Abat_
22.10.2023 00:05

Käwagt özüme we bolýanlara düşünmeýänligim "Bu menmi?" soragyny özüme bererlik nokada getirýär... Durmuşyma girmek, ýanymda bolmak isleýänleri "soňy ýok araçäklere" salýan we ýenede ýalňyzlygymdan durmuşa şikaýat edýän. Şeýlebir ýadaýan "Seni söýýän" sözlerden ýöne söýgide, söýülmekde tabagyma düşeni diş köwügini dolduryp bilmezlik mukdarda azlygyny düşündirip bilmeýän. Käwagt maňa degişli bolmadyk adamy, özüne degişli adamlardan gysganmak krizimini geçirýän.
Açlygymdan halsyz ýagdaýda bolýan ýöne hiç zady işdäm almaýar. Köpçülikde(ol köpçüligi düşündirmegime ýekeje söz azlyk edýär, oturmaga ýer tapyp bilmeýän köpçüligimde) özümi hiç kimsiz duýýan. 
Gün-günden adamlara düşünmäm kynlaşýar. Bu başgalardan tapawutly diýen adamym, gysga wagtyň içinde "Hemmeleşýär". Ýüregimde gülzarlyk döretmegi üçin iň gowy ýeri bagş eden adamym, özine garaňky tussaglykda galmagy laýyk görýär. Meni iň köp onda dynç almagym üçin barýan adamlarym ýadatýar. Iň ýakynym diýýän adamyma içimi dökmegi we söýmegi söýen bu göwnümiň döwüklerini birleşdirmegini isleýän. Emma öňkiden has köpräk zeper ýeten göwnüm bilen yzyma dolanmaga mejbur bolýan. Göwnümiň döwüklerini birleşdirmek islänimde her gezek bir bölek kemlik edýär. Näçe synanyşyklardan soň hem netije şol bir zat bolýar. Ol kemligi edil puzzle oýnundaky ýaly hiç bir bölek bilen dolduryp bilmeýän. Bagtlylykdan asmana uçaýjak adamlary görenimde, edil kiçijik çaga ýaly "Maňada" diýip durmuşdan bagt talap edip aglasym gelýär. Başgalara "Meni menden gowy tanaýan adam" diýip tanyşdyrarlyk adamym bolmagyny isleýän durmuşymda. Synamak üçin "durmuşyndan çykyp gitmek" oýnuny oýnanymda, hat-da gidenimi duýmazlyk derejede kiçijik orunlar tutýanymy ýatladyp, bu oýnuň hakykata öwrülmegine goşant goşýan adamlar däl-de ýitirmekden gorkýan, hakyky söýgini ýasamadan tapawutlandyryp bilýän adam isleýän....we "Gowymyň?" diýen soraga "Gowy" diýip nähili gowy bolunýan bolsa, şol "Gowulardan" şonça-da uzakda bolmak isleýän

Abat Aşyrgeldiýewa

29
316
Abat_
21.10.2023 00:48

 GÜMÜRTIK

Saňa şo bir zady gaýtalar ýörerin,
Nädip bolar seniň göwnüňe ýarap -
pikrin etmerin.
Bilýäň-ä, onsuzam işim köp meniň,
Men kowýan guşlary günorta tarap.

Ýarygije oýanyp, tukat şäheriň
Gussasyny ölçeýärin sönmedik
çyralaryndan.
Gyşa aşyk guşlaň sowukdan gatan
jesedini ýygnaýaryn ýodalaň
gyralaryndan.

Säher ýollaň çyralarny söndürýän,
Oýarýan ukusyz awtobuslary
Hem çekip bulutlaň şekillerini,
Ýüp bilen berkidip, göge asmaly.

Soň,
şäheriň adamlary irende,
Ýetimleriň hüwdüsine hiňlenýän.
Gün doganda, duralgalaň birinde
Gelmezmik-ä diýip garaşyp görýän
kimdir birine...

...Her gün öz-özümden gaçyp ýörün men,
Seni gujaklamda aglasym gelýär.
Özümi ugradyp başga ýerlere,
Menin seniň bilen galasym gelýär

26
66
Abat_
20.10.2023 21:12

Hala sen äsgerme, hala sen äsger,
Men seniň bagtyňa bermäýin päsgel.
Bileniňden galma, bagtyňdan galma,
Şatlykdan doýma ýok, bu bagtdan ganma.
Et göwne gelenin, köňül söýläniň,
Parhy näme söýýänim ýa söýmänim.
Men bolmaýyn aýagyňa çolaşan,
Owal söýüp soň söýgüde sowaşan
Ömürbaky bir-birege ýagydyr,
Seň bagtyň - özgäň betbagtlygydyr.

Hala sen äsgerme, hala sen äsger ,
Men seniň bagtyňa bermäýin päsgel,
Aslyşmaýyn saklamaýyn ýoluňda,
kem galma dünýäniň bary ýogundan.
Peýdasy ýok saralmaň-da solmaň-da,
Günler geçer men bolamda, bolmanda.
Meni horla sen özüňe jebr etme,
Oňat bolsa, bar, bagtly bol jennetde.
Gözýaş ýaly asylmaýyn kirpikde,
Kastym ýok arym ýok saňa birjik-de.
Kiçelt mertebämi, dök sen abraýym,
Ýöne özüm özüm bolup galaýyn.

Hala sen äsgerme, hala sen äsger
Men seniň bagtyňa bermäýin päsgel

36
193
Abat_
29.09.2023 20:26

Adam bolmak üçin garaňkylyk has makul ýerdir. Muny hemme bilýär, unudýar. Sebäbi köpçülik ýagtylykda adam bolmak synagyny geçirýär, garaňkylykda uklaýar, gürleýärkä dymýar,unudýar, gaharlanýar, urýar, döwýär... Soraýaň gürlemeýär, gaharlanýar, gaçýar, arkaňdan gürleýär, seredýär, görmeýär... Söýmeli ýerinde söýmeýär, söýmedige "söýmeýärmi-kä" diýip pal etdirýär.
Garşylara geçmek howply gadagan diýýäň, garşysyna geçýär. Gülleri ýolma diýýäň, goparýar. Zibil zyňma diýýäň, zyňýar.
Adam öldürmegiň soňy gowulyk däldir diýýäň, gaharlanýar, öldürýär.... Ýazýaň okamaýar, çyzýaň düşünmeýär. Syýasata goşulýar... Partyler gurnaýar... öz başyna belalar açýar... gynamak üçin özüni saýlaýar. Çäk-öte her temada gürleýär we "muňa milleti ynandyrdym" diýip oýlaýar. Ýeter!

27
238
Abat_
27.09.2023 15:59

Makyajı akıyor farkının; herkesleşiyorsun…

25
82
Abat_
26.09.2023 19:28

Kadin çaresizlik denizine batmışti artık, ayaklarinda durmak bile zor geliyordu ona. Sesi titriyordu ama tane tane anlatip konuşmaya başlamışti: canın sıkıldığında, birşeylere üzüldüğünde, beni hatırlarsin ve bunları diyeceksin dedi kadin: "masum sevgisi vardı onun. Tüm hayalleri, dünyası bendim. Yiktim, o yaşadığı ve tek beni yaşattığı şehri berbat etdim. Bana çıktığı yolların hepsini kestim, yasakladım. Gittim hayatından, terk ettim. Boğucu yalnızlığı ile baş başa biraktim. Gözlerinin ıslak olmasinin sebebi oldum.Onu boğduğum iple başkasına sallancak kurdum.
 hiç önemsemeden yolumu devam ettim. Onun "Sevgisi" ölü doğulan bebek gibiydi. Doğuldu,bebeğe nefes lazımdı. O nefes bendim. Ama ona nefes olmadım, katili oldum o "zavallı sevginin". Bir dahada asla kimseye göre böyle sevgiyi doğurmayacak kadar üzdüm onu...O beni seviyordu her şeye, herkese rağmen seviyordu..." diye hatirlarsin beni dedi kadin. Bu sözleri diyerekte"geç ama dene, bir daha sevmeyi dene" diyor gibiydi içten. Ama... sessizce kaldi Adam. Hiç duyulmadik bağırmalardan, acilardan dolu sessizlikti bu...Yanmış sigara ile Adami yalnız kaldırip, tüm acılarını omuzlarına alarak cikti gitti odadan. Güzel gidişi vardi onun, kaçırmadan izledi.Adam adi gibi emindi o kadın artik bir daha geri dönmeyecek, ve bir daha kimseyi sevemeyecek. Bu vedalaşma da tek yitiren taraf kendisi olduğunu biliyordu, o yüzden de sessizdi zaten...


__sunshine__

35
442
Abat_
25.09.2023 20:58

Palçy, söýgülime:"bir ýigit seni, gaty söýýär. Hiç unutmaz seni, oňa ynan"diýipdir. Ol muny maňa aýdanda gaty gorkdum. 
-bu gaty erbet zat
-Näme üçin, ýalanmy?
-Ýok, dogry bolmagyndan gorkýan.
Ol palçy tersinede aýdyp biler we seni ynandyryp bilerdi. Sen menden geçip, başgalar bilen men hakda gürleşmäge, başgalaryndan meni diňlemäge dowam edendiň soň....we sen maňa däl-de olara ynanyňdan soň... meniň bilen bile geçirip biljek wagtyňy palçylara bereniňden soň... Men näme üçin gorkmaýyn. Sebäbi olar her zat aýdyp biler. Bu zatlar özüne degişli bolmadygy üçin.
Ol palça bir sag bolsun aýtmak borjum bar, söýgülim. Gowy tarapyny oýlaman erbet taraplary bilen ýüz ýüze garşylaşdyryp bilerdi seni
        *****
Şeýlebir ynandyryjy gizleýän welin... hiç kim görmeýär, bilmeýär. Iň azyndan başgalaryň gizleýşi ýaly gizlemegi öwrendim. Hiç zat gürlämok, diýemok. Hiç zat. Belli edemok. Gizleýänlere, gizlemegi gowy başarýanyny olara ynandyrdym. Meni görmeýär,bilmeýär diýip oýlaýarlar. Menem gizleýän. Edil olaryňky ýaly ynandyryjy. Olar hrm bilýärler, görýäler. Dymýalar gürlänloklar. Meni gizleýär diýip oýlaýarlar. Meni.. meni hem... özleri ýaly. Gizleýär diýip oýlaýarlar. Ýok, ýok,ýok. Men hem muny gizleýän.

37
241
Abat_
21.09.2023 21:04

Penjireleri bolanlar penjirlerinden, bagy bolanlar bagyndan Güneşiň çykyşyny görerler. Gözleri görmeýänler sagady sorarlar, görýänler sagada serederler. Sagady bolmaýanlar sagadyň näçe bolanyny sorar. Seredenler görenlere höwes eder, görenler düşünenlere. 
Sagda bir agaç bardyr, çepde bir gapy. Agaç çepde bolsa näme bolar? Hiç zat. Gapy ortada bolsa näme bolar? Hiç zat. Ýekeje özgermejek bir ýagdaý bardyr, adamlar ortada. Olar sagda ýada çepde bolmaklary köp zady özgerder. Dünýä aýlanýar,muny bilmeýän köpdür, ynsanlar kirlenýär muny bilmeýän köpdür. Eşik ýuwýanlar, adam ýuwýandan köp pul alýar. Ýaşamakdan hiç kim gorkmaz emma ölümden köp kişi gorkar. Bagtlylykdan hiç kim gorkmaz ýöne bagtsyzlykdan çekinenleriň köpüsi bagty tapylmaýan derejä getirenlerdir. Ýalňyzlykdan gorkanlaryň köpüsi ýalanlar, ýasamaçylylar bilen meşguldyrlar. Öňler ýalňyz galmazlyk üçin näme oýlanan bolsalar, bügün ol pikirleriň hakykata öwrüleni üçin ýalňyzdyrlar.

Diňe dogry ýoldan gidýän bolsam, bu söýülmegim üçin sebäp däldir

30
144
Abat_
19.09.2023 14:19

Men nirde bir "Günä" görsem ony edeniň ýagdaýy we öňüni almadygyň güýçsizligi barada pikir ederin
        ****
Men saňa "Hawa" diýdim ýöne sen meniň gözlerimiň içine hiç seretmediň. "Hawa-nyň" sesini eştdiň diňeje, manysyny almadyň. Şol sebäpli men hem meniň sendäki ornumy görüp bilmedim. Bu düşünşdik hasap edilmez
        ****
Maňa bir hat geldi. Içinden "Men" çykdym.
       ****
"Gelerin, garaş" diýdi gitdi.
Men garaşmadym, olam gelmedi.
Ölüm ýaly bir zatdy..
Ýöne hiç kim ölmedi.
           ****
Iki ynsan biri birini ýalňyz galdyryp bilerler. Iki ýalňyz biri birini ýalňyzlykdan halas edip bilmez. Ýalňyzlyk: Gelişi "Dogmak" ýalydyr 2 kişi islär. Gidişi "ölüm" ýalydyr 1 kişi ýeter.
        ****
Kimden sorasaň öýünde bir "otag" kemdir...
           ****
Täze: Şu wagta çenli hiç kimiň degmedigi
Gözel: şu wagta çenli köpçüligiň görmedigi. 
          ****
"işden kowularyn" gorkusy bardygy üçin, hiç işe girmedi.
         ****
Bir öýüň iki gapysy. Biri açyk, beýlekisi gulply bolsa. Biri girse, gulpyny açyp. Beýlekisi açygyny gulplap çyksa...
Näme many çykararsyňyz mundan?


#ýazyjydan alan belliklerim

30
220
Abat_
18.09.2023 21:09

Unudylanlar nirä gidýär?

Ýatlananlar nireden gelýär?
Ýaşamak diýip bir zat bar. "Mundan on ýyl öň bolsady..." hemme kişi gaýtlaýan söz bu. Diýmek ýaşaýan şu pursadyň gadryny bilmedikçe, hemme ynsanlar on ýyl soňra ýenede "Mundan on ýyl öň bolsady eh..." diýer.
Öňümize bir seretsek. Arkamyza däl, edil şu wagt üstüne basyp duran ýerimize, wagtymyza. Soňra ýene "on ýyl öň bolsady"diýmez ýaly. 
            ****
Ýüz ýaşyna ýeten näçe ynsanlar geldi,geçdi bu dünýäden. Maňa aklyňda galan 4 adam aýdarmyň?
Ýaşajyk ölen,öldürilen ýa-da özüni öldüren 50 adamy häziriň özünde aýdyp bilerin size...
            ****
Dünýäniň nähili erbetleşip başlanyny düşündirmelimi çagalara, ýada bulary olardan gizlemelimi? Her iki ýagdaýda-da ýeňileris biz.
Belki "Kim sebäpçi?" diýip soramazlar. Ýöne näme üçin? diýibem soramazlarmy...
             ****
Ejesiniň garnynda ölen çagalary jeza öýünde ölen tussaglara meňzedýärin men.
             ****
Maňa ýakyn geldiň diýdi,
Söýdi.
Maňa ýakyn geldiň diýdi
Urdy.
Atlaryny soradym. Adam diýdiler

#Ýazyjydan alan belliklerimiň biraz özgerdilen görnüşi ^⁠_⁠_⁠_⁠_⁠_⁠_⁠_⁠_⁠_⁠^.



__Sunshine___

33
189