𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
23.03.2022 18:15
Başardy, çünki başarmajakdygyny bilenokdy...

Ýalta, ýöne zehinli okuwçy sapakda uklap galdy. Jaň kakylanda jaňyň sesine oýandy. Tahtada bir mysalyň ýazyklydygyny gördi. Öý işidir öýdüp depderine belläp aldy. Gije şol mysaly çözjek boldy, çözüp bilmedi. Ýene çözjek boldy, ýöne çözüp bilmedi. Şeýdip çözjek bolup, köp wagt pikirlenen soň, ahyr çözdi. Ertir Sapaga girende mugallyma şol mysaly görkezdi. Mugallym haýran galdy. Sebäbi şol mysaly şu güne çenli hiç kim çözüp bilmändi. Beýleki okuwçylar şoň üçin çözjegem bolanokdy. Ýöne ol okuwçy sapakda ýatany üçin öň hiç kimiň çözüp bilmedigini bilenokdy.

Çeşme: Üstünligiň syrlary kitaby (Gaty gowy kitap, 1 günde okap gutardym, gaty gyzykly, maslahat berýän ;)...)
10
89
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
23.03.2022 13:29
IlosGome:

1-nji bölüm

"Ekiz Şa"

Vartinlans-da "Däli" diýip tanalýan we hiç kimiň ünsem bermeýäni Enso'nyň ýekeje dosdy Jasini'di. Ýöne Enso Jasini'ni dosdy ýaly görmeýärdi, ony söýýärdi. Hiç kime Jasini'ni söýýändigini barada aýtmaýar we indi meniň bilen gepleşmez gorkusy bilen Jasini'ä ony söýýändigini aýtmaýardy.
Geliň Enso-ny tanalyň. Enso halkyň gözünde bimany gepleýän, mümkin däl zatlaryň hem bolup biljekdigine ynanýan akmagyň biridi. Ýöne hekaýanyň dowamyny okanyňyzda aslynda Ensonyň nähili mert biridigini we örän akyllydygyny görersiňiz. Ejesi we kakasy bolmadyk Enso obanyň Tansokki böleginde ýaşaýardy we Tansokkilerdendi. Obanyň Muzean böleginde ýaşaýan we Muzeanlardan bolan Jasini-ni söýýärdi. Tansokki we Muzean. Bu iki taýpa biri-birini örän ýigrenýär we dowamly uruşýardy. Aslynda Vartinlans halky agzybir halkdy. Olary iki taýpa bölen Wezir Senur-yň oýunydy.

Öňler Vartinlans-yň iki şasy bardy. Tansok we Muzeak. Bular ekizdi.
Wezir Senur şa bolmak isleýärdi. Şa'lary öldürmek üçin bir plan taýýarlady. Şa'lar aw awlamaga çykýar we Senur'yň guran duzagyna gaçýarlar. Senur duzagyň başynda olara garap gülüp durýar, Şa'lar Senur'a örän ynanýardy. Onuň dönüklik edip biljekdigini hiç pikirlenmeýärdilerem.
Tansok:
-Senur, näme gülüp dursuň, halas et bizi!
Senur:
-Halas etjek bolsam, näme üçin duzak guraýyn
diýdi-de gülmegini dowam etdi.
Tansok we Muzeak-gulagyna ynanmady.
Senuryň sözlerini eşiden Şa'lar hiç zat diýip bilmän Senura garap galdylar.
Senur Şa'laryň üstüne zäherli ýylanlary dökdi. Şa'lar öldi.
Senur Vartinlans'a dolanyp gelende, Şalar uruşdy we biri-birini öldürdi diýip aýtdy. Şa Tansogyň tarapynda bolanlar Şa Muzeak uruşy başladandyr diýdi. Şa Muzeagyň tarapynda bolanlar bolsa Şa Tansok uruşy başladandyr diýdi. Şeýdip Vartinlans halky ikä aýryldy. Ýöne Senur şa bolup bilmedi, onuň deregine Tansogyň ogly Etsok şa boldy. Halk iki taýpa uruşsa ýaraşdyrýan Etsok-dan razydy. Näçe uruşsalarda iki taýpa hem Vartinlans-lydy we bu döwlet bölünmedi.

Ýyllar geçdi we Etsok örän agyr keselläpdi we ýakynda öljekdigini bilýärdi. Senur hem bilýärdi...
9
56
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
23.03.2022 11:22
Eýesi ölenden soň hem 9 ýyllap şol bir sagatda metroda eýesine garaşýan wepaly it Hachico Ýaponiýa/1930-njy ýyllarda
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
22.03.2022 18:16
Bu surat barada pikiriňizi ýazyň
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
21.03.2022 22:26
Gyzykly sorag 4: Umumy soraglar

Başlamazdan öň aýdaýyn Chrome aga we Google daýydan peýdalanmak gadagan :)

#12) Iň uly osminogyň agramy näçe kg bolupdyr?

#13) Ilkinji gezek çilime garşy bileleşigi kim gurdy?

#14) Berlin Pariž'den näçe esse uly?

#15) Iň köp türküň ýaşaýany birinji şäher Stambuldyr. Ikinji iň köp türküň ýaşaýany şäher haýsy şäherdir?

#16) iň az agaçly ýurt haýsy?

#17) "Şah mat" sözüniň pars dilindäki manysy näme?

#18) Abrakadabra sözi ilkinji gezek näme üçin aýdyldy?

#19)Hexakoisiohexekontahexaphobiacs(Doly okaman geçeniňizi bilýän 😁) näme?

#20) Eýfel binasynyň depesine çykmak üçin näçe basgançakdan geçmeli?
11
139
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
21.03.2022 15:18
Instagram vs Facebook "Marka" atly post zynjyrymyzyň 11-nji postunda iň meşhur sosial media platformlary bolan Instagram we Facebook barada gyzykly maglumatlary okarsyňyz. Soňra
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
20.03.2022 22:18
YouTube-a ýüklenen ilkinji wideo, YouTube-yň gurujylarynyň biri bolan Jawed Karim-iň San Diego haýwanat bagyndaka çekeni "Me at the zoo" (Men haýwanat bagyndakam) wideo-sydy
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
18.03.2022 20:49
Puma vs Nike vs Adidas "Marka" atly post zynjyrymyzyň 10-njy postunda dünýäniň iň meşhur markalarynyň arasynda bolan "Nike", "Puma" we "Adidas" barada gyzykly
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
15.03.2022 20:58


Test



Test

Test


Test


15
216
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
13.03.2022 23:03
Pepsi vs Coca-Cola: "Marka"-da täzelik! "Haýsy marka gowy?" ýaryşy. "Marka" atly post zynjyrymyzyň 9-njy postunda dünýäniň iň meşhur markalarynyň arasynda bolan Pepsi