Aýşe
05.04.2020 11:42
Puja uçurduñ.

Jähennem ugruna gitdiñ eý ýigit
Ýedi ýyllap söýgim puja uçurdyñ
Gullugyñdan alyp galdym men seni
Okuw okap duýgym puja uçurdyñ.

Käte gelip maña hoşal söz aýdyp
Gyzlar içre meni saýlap şat edip
Söýen senäm sanap ýyglay köp çykyp
Sen şeýle rehimsiz puja uçurdyñ.

Ynam bn söýdim söýgüñde ýüzüp
Däli bolup Leýliñ oduna düşüp
Gyz bary üstüñde ölüşýär balym
Bar hyýal arzuwym puja uçurdyñ.

Razy bolsun ykbal söýüp bilipsiñ
Şahyr diýer nadan ýürek tapypsyñ
Gelin aljak diýen wadasy saña
Agyr degip ony puja uçurdyñ.
7
161
L-minikkalpler
5 Aprel 2020
Dogry
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.