AdyýokPlanyýew
25.08.2021 17:08
KÖPÇÜLIGE BOLAN GOWY AHLAGYŇYZ WE TERBIÝÄŇIZ SIZI BEÝGELDER.

1. Siziň derejäňiz we wezipäňiz näme bolsa bolsun, size "Siz" diýip ýüzlenýän adama "Sen" diýmäň.

2. Karzyna alan puluňyzy, karz beren adam ýatlatmanka yzyna beriň. Bu siziň dogruçyllygyňyzy we ynamdardygyňyzy görkezýär. Puldan başga zatlarda hem edil şonuň ýaly boluň.

3. Kimdir biri size nahar hödürlände menýudaky gymmat zatlary sargyt etmäň. Mümkin bolsa, özüniň saýlan iýmitlerini size hem sargyt etmegini haýyş ediň.

4. Hiç haçan hiç kime "intek öylenmediňizmi ?", "çagaňyz yokmy?" , " näme üçin jaý satyn almadynyz?" ýa - da "näme üçin maşyn satyn almayarsyňyz?" ýaly geň soraglary bermäň . Bu siziñ problemañyz däl.

5. Yzyńyzdaky adam üçin elmydama gapyny açyň. Erkek ya-da aýal, garry ýa-da yaş bolsun tapawudy yok. Jemgyýetçilikde birine hoşniýetli bolmak sizi kiçeltmeýär.

6. Dostuňyz siziň tölegiňizi eden bolsa , indiki tölegi özüñiz etmäge synanyşyň.

7. Dürli pikirlere hormat goýuň. Ýadyňyzdan çykarmaň, kimdir biriniň 6 gorýän zady size 9 bolup biler. Şeýle hem dürli pikirler alternatiw hökmünde gymmatlydyr.

8. Hiç haçan adamlaryň sözlerini kesmäň. Goý sözlerini gutarsynlar. Olaryň aýdýanlaryny diňläň we hemmesine düşünmäge synanşyň.

9. Gepleşýän wagtyňyz gereksiz mowzuklara girmäň. Esasy mowzugy aýdyň düşündirmäge synanşyň.

10. Eger kimdir biri bilen degişseňiz we ol ony halamasa, duruň we hiç haçan ony etmäň.

11. Kimdir biri size kömek edeninde "minnetdar" diýiň. "Sag boluň", "minnetdar" ýaly sözleri, iň köp ulanýan sözleriňiziň arasyna goşuň.

12. Dostlaryňyzyň (joralaryňyzyň) kemçiliklerini köpçülikde däl-de ýekelikde wagty aýdyň.

13. Hiç haçan kimdir biriniň agramy hakynda hiç zat aýtmaň. Hökman bir zat aýtmaly bolsaňyz, "gaty gowy görünýärsiň" diýmek ýeterlikdir. Eger ol horlanmak ýa-da semremek hakda gürleşmek islese, her niçigem bolsa eder.

14. Kimdir biri size telefonda surat görkezse, çepe ýa-da saga süýşürmäň. Indiki suratda näme çykjagyny hiç wagt bilip bolmaz.

15. Eger bir dostuňyz lukmanyň ýanyna barýanlygyny aýtsa, oňa näme bolýandygyny soramaň, diňe "Gowy bolarsyňyz diýip umyt edýärin" diýiň. Şahsy kesellerini size aýtmaly bolýan oňaýsyz ýagdaýa salmaň. Bilmegiňizi isleseler, şonsuzam olaryň özleri size aýdarlar.

16. Arassaçylyk işgärini, şol edaranyň dolandyryjysy ýaly hormat görkeziň. Köp adam, wezipede bolmadyk adama näderejede gödekdigiňizi duýmaýarlar, ýöne hormat goýsaňyz adamlar ony duýarlar.

17. Kimdir biri bilen ýüzbe-ýüz gürleşýän wagtyňyz, telefonyňyza seretmek gaty gödeklikdir.

18. Hiç haçan sizden soralýança maslahat bermäň.

19. Hiç kimden zerur däl wagty ýaşyny we aýlygyny soramaň.

20. Sizi gönüden-göni gyzyklandyrmaýan bir zat bolmasa, işiňize üns beriň.

21. Köçede biri bilen ýüzbe-ýüz gürleşýän bolsaňyz, äýnekleriňizi çykaryň. Bu hormatyň alamaty. Göz bilen baglanyşyk gürleşmek ýaly möhümdir.

22. Size ýörite iberilen habary okanyňyzdan soň, "habar üçin sag boluň!" diýmäge synanşyň.

23. Telefonda adama iki gezekden köp jaň etme. Jaňyňyza jogap bermese, etmeli möhüm bir zadynyň bardygyny pikir ediň.
9
194
Ovezova_
10 Sentýabr 2021
👏👏👏👍
Läle🌼
25 Awgust 2021
Berekella 👏 İň halamaýanym 14 bilen 23 esasanam 14 kime berseň hemme zatlary göräýmeli
gülmek_ömürden
25 Awgust 2021
23nji posta kammentarya yazmaly bolanna meñ dijek zadm kabirleri bar 54gezek jañ edip 55njide sms yazya yuregiñede düşaydim oytyan dip sho wagt shoña howa yurege dushdiñ diyesim gelya🙂 meñ pikirim 2gezegem dal 1gezek jañ et we soñ etme 1gezekde alynmadymy znaçit zerur ishi badr kabirlerme shuny dushundrmek iññe bilen guýy gazan yaly😒
guli_
25 Awgust 2021
BEREKELLA👏Her bir adamyň bilmeli zatlary!!!!!(14Şuny kabirleri bilenok surat gorkezsen elinden alyp skryty zatlara cenli sms leri okap cykyalar)😒
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.