Annagurban
28.06.2020 20:59
Annagurban Annagurbanow
"Bir düşinsediň, bir bilsediň."(oýlanma)

Hakyky duýgylarymy kemsitme, saňa beýle duýgylary päk ynsan bilen indi gabatlaşmarsyň,. Bileňok duýaňok, ýogsam seni illerden, özgelerden, üýtgeşik görýän, şolardan sen maňa aýratyn,. Ýok men özümi öwjek bolamok, sebäbi men seni gowy görýärin, hiç bir zada dözmeýädim hemme zatdan gysganýardym,. Indi indiler şol eden hereketlerime gaharymam gelýär. Oglanlaryň biri seni agzaýsa uzakly gün, şol seni diline alan oglany günine goýmazdym. "Näme üçin sen şony soradyň" diýip. Kä wagtlar bile okaýan gyzlaň bilen durkaň, el telefonyňa uzak wagtlap sereden wagtyň, hem gaharym gelýä hemem gabanýan, ýanyňa baryp eliňden telefony alyp seretme şuňa diýäýesim gelýärdi ynansaň,. Okuwdan soň gyzlar bilen elleşip sagbollaşaňda saňa gysganjymdan gabanjymdan diýäýesim gelýärdi," Boldyla ertir gelýäňä ýene okuwa şeýdip elleşip sagbollaşmak nämä gerek" diýäýesim gelýärdi. Okuwda wagtyň arakesme bolanda sen daşynda görünmeseň şo siziň okaýan otagyň agzyndan eýläk-beýläk ençe geçýärdim, seň näme işleýäniň görjek bolup, hol yzky partada hat ýazyp otyranyňy görip onsoň ýüregim ynç alýardy. Indi aýtsaň düşýändir ýadyňa, aýyn bolmasa bir bahana tapsam siziň okaýan otagyňyza barýardym. Ýa Mugallymdan birzat soran bolýardym, aslynda niýetim seni görmek üçindi, sen meň üçin şeýle ýakyn, hemem seni şeýle gowy görýän, wah bir bilseňdiň, bir düşinsediň,...
4
402
Blume?
28 Iýun 2020
Seyle bolan bolardy...
barlagcy
28 Iýun 2020
Wah kasga hemme kisi wagtynda bilsedi dusunsedi.....
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.