Başardy, çünki başarmajakdygyny bilenokdy...
Ýalta, ýöne zehinli okuwçy sapakda uklap galdy. Jaň kakylanda jaňyň sesine oýandy. Tahtada bir mysalyň ýazyklydygyny gördi. Öý işidir öýdüp depderine belläp aldy. Gije şol mysaly çözjek boldy, çözüp bilmedi. Ýene çözjek boldy, ýöne çözüp bilmedi. Şeýdip çözjek bolup, köp wagt pikirlenen soň, ahyr çözdi. Ertir Sapaga girende mugallyma şol mysaly görkezdi. Mugallym haýran galdy. Sebäbi şol mysaly şu güne çenli hiç kim çözüp bilmändi. Beýleki okuwçylar şoň üçin çözjegem bolanokdy. Ýöne ol okuwçy sapakda ýatany üçin öň hiç kimiň çözüp bilmedigini bilenokdy.
Çeşme: Üstünligiň syrlary kitaby (Gaty gowy kitap, 1 günde okap gutardym, gaty gyzykly, maslahat berýän ;)...)