Annaguban ANNAGURBANOW
OÝLANMA
(Garaşmak)
Ähli zadyň jübidi neneň owadan görünýar,.
Isle ynsanlar, isle haýwanlar bolsun. Kä wagtlardagy ýolda-yzda gabat gelemde iki jübit aşyklara, bir salym seredip durýan, şolaň daşyndan özüm guwanýan,. Içimden" Allajan maňa-da şeýle jübit bolmak nesip etsin" diýýärdim,. Ýöne... Hemme zat pikir edişiňçe, arzuw edişiňçe bolmaýan eken,. Howwa şol wagt neneňsi şadyýan ýylgyryp gezip ýören oglanlaň biridim... Soňra welin sen çykdyň ykbal ýoluma,. Sen şeýle mähirli gyzlaryň biridiň, owadanlykda özge gyz-hä gözimede ilenokdy, kän pikirlenip kän oýlanyp ýörerdim, saňa nädip duýdyrmalydygyny öz halaýanymy, eý görýänimi ,söýýänimi
O gün kalbymy bire baglap duýdyrdym sen şo wagtlaram meň söýgime sowuk- sala garaýadyň, gürleşsegem seň sözüň sowuklygyny duýýadym,. Ýöne näme bir umyt kalbymy özine boýun etýärdi. Diňe" bir gün söýer, bir saňa düşiner" diýen umyt maňa golutgy berýädi. Ýöne soňra ol umydym çym-pytyrak boldy, seň özge ýigide göwün bereniňi halaýanyňy bilemde bar umydym kül boldy, Howwa şol gün kalbym ýerinden çykaýjak bolup şeýle howsala düşipdi,." Indi näme etmeli" maňa bu durmuşda nämä höweslenmeli, kän wagt içim gürledip gezdim, nirä urunjagymy näme etjegimi bilmän kän gezdim, Hat-da saňa niýetläp alan sowgadymam gowşyryp bilmedim, Her gezek şo sowgada gözüm düşende damagym dolup gidýär, Haçanda seniň adyňa meňzeş a:tlar eşdemde üstimden gaýnan suw dökilen ýaly bolýar, tisginip gitýän. Ençe gezekler duýdurdym saňa, neneňsi söýýänligimi, birjede maňa düşinmek islemediň. Ýöne mençe özge biri söýip bilmez seni,. Bär pikirim sen bolup galdyň, Ne ýadymdan çykýaň, ne-de özüň dolanýaň, wah bilýänle ýadymdan çykmajagyňy sebäbi sen kalbymda uly ýer aldyň, uly orun tutdyň, has dogrysy eýelediň kalbymy, Belki Allajan dileglerim kabul edip dolanarsyň, dolansaň mundan özge bagty islämok, ynansaň her gezek suratyňy elime alamda ulydan dem alyp," Käşgä sen meň bagtyma ýazylsadyň" diýýärin, ýöne nirede bolsaňam bagtyň bolsun, gaýgy-gussalar seň başyňa ilmesin, Kalbymdan hiç wagt hiç haçan çykmarsyň, meň kalbymda baky ýaşarsyň sen MELEGIM...