Aýşe
05.04.2020 12:03
Eneler

Siz dünýäñ bezegi, dünýäñ gelşigi
Mähriban eneler eziz eneler
Sizsiz bolmaz asla dünýäñ gyzygy
Mähriban eneler eziz eneler.

Dokuz aýlap göwresinde göteren
Gijeleri ýatman dañyp ataran
Gyzym diyip şu günlere getiren
Mähirli, mähriban eziz eneler
9
358
Aýşe
05.04.2020 11:42
Puja uçurduñ.

Jähennem ugruna gitdiñ eý ýigit
Ýedi ýyllap söýgim puja uçurdyñ
Gullugyñdan alyp galdym men seni
Okuw okap duýgym puja uçurdyñ.

Käte gelip maña hoşal söz aýdyp
Gyzlar içre meni saýlap şat edip
Söýen senäm sanap ýyglay köp çykyp
Sen şeýle rehimsiz puja uçurdyñ.

Ynam bn söýdim söýgüñde ýüzüp
Däli bolup Leýliñ oduna düşüp
Gyz bary üstüñde ölüşýär balym
Bar hyýal arzuwym puja uçurdyñ.

Razy bolsun ykbal söýüp bilipsiñ
Şahyr diýer nadan ýürek tapypsyñ
Gelin aljak diýen wadasy saña
Agyr degip ony puja uçurdyñ.
7
161
Aýşe
04.04.2020 12:21
Döwür üýtgeýå diýýärler, siziñ pikiriñizçe döwürmi ýa adamlar üýtgeýär?
11
967
Aýşe
04.04.2020 12:05
Bagyşla meni!

Ýa Ýaradan Kadyr Gudratly Jepbar,
Bir ejiz gulyñ men bagyşla meni
Toba edip gözümden ýaşlarym akýar
Pygamberiñ hormatyna bagyşla meni.

Özim bilyän günämi agyrdyr günäm
Gün-günden daralýar bu ýagty dünýäm
Ahyr bir gün öljegimi özümem bilýän
Bu gözlerim ýumulmanka bagyşla meni.

Bäş wagtyna okaýan men, agzym bekleýän
Haram iýmän haramlykdan özüm saklayan
Alla şükür maşgalamy halal ekleýän
Bilmezlikde haram iýsem bagyşla meni.

Kabul eýle her gün edýän dileg dogamy
Bela-beter yamanlykdan, gora çagamy
Beýik Tañrym bilip durup eziz käbämi
Ýersiz ýere agladaýsam bagyşla meni.
13
301