýa-da göwne degjek sözüm diýdimmi? 
Ýa menden başgada birin söýdüñmi? 
Ýeketägim gitme meniñ ýanymdan. 
_
Arzuwlarym bardy bile toý-tutmak, 
Seň bilen arzuwlan bagtyma ýetmek, 
Saña ýaraşmaýar aýrylyp gitmek, 
Gitmesene, gitme meniñ ýanymdan. 
_
Annagurban ANNAGURBANOW
7
233
Annagurban
23.06.2020 01:39
Oglan gyz bilen bir-birini bek söýýärler. Ýöne düýipli sebäp bolany üçin gowşyp bilmeýärler. We oglanyň gyza soňky ýazan haty...

Soňky Hat (oýlanma esasynda)

Edil seni özümiňki ýaly hasap edip söýdim. Seniň mydamalyk eýýäň ýaly. Hiç gitmejek ýaly, aýra düşmejek ýaly. Ýöne ýüregimde bir kijijek ünji bardy. Arasynda ýüregimi gysdyran bir ünji ine şu gün şol ünji has hem gozgady. Indi sensiz nähili göz öňüme getireýin ykbal ýolumy ýa kellesine taýak bilen urlan ynsan ýaly gezmeli bolarynmy. Gitmegiňi asla islämok. Ýöne galyp bilmejegiňi hem bilýän. Hat-da gitmez, gitmesin menden, bolup bilmez diýip öz- özüm bilen gaty kän söwüşdim hamala şeýtsem düzeljek ýaly men kimi aldaýan diýsene. Bir gezeginde-de, öz-özüme uly sesim bilen gygyrdymam. " Sen adam şekilli söýen bolsaň şeýle bolmazdy" diýip ýöne näme Seniň ýa-da meniň söýgim bilen ölçeriljek ýagdaýam däl-di. Onda-da näme eliňden gidip barýanyna ynanasyň gelenokda. Ahyrynda nähilem bolsa men hakykaty kabul etmelä. Eýýäm çep gapdalymdaky sanjym artyp ugrady. Gulagymda bolsa menden gitýär, menden gitýär, diýen söz çyňlap dur. Maňlaýymyzy biri-birimiziňkä söýäp edilen arzuwdyr-Hyýallarmyz, çüýräp galar diýip pikirem etmändim. Hälden bäri öz elime seredip otyryn däli ýaly, hamala elimde seň eliň yzy galan ýaly gözüm ýumyp elimi tutanymda göýä elimden entekler seň mähriň gitmejek ýaly. Şeýle saňa baglanypdyryn, welin ýatdan çykarmak Indi ýeňil düşmese gerek. Wah ýeňil düşmejegini hä bilýän sebäbi sen ýüregimde ornadyň edil döwlen süňkiň täzeden bitişi ýaly, täze ekilen baglaryň kök urşy ýaly, sen hem ýüregimde şeýle ornadyň. Sensiz bir ýanym oýuk boljak ýaly. Indi dertli wagtym kim derdime seýik bolar. Keýipsiz wagtym kim ýüzümi güldirer. Sensiz durmuşum nähili boljagyny asla we asla pikir edip, hem bilemok. Sensiz ýaşyl öwsip otyran göwnim gurap çöle dönäýjek ýaly. Allam bir dilegim nirä gitseňem bagtyňy açyk etsin. Gülkiňi şatlygyňy kem etmesin. Eger aglaýsaňam agla, gaýgy alada dert hiç wagt gelmesin. Nirä gitseňem meň ýüregimde baky galarsyň sen.

Soňky hatym söýgülime

Annagurban ANNAGURBANOW
8
863
Annagurban
21.06.2020 18:25
Annagurban ANNAGURBANOW
(Senem şeýle boldyňmy)

Şul şoň gowy görýän kinosydy diýip, şol kinony gaýta-gaýta gördüňmi? Şu tagamy şol halaýady diýip, özüň taýynlap iýdiňmi? Öýüňe barýan ýol golaýam bolsa, şu ýoldan şol ýöreýädi diýip, şoň ýörän ýolundan ýöräp, öýüňe daşdan aýlanyp gelip gördüňmi? Şul ynsanlar bilen şoň, kän arasy ýokdy diýip, senem şolar bilen gürleşmedik wagtyň boldymy? Ýa bolmasa şoň beren sowgadyny, öýüň bir ýerinde goýan bolsaň,. tapyp, şul sowgady şol gowy görip alandyr diýip, şol sowgada täzeden begenip gördüňmi? Käteler gijäň ýary oýanyp, jaň ýa-da sms geldimikä diýip, telefonyňa seretdiňmi? Ýa kä wagt el telefonyň jübiňdekä, jaň gelen-de, ýa sms gelen-de, şolmyka diýip, aljyraňly howsalaly telefonyňa seredip gördüňmi? Haýalja şemal bir atyr(müşk) ysyny burnyňa getirende, "Howwa şul şoň sepinýän atyry" diýip täzeden demiňi içine çekdiňmi? Ykbal öwrimi ters aýlanyp, heriňiz aýry ýollara eltip duşmasaňda, Goý bagtly bolsun mydam, ýylgyryp gezsin diýip, ýagşy dilegde gezdiňmi??
7
571
Annagurban
20.06.2020 11:06
"Oýlanma"

Seni söýip göz ýetirdim birzada
Kynçylyk ýok ejizlik bar dünýäde.

Gurbannazar ezizow

Howwa garaz birzat edip, baş alyp çyksa bolar kynçylykdan. Ýöne, ejizlikden baş alyp çykmak welin ýeňil düşmez eken. Howwa entegem şol ejizlikden baş alyp çykyp bilmän ýörişim, ýogsa saňa duşmazymdan ozal ejizlemäň nämediginem bilmezdim,

Sen ýanymdalygyňa arkyn bolup ýüregimdäkileri saňa ýaňzytmandyryn. bul meniň uly ýalňyşym. Aý näme, bile okap ýöremsoň, ikimiz hem şol bir okuwda, günde diýen ýaly görüşýäs, gürleşýäs, degişip gülişip, ýöremizsoň her sözüme ýylgyryp jogap bereňsoň içimdäki söýgini özüň hem duýýansyň öýdip ýöripdirin. Wah gürläsim gelýäle, bir saňa ýüregim açasym gelýäle, howwa öýde wagtym hemme aýtjak zatlarym ýat tutup, aýnaň öňine geçip gürleýänem, şo wagta gül ýaly, aýtjak zatlarym dilime gelip dur,. A ertrsi okuwa baramda welin başgaça... ýanyňa baryp gürlejek bolýan welin dilim tutulýan ýaly, hany bir ýaňy bişen hurmany iýeňde agzyň içi doňup, döşiňede-de iýeniň dykylyp galýara edil şolar ýaly-da, ýogsa ýeke wagtyňa-da gabadam gelýän, öz-özime diýýänem beýle-de bir utanjaňlyk ýygralyk bolar eken diýip, Kä wagt hat ýazyp bermegem pikirime gelýär. Ýa-da joralaryň birine diýip ber diýäýsemikämem diýýän-de, ýene joralaryma diýdirmän özüň aýdaýmaly ekeniň-dä, diýersiň öýtýän,. Kä wagtlar üýşip gyzlar-oglanlar bolup gürleşip otyranymyzda, oýun bilen biri-birilerine, plany saňa özüň ýalyjak dogumly gyz duşsyn diýip gülişýäs, Şonda sen ýanyragymda otyransoň maňa garap plany saňa-da özüň ýaly sada gyz duşsyn diýeniňde derrew yzyna jogap beresim gelýär" Şol sada gyz" sendä diýip, ýöne näme bu utanjaňlygym bilen sesimem çykaryp bilemok, Howwa şol aýtmaň çemesini gözläp ýörün, öýde wagtlap bolsa köplenç hindi kinolaryna tomaşa edýän, şolaň ýerinde özümi goýup görýän, edil aýdym aýtýan ýerlerinde däl-de, oglan gyza söýgisini aýtjak bolup kösenip meň günime düşip ýören ýerleri gyzykly gelýärdi, aý howwa bolmanam gyzykly geler derdiň bir bolsa, kinony görip otyrkam öz ýanymdan sesem beren bolýan eýdäýmeli, beýdäýmeli diýip, hamana özüm şo zatlary başarýan ýaly, Ugryna hemme zada taýyn şol meniňki bolsa bolýar,. Şu gyzy bir ömür boýy bagtly etmek borjuň diýseler, ýüzünden şatyk egsilmeli däl diýseler hossarlaň, ýüzüň çytman pikirlenmän, hat-da sözüni soňlamanka hossarlaň yrza bolardym ýöne.... Howwa şol gün güýz paslynyň soňky günidi, agaçlar hemme ýapraklaryny dökipdirler. Şol gündi meniňem umytlarymyň ýapraklar deý dökilen günidi, şol gündi seniň öz halanyň bardygyn bilen günüm, Şol gündi iň ejizlän günüm, ejizlemäň neneňsi agyrdygyn bilen günüm, Howwa şol sözler çyn eken...

Kynçylyk ýok
ejizlik bar dünýäde,

Annagurban Annagurbanow
9
484
Annagurban
09.06.2020 11:07
Annaguban ANNAGURBANOW
OÝLANMA
(Garaşmak)

Ähli zadyň jübidi neneň owadan görünýar,.
Isle ynsanlar, isle haýwanlar bolsun. Kä wagtlardagy ýolda-yzda gabat gelemde iki jübit aşyklara, bir salym seredip durýan, şolaň daşyndan özüm guwanýan,. Içimden" Allajan maňa-da şeýle jübit bolmak nesip etsin" diýýärdim,. Ýöne... Hemme zat pikir edişiňçe, arzuw edişiňçe bolmaýan eken,. Howwa şol wagt neneňsi şadyýan ýylgyryp gezip ýören oglanlaň biridim... Soňra welin sen çykdyň ykbal ýoluma,. Sen şeýle mähirli gyzlaryň biridiň, owadanlykda özge gyz-hä gözimede ilenokdy, kän pikirlenip kän oýlanyp ýörerdim, saňa nädip duýdyrmalydygyny öz halaýanymy, eý görýänimi ,söýýänimi
O gün kalbymy bire baglap duýdyrdym sen şo wagtlaram meň söýgime sowuk- sala garaýadyň, gürleşsegem seň sözüň sowuklygyny duýýadym,. Ýöne näme bir umyt kalbymy özine boýun etýärdi. Diňe" bir gün söýer, bir saňa düşiner" diýen umyt maňa golutgy berýädi. Ýöne soňra ol umydym çym-pytyrak boldy, seň özge ýigide göwün bereniňi halaýanyňy bilemde bar umydym kül boldy, Howwa şol gün kalbym ýerinden çykaýjak bolup şeýle howsala düşipdi,." Indi näme etmeli" maňa bu durmuşda nämä höweslenmeli, kän wagt içim gürledip gezdim, nirä urunjagymy näme etjegimi bilmän kän gezdim, Hat-da saňa niýetläp alan sowgadymam gowşyryp bilmedim, Her gezek şo sowgada gözüm düşende damagym dolup gidýär, Haçanda seniň adyňa meňzeş a:tlar eşdemde üstimden gaýnan suw dökilen ýaly bolýar, tisginip gitýän. Ençe gezekler duýdurdym saňa, neneňsi söýýänligimi, birjede maňa düşinmek islemediň. Ýöne mençe özge biri söýip bilmez seni,. Bär pikirim sen bolup galdyň, Ne ýadymdan çykýaň, ne-de özüň dolanýaň, wah bilýänle ýadymdan çykmajagyňy sebäbi sen kalbymda uly ýer aldyň, uly orun tutdyň, has dogrysy eýelediň kalbymy, Belki Allajan dileglerim kabul edip dolanarsyň, dolansaň mundan özge bagty islämok, ynansaň her gezek suratyňy elime alamda ulydan dem alyp," Käşgä sen meň bagtyma ýazylsadyň" diýýärin, ýöne nirede bolsaňam bagtyň bolsun, gaýgy-gussalar seň başyňa ilmesin, Kalbymdan hiç wagt hiç haçan çykmarsyň, meň kalbymda baky ýaşarsyň sen MELEGIM...
12
377