Abat_
22.10.2023 00:05

Käwagt özüme we bolýanlara düşünmeýänligim "Bu menmi?" soragyny özüme bererlik nokada getirýär... Durmuşyma girmek, ýanymda bolmak isleýänleri "soňy ýok araçäklere" salýan we ýenede ýalňyzlygymdan durmuşa şikaýat edýän. Şeýlebir ýadaýan "Seni söýýän" sözlerden ýöne söýgide, söýülmekde tabagyma düşeni diş köwügini dolduryp bilmezlik mukdarda azlygyny düşündirip bilmeýän. Käwagt maňa degişli bolmadyk adamy, özüne degişli adamlardan gysganmak krizimini geçirýän.
Açlygymdan halsyz ýagdaýda bolýan ýöne hiç zady işdäm almaýar. Köpçülikde(ol köpçüligi düşündirmegime ýekeje söz azlyk edýär, oturmaga ýer tapyp bilmeýän köpçüligimde) özümi hiç kimsiz duýýan. 
Gün-günden adamlara düşünmäm kynlaşýar. Bu başgalardan tapawutly diýen adamym, gysga wagtyň içinde "Hemmeleşýär". Ýüregimde gülzarlyk döretmegi üçin iň gowy ýeri bagş eden adamym, özine garaňky tussaglykda galmagy laýyk görýär. Meni iň köp onda dynç almagym üçin barýan adamlarym ýadatýar. Iň ýakynym diýýän adamyma içimi dökmegi we söýmegi söýen bu göwnümiň döwüklerini birleşdirmegini isleýän. Emma öňkiden has köpräk zeper ýeten göwnüm bilen yzyma dolanmaga mejbur bolýan. Göwnümiň döwüklerini birleşdirmek islänimde her gezek bir bölek kemlik edýär. Näçe synanyşyklardan soň hem netije şol bir zat bolýar. Ol kemligi edil puzzle oýnundaky ýaly hiç bir bölek bilen dolduryp bilmeýän. Bagtlylykdan asmana uçaýjak adamlary görenimde, edil kiçijik çaga ýaly "Maňada" diýip durmuşdan bagt talap edip aglasym gelýär. Başgalara "Meni menden gowy tanaýan adam" diýip tanyşdyrarlyk adamym bolmagyny isleýän durmuşymda. Synamak üçin "durmuşyndan çykyp gitmek" oýnuny oýnanymda, hat-da gidenimi duýmazlyk derejede kiçijik orunlar tutýanymy ýatladyp, bu oýnuň hakykata öwrülmegine goşant goşýan adamlar däl-de ýitirmekden gorkýan, hakyky söýgini ýasamadan tapawutlandyryp bilýän adam isleýän....we "Gowymyň?" diýen soraga "Gowy" diýip nähili gowy bolunýan bolsa, şol "Gowulardan" şonça-da uzakda bolmak isleýän

Abat Aşyrgeldiýewa

29
316
ruslan03
10 Dekabr 2023
Abat ben seni senden iyi tanıyomuyum bunu bilmem ama inan öyle olmasını herşeyden çok isterdim😊❤
amanmyrat
22 Oktýabr 2023
@Sunshine lady, sen meñ aýdanymy et. Gowucylyk
amanmyrat
22 Oktýabr 2023
@Sunshine lady, kitap tapdym. Mende 6 bölümlik dedektiw kitabynyñ 4 kitaby bardy. Dedektiw eser ýazmagyma şol eserler sebap bolupdy. Indi soñky 2 kitabynam tapdym
amanmyrat
22 Oktýabr 2023
@Sunshine lady, ok hekaýa gowy pikir, ylham gözläp ýördüm, tapdymam. Indi ol hekaýany bozup has gowysyny ýazjak bolen nesip bolsa
amanmyrat
22 Oktýabr 2023
@Sunshine lady, haýsy hekaýa meñ ýazan hekaýammy?
amanmyrat
22 Oktýabr 2023
@amanmyrat, Yitip gitdiñä, hem-de dereksiz ýitdiň. Tapyp bolanaga seni
amanmyrat
22 Oktýabr 2023
@Sunshine lady, baryn sen barmyñ?
ilhano_va
22 Oktýabr 2023
@amanmyrat, dogry diyipdir şahyr😔+++
amanmyrat
22 Oktýabr 2023
"Iň ýaman duýgudyr, köpçüligiñ arasynda özüñi ýeke duýmak", diýipdir bir şahyr. Adamyñ durmuşynda özüne düşünýän dym bolmanda ýekeje dost bolmaly, meň pikirmçe.
altyyeva
22 Oktýabr 2023
@Sunshine lady, @melek06 agzanyn bardynyha bilyan yone yakyndan tanamok ekenim 🌝
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.