𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
23.03.2022 13:29
IlosGome:

1-nji bölüm

"Ekiz Şa"

Vartinlans-da "Däli" diýip tanalýan we hiç kimiň ünsem bermeýäni Enso'nyň ýekeje dosdy Jasini'di. Ýöne Enso Jasini'ni dosdy ýaly görmeýärdi, ony söýýärdi. Hiç kime Jasini'ni söýýändigini barada aýtmaýar we indi meniň bilen gepleşmez gorkusy bilen Jasini'ä ony söýýändigini aýtmaýardy.
Geliň Enso-ny tanalyň. Enso halkyň gözünde bimany gepleýän, mümkin däl zatlaryň hem bolup biljekdigine ynanýan akmagyň biridi. Ýöne hekaýanyň dowamyny okanyňyzda aslynda Ensonyň nähili mert biridigini we örän akyllydygyny görersiňiz. Ejesi we kakasy bolmadyk Enso obanyň Tansokki böleginde ýaşaýardy we Tansokkilerdendi. Obanyň Muzean böleginde ýaşaýan we Muzeanlardan bolan Jasini-ni söýýärdi. Tansokki we Muzean. Bu iki taýpa biri-birini örän ýigrenýär we dowamly uruşýardy. Aslynda Vartinlans halky agzybir halkdy. Olary iki taýpa bölen Wezir Senur-yň oýunydy.

Öňler Vartinlans-yň iki şasy bardy. Tansok we Muzeak. Bular ekizdi.
Wezir Senur şa bolmak isleýärdi. Şa'lary öldürmek üçin bir plan taýýarlady. Şa'lar aw awlamaga çykýar we Senur'yň guran duzagyna gaçýarlar. Senur duzagyň başynda olara garap gülüp durýar, Şa'lar Senur'a örän ynanýardy. Onuň dönüklik edip biljekdigini hiç pikirlenmeýärdilerem.
Tansok:
-Senur, näme gülüp dursuň, halas et bizi!
Senur:
-Halas etjek bolsam, näme üçin duzak guraýyn
diýdi-de gülmegini dowam etdi.
Tansok we Muzeak-gulagyna ynanmady.
Senuryň sözlerini eşiden Şa'lar hiç zat diýip bilmän Senura garap galdylar.
Senur Şa'laryň üstüne zäherli ýylanlary dökdi. Şa'lar öldi.
Senur Vartinlans'a dolanyp gelende, Şalar uruşdy we biri-birini öldürdi diýip aýtdy. Şa Tansogyň tarapynda bolanlar Şa Muzeak uruşy başladandyr diýdi. Şa Muzeagyň tarapynda bolanlar bolsa Şa Tansok uruşy başladandyr diýdi. Şeýdip Vartinlans halky ikä aýryldy. Ýöne Senur şa bolup bilmedi, onuň deregine Tansogyň ogly Etsok şa boldy. Halk iki taýpa uruşsa ýaraşdyrýan Etsok-dan razydy. Näçe uruşsalarda iki taýpa hem Vartinlans-lydy we bu döwlet bölünmedi.

Ýyllar geçdi we Etsok örän agyr keselläpdi we ýakynda öljekdigini bilýärdi. Senur hem bilýärdi...
9
56
Cindrella
24 Mart 2022
Hawwa elbetde
MissBoss♕
23 Mart 2022
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎,howwa elbetde👍🏻
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
23 Mart 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👏🏻👏🏻👏🏻
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
23 Mart 2022
Dowamyny okamk isleýän barmyka🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.