AdyýokPlanyýew
25.08.2021 17:08
KÖPÇÜLIGE BOLAN GOWY AHLAGYŇYZ WE TERBIÝÄŇIZ SIZI BEÝGELDER.

1. Siziň derejäňiz we wezipäňiz näme bolsa bolsun, size "Siz" diýip ýüzlenýän adama "Sen" diýmäň.

2. Karzyna alan puluňyzy, karz beren adam ýatlatmanka yzyna beriň. Bu siziň dogruçyllygyňyzy we ynamdardygyňyzy görkezýär. Puldan başga zatlarda hem edil şonuň ýaly boluň.

3. Kimdir biri size nahar hödürlände menýudaky gymmat zatlary sargyt etmäň. Mümkin bolsa, özüniň saýlan iýmitlerini size hem sargyt etmegini haýyş ediň.

4. Hiç haçan hiç kime "intek öylenmediňizmi ?", "çagaňyz yokmy?" , " näme üçin jaý satyn almadynyz?" ýa - da "näme üçin maşyn satyn almayarsyňyz?" ýaly geň soraglary bermäň . Bu siziñ problemañyz däl.

5. Yzyńyzdaky adam üçin elmydama gapyny açyň. Erkek ya-da aýal, garry ýa-da yaş bolsun tapawudy yok. Jemgyýetçilikde birine hoşniýetli bolmak sizi kiçeltmeýär.

6. Dostuňyz siziň tölegiňizi eden bolsa , indiki tölegi özüñiz etmäge synanyşyň.

7. Dürli pikirlere hormat goýuň. Ýadyňyzdan çykarmaň, kimdir biriniň 6 gorýän zady size 9 bolup biler. Şeýle hem dürli pikirler alternatiw hökmünde gymmatlydyr.

8. Hiç haçan adamlaryň sözlerini kesmäň. Goý sözlerini gutarsynlar. Olaryň aýdýanlaryny diňläň we hemmesine düşünmäge synanşyň.

9. Gepleşýän wagtyňyz gereksiz mowzuklara girmäň. Esasy mowzugy aýdyň düşündirmäge synanşyň.

10. Eger kimdir biri bilen degişseňiz we ol ony halamasa, duruň we hiç haçan ony etmäň.

11. Kimdir biri size kömek edeninde "minnetdar" diýiň. "Sag boluň", "minnetdar" ýaly sözleri, iň köp ulanýan sözleriňiziň arasyna goşuň.

12. Dostlaryňyzyň (joralaryňyzyň) kemçiliklerini köpçülikde däl-de ýekelikde wagty aýdyň.

13. Hiç haçan kimdir biriniň agramy hakynda hiç zat aýtmaň. Hökman bir zat aýtmaly bolsaňyz, "gaty gowy görünýärsiň" diýmek ýeterlikdir. Eger ol horlanmak ýa-da semremek hakda gürleşmek islese, her niçigem bolsa eder.

14. Kimdir biri size telefonda surat görkezse, çepe ýa-da saga süýşürmäň. Indiki suratda näme çykjagyny hiç wagt bilip bolmaz.

15. Eger bir dostuňyz lukmanyň ýanyna barýanlygyny aýtsa, oňa näme bolýandygyny soramaň, diňe "Gowy bolarsyňyz diýip umyt edýärin" diýiň. Şahsy kesellerini size aýtmaly bolýan oňaýsyz ýagdaýa salmaň. Bilmegiňizi isleseler, şonsuzam olaryň özleri size aýdarlar.

16. Arassaçylyk işgärini, şol edaranyň dolandyryjysy ýaly hormat görkeziň. Köp adam, wezipede bolmadyk adama näderejede gödekdigiňizi duýmaýarlar, ýöne hormat goýsaňyz adamlar ony duýarlar.

17. Kimdir biri bilen ýüzbe-ýüz gürleşýän wagtyňyz, telefonyňyza seretmek gaty gödeklikdir.

18. Hiç haçan sizden soralýança maslahat bermäň.

19. Hiç kimden zerur däl wagty ýaşyny we aýlygyny soramaň.

20. Sizi gönüden-göni gyzyklandyrmaýan bir zat bolmasa, işiňize üns beriň.

21. Köçede biri bilen ýüzbe-ýüz gürleşýän bolsaňyz, äýnekleriňizi çykaryň. Bu hormatyň alamaty. Göz bilen baglanyşyk gürleşmek ýaly möhümdir.

22. Size ýörite iberilen habary okanyňyzdan soň, "habar üçin sag boluň!" diýmäge synanşyň.

23. Telefonda adama iki gezekden köp jaň etme. Jaňyňyza jogap bermese, etmeli möhüm bir zadynyň bardygyny pikir ediň.
9
194
AdyýokPlanyýew
24.08.2021 00:47
IRDENLIK HEREKEDIŇIZ.

1. Düşegiňizden derrew çykyň.
2. 5 minut özüňize geliň.
3. Telefona seredip wagt ýitirmäň.
4. Arassa howadan dem alyň.
5. Düşegiňizi ýygnaň.
6. Saglykly ertirlik ediniň.
7. Maşk ediň, hereket ediň.
8. Günuňiz üçin 3 sany uly maksat ediniň.
9. Ilki möhüm işleriňizi edip başlaň.
10. Özüňize nämaniň möhümdigini ýatladyň.

Siz güne taýýar. Ýeke-täk garşydaşyňyz düýnki halyňyz.
8
286
AdyýokPlanyýew
22.08.2021 20:46
DÖWRÜMIZIŇ 6 HASSALYGY.

1. Nadanlyk.
2. Egoistlyk.
3. Akyl ýetmezçiligi.
4. Duýgudaşlygyň bolmazlygy.
5. Wyjdan ýetmezçiligi.
6. Açgözlülik.
7
245
AdyýokPlanyýew
21.08.2021 22:57
ÖZÜŇE BOLAN HORMATY NÄHILI ÖSDÜRMELI?

1. Hemme kişiň göwnünden turjek bolma.
2. Ýok diýmegi başar.
3. Bir zat ýalňyşdyr öýtseňiz etmäň.
4. Özüňiz hakynda erbet pikirlenmäň.
5. Gözegçilik edip bilmejek zatlaryňyz bilen iş salyşmaň.
6. Saňa ýaramaýan adamlar bilen gürleşmäň.
7. Özüňizi kabul ediň.
7
266
AdyýokPlanyýew
20.08.2021 00:22
Adamlar diňe özleriniň derdi bardyr öýdýärler,
haýwanlar gürläp bilsedi, adamzat aglardy.
9
274
AdyýokPlanyýew
AdyýokPlanyýew
20.06.2021 17:39
.
AdyýokPlanyýew
AdyýokPlanyýew
18.06.2021 12:04
Kim instagrama girýän bolsa @psihologiya_we_adam sahypasyna agza bolup bilersiňiz!!!
AdyýokPlanyýew
15.05.2021 00:22
Men hiç haçan gowy görünjek bolmadym. Men hiç köplügiň gözünde bolmak islemedim ýa-da yzymdan ylganlaryny ýa-da maňa dostluk islänlerini. Ýeketäk meň bilen zadym - öz-özüm bolmak, öz pikiriň bolany, öz geýnişiň daş keşbiň, edebiň, ýiti bir häsiýetiň we islegleň, goý düşnüksiz bolsada başgalara. Öz-özüň bolansoň durmuş saňa gerek adamlary ýetirer. Olar az bolar, ýöne olar iň gowylary bolar.
12
184
AdyýokPlanyýew
14.05.2021 02:28
Adamçylygam bir hazynadyr👑💯
Herkime nesip etmez❌, etdirmezem👆👆👆
7
202
AdyýokPlanyýew
13.04.2021 00:20
Eger ýanyňyzda gowy adam bar bolsa, onuň gadyryny biliň. Gowy adamlar awtobus däl, biri gidip biri geler ýaly
7
121