𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
09.11.2021 19:15
✈︎Palsyz galma✍︎__㋛︎

1890-nji ýyllaryň başy. Bir adam palça gidipdir. Palçy adama garap "sen bir gün millionlarça adamyň ölmegine sebäp bolýaň" diýipdir. Adam muny eşidende örän gynanypdyr we özüni öldürmekçi bolup iň ýakyn Wokzala gidip raýlaryň üstünde oturyp otlynyň gelerine garaşyp başlapdyr. Görse raýlaryň üstünde 3-4 ýaşlarynda çaga oýun oýnap otyrmyşyn. Otlynyň gelenini görende çaganyň gujagyna alyp raýlardan çykaryp çagany halas edipdir we içinden belki palçy ýalňyşýandyr diýipdir. Soňra çaga bilen aralarynda şu gepleşik geçipdir

-indi raýlaryň üstünde oýun oýnamagyn bolýamy?!

+Bolýa daýy,

-adyň näme seniň?

+"Adolf" daýy,.....

👍
19
541
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
08.11.2021 21:42
✈︎•Dowamy...✓✓✓

✔︎✔︎✔︎10.Thomas Edison patendini alany örän köp zady aslynda özi döretmedi✔︎✔︎✔︎

Soňky ýyllarda Tomas Edison bilen baglanyşykly çaklamalary hemmämiz eşidendiris. Edison bilim dünýäsinde ýaman şöhrata eýedir. Oýlap tapanyny öňe süren we patendini alany 1093 oýlap tapmany ilki Nikola Tesla, Wilhelm Rontgen we Joseph Swan ýaly başga bilim adamlaryna degişlidi. Meselem Kanadaly Oýlap tapyjylar Henry Woodward we Matthew Ewans taryhyň birinji çyrasyny 1874 nji ýylda döretdi. Ýöne 5 ýyldan soň çyranyň patendi Edisona berildi.

✓✓✓11. Albert Einsteine İsrail Prezidentligi teklip edildi.✓✓✓

Modern fizikanyň gurujysy 20nji asyryň iň beýik alymy Eýnşteýn, 1952nji ýylda öýünde New York Times gazedini okaýarka bir zada örän geň galdy. Israeliň birinji Prezidenti Haim Weizmann ölüpdi we Ben Gurion Eýnşteýne prezidentligi teklip etmäge taýynlanýardy. Eýnşteýn ilki başda ynanmady, ýöne gysga wagtda eline
hat geldi. Hatda gysgaça aýtsak Eýnşteýne prezidentlik teklip edildi ýöne Eýnşteýn "Men ömrümi adamlary däl, jisimleri öwrenip geçirdim, diýip ret edipdir"

✓✓✓12.Pişikler söweş açan Papa IX. Gregory✓✓✓

Orta asyrlarda iň geň zatlaryň biri 9.njy Gregoryň pişikleri şeýtanyň tarapynda
diýip yglan etmegidi . Papa şeýle yrymy näme üçin orta goýdy bilinenok. Ýöne şol günden Ýewropa da pişik awy başlandy. Onmüňlerçe pişigiň ölmegi Ýewropa örän beýik zyýan berdi. Ýewropada Gara ölüm diýlip bilinýän kesele bakteriýa daşaýjy syçanlar sebäpdi. Günden güne mikrop ýaýrady. Ýöne adamlar muny saklap bilmedi sebäbi syçanlary iýjek pişikler ýokdy. Keseliň netijesinde Ýewropanyň üçden biri dünýäsini täzeledi (öldi).

"Zynjyr postyň soňy" 👍👍👍👍👍

Taýýarlan: 𝕷𝖊𝖌𝖊𝖓𝖉
10
329
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
07.11.2021 10:30
Dowamy...

✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎

5. Senem mi Brutus? sözi Jul Ceaseriň 23 gezek pyçaklanmasy bilen baglanşykly.

B.e.öň 44-nji ýylda Brutusyň Ýolbaşçylygynda bir topar gaharly senator, Caesara pyçaklar bilen çozmaga başlady. Caesar ilki başda garşylyk görkezdi ýöne aralarynda dosty Brutusy görende garşylyk görkezmäni bes etdi. 23 gezek pyçaklanandan soň dosdyny görende şeýle diýdi: Et tu, Brute?-Senem mi Brutus? Bu gün bu sözi dünýäniň her ýerinde adamlar dönüklik edene aýdýar.Bu sözüň meşhur bolmagynda şeýle ajy hekaýa ýatýar.

✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎

6. Rim şäherinde
ýerleşýän Kolezýum öň mermerler bilen örtülendi

Rimde ýerleşýän Kolezýumyň mermerler bilen örtülendigini hyýal edip görüň. Bu gün daş binanyň içinde ululy kiçili oýuklar(çukurlar)bar. Köpler wagtyň geçmegi bilen oýuklar emele geldi öýtsede, aslynda hakykat örän başgaça. 410 ýyllarda Gotlar tarapyndan Rime çozýarlar. Bu çozuşda Kolezýumdaky mermerler ýagmalanyp başga ýere iberilýär. Kolezýumdaky oýuklar mermere bagly demirler sebäpli emele geldi.

✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎

7. Amerikany tapan ilkinji adamlar Galtamanlardy.

Taryh we Geografiýa kitaplarynda Amerikany Hristofor Kolumb açdy diýip öwredilýär. Ýöne Kolumdan 500ýyl öň Galtamanlaryň Amerikada ýaşandygy barada maglumatlar bar. 1960 ýylynda arheoloklar Kanadanyň Newfoundlad welaýatynda Galtamanlara degişli diýip hasaplanylýan ýaşaýyş ýeri tapdy. Kanadada tapylan galyndylar Baltamanlaryň ýaşandygy Islandiýa we Greenlandiýada tapylan galyndylara meňžeýärdi. Geçirilen barlaglar netijesinde bu galyndylaryň 1000 ýyllykdygy anyklandy. Gazmagy dowam etdirdikçe Galtamanlara degişli zatlar çykmaga dowam etdi. Netijede Ylym dünýäsi Amerikany Galtamanlaryň açandygyny kabul etdi.

✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎

8. 1386-njy ýylda Fransiýa da bir doňuza ölüm jezasy berildi.

Häzirki wagtda bir haýwana ölüm jezasy bermek täsin hasaplanardy. Häzirlerde biziň geň görýänimiz köp zat Orta asyrlarda adaty hasaplanýardy. Bu sebäpden Orta asyrlara degişli geň maglumat köp. 14.asyrda Fransanyň Falaise şäherinde bir doňuz bir çaganyň ölümine sebäp boldy. Çaga ölenden soň doňuz türmä basyldy, soňra jenaýat işini edeni üçin öldürildi.

✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎

Indiki postda...

10.Thomas Edison adynda durýan örän köp zady aslynda özi döretmedi

11. Albert Einsteine İsrail Prezidentligi teklip edildi.

12.Pişikler söweş açan Papa IX. Gregory
9
302
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
07.11.2021 07:54
Bir Türkmen, bir Iňlis, bir Hytaý daga gygyrýar.
Ilki bilen Türkmen gygyrýar "men seni söýýän"
Dagdan jogap "men seni söýýän"
Iňlis gygyrýar "I love you"
Dagdan jogap "I love you"
Hytaý gygyrýar "Tüňtz ufbibjmka ofgimka"
Dagdan jogap "Düşünmedim täzeden aýt"😂
7
141
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
06.11.2021 18:00
Ullakan suw jandarlaryndan dinazawrlara: Dünýäniň iň howply ýeri bolan sahara çöli.

100 million ýyl öňi takmyn etmek örän kyn. Ýöne alymlar alyp barýan işleri bilen o ýyllarda näme bolandygyny anyklaýarlar.

100 million ýyl öň dünýä häzirkiden örän tapawutlydy.Hem howa we tebigy şertler hemde ol döwürlerde ýaşaýan janlylaryň görnüşi köpdi. Günümize ýetip gelen galyndylar saýasynda ol döwürde dinozawrlar we ullakan haýwanlaryň ýaşap geçendigini bilýäris. Ýöne häzir dünýäniň iň gury ýeri bolan Sahara çöliniň öňler ajaýyp tebigatynyň bardygyny we örän köp jandaryň öýi bolandygyny bilýärdiňizmi?! Alymlar Sahara çölinde häzirki zamandan 65million ýyl öň gutaran Kretase döwründäki ýaşaýşy barada barlag geçirdiler. Barlagyň netijesinde Häzir dünýäniň iň yssy ýeri bolan Sahara çöliniň öň dünýäniň iň howply ýeridigine göz ýetirdiler.

Detroit Mercy Uniwersiteti we Portsmouth Uniwersitetinden Paleontolog Dr. Nizar Ybrahymyň ýolbaşçylygynda halkara bilim topary, Sahara çölünde barlag geçirdi.

Geçirilen barlaglarda Kem Kem welaýatynyň müzeýlerindäki galyndylar barlanyldy. Barlagyň netijesi bolsa Gaýalyklardan doly çölde köp sanly dinazawryň ýaşandygy anyklandy.

Sahara çöli hemişe häzirki ýaly gurak däldi. Bir wagtlar ol ýerde suwda we ýerde ýaşaýan haýwanlar üçin derýalar bardy.

Bu sebäpden Dinazawrlardan krokodillere çenli birnäçe ýyrtyjy haýwan ol ýerde ýaşýardy .

Sahara çölünde öň hatda ekin ekmäge amatly toprak bardy

Ýöne 7000 ýyl öň ýagyşlar azaldy we Sahara gurak ýer bolmaga başlady. Guraklyk köpelende suwlar azaldy tokaýlar gurady. Bulam jandarlaryň köpdürliligini azaltdy

Bir başga teorema görä adamlar sebäpli Sahara gurady. Ýalňyş Ekerançylyk we haýwançylyk sebäbi bilen Saharanyň gurandygy öýdülýär.

Taýýarlan: Legend
11
257
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
06.11.2021 13:23
3. Modern Tebipçilik ösmezden öň, ölenleriň mazaryna jaň goýulýardy

Öňki döwürlerde diriligine topraga gömülen diňe Aleksandr Makedonski däldi. Tebibçilik barada maglumatlar az bolany üçin beýni ölümi bolmadyk adamlar köplenç öldi öýdülip jaýlanypdyr. Bu ýalňyşlyga garşy jaň goýmak pikiri ýüze çykdy. Jaňlar tabyda giren ýüp bilen baglanyldy. Eger adam ýalňyşyp gömülen bolsa turanynda ýüpi çekip jaňy çalyp biler we taprakdan çykarylýady.

⭐⭐⭐⭐⭐⭐⭐⭐⭐⭐⭐⭐⭐
Eger like sany 25-i ötse size hat reňkini üýtgetmek, ulaltmak we dürli ýazyşlary öwrederin
⭐⭐⭐⭐⭐⭐⭐⭐⭐⭐⭐⭐⭐

4. Antik wagtda türgenler olimpiada oýunlarynda ýalaňaç ýaryşýardylar

Bu postda iň geň galjagyňyz täsinlik belki bu. Taryhçylar türgenleriň ýaryş wagtynda yssylamamak üçin ýalňaç ýaryşandyklaryny öňe sürýär. Aslynda Gimnastika sözüniň gelip çykyşynda ýalaňaç ýaryşmak diýen söz ýatýar. Köne Grekçede ''Gumnasia" sözi türgenleşik "Gymnos" sözi bolsa ýalaňaç türgenleşik diýen manyny berýär

Indiki postda...

5. Senem mi Brutus? sözi Jul Ceaseriň 23 gezek pyçaklanmasy bilen baglanşykly.

6. Rim şäherinde ýerleşýän Kolezýum öň mermerler bilen örtülendi

7. Amerikany tapan ilkinji adamlar Galtamanlardy.

8. 1386-njy ýylda Fransiýa da bir doňuza ölüm jezasy berildi.
9
239
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
05.11.2021 21:22
☞︎︎︎1. 100 Million ýyl öň Sahara çöli tokaýlyk ýerdi.

Sahara çöli öň tokaýlaykdy diýseler ynanardyňyzmy? Sahara çölünde geçirilen barlaglara görä, öň ol ýeriň tokaýlar we köllerden duraýandygyny görkezdi. Bu güne çenli geçirilen barlaglarda Sahara çölünde haýwan galyndylary tapyldy. Bularyň arasynda iň täsini bolsa, 2009-njy ýylda tapylan krokodil galyndysydy. Çöl barada aýdylýan dogry ýa-da nädogry maglumatlar bul bilen gutaranok. Bir başga pikir bolsa öň ol ýeriň okeana baglanýan deňizdigi düşünjesi. Belki araňyzda ynanmaýanyňyzlar bolup biler, ýöne bu düşünjä ýok ýerden tapylanok. Geçmişde alymlar Sahara çölünde deňiz atlary we başga galyndylary tapdy. (Bu barada köp zat öwrenmek isleseňiz teswirlerde #1? diýp ýazyň, täze postda paýlaşylar).
_______________________________

☞︎︎︎2. Aleksandr Makedonski öldi öýdülip diriligine jaýlanypdyr.

Makedoniýaly III. Aleksandr ýa-da tanalan ady Aleksandr Makedonski 32 ýaşynda öleninde jenazasy Memfise soňra Isgenderiý'ä iberildi. Ýöne bu wagt içinde (6 gün) Aleksandryň bedeni ne sowady nede çüýredi. Häzirki wagtda alymlar Aleksandryň Guillain-Barre sendromy bolandygyna ynanýar. Bu da Aleksandryň gömülýän wagty hereket edip bilmedigini we bolýan zatlaryn parhyndadygyny görkezýär
_________________________________

☆☆☆☆☆☆☆☆☆☆☆☆☆☆☆☆☆☆☆
Egerde 👍 sany 30-dan ötse size hatlaryň köpdürliligi (Fonts) barada post ýazaryn. (Meselem:Galyň, aşgy çyzykly)
☆☆☆☆☆☆☆☆☆☆☆☆☆☆☆☆☆☆☆

Dowamy bar...

(3. Modern Tebipçilik ösmezden öň, ölenleriň mazaryna jaň goýulýardy

4. Antik wagtda türgenler olimpiada oýunlarynda ýalaňaç ýaryşýardylar)
10
521
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
04.11.2021 17:28
Adam bir ýylyň dowamynda 10 million gezek gözüni gyrpýar.

*Bir milliard sekunt*— ol.takmynan,37 ýyla barabardyr.

Robinzon Kruzo adam aýagy sekmedik adada 24 ýyl ýaşapdyr.

Bary-ýogy 1 gram altyndan uzynlygy 3,5 kilometr bolan sim almak
mümkin.

Watikan döwletinde futbol boýunça birinjiligi almak ugrundaky ýaryşlara «Telepoçta», «Gwardiýaçylar», «Bank», «Kitaphana», «Muzeýler ýygyndysy» ýaly komandalar gatnaşýarlar.

Ilkinji gezek Oskar baýragy 1929-njy ýylyň 16-njy maýynda gowşuryldy.

Leonardo da Winçi «Mona Lizanyň» dodagyny çekmek üçin 12 ýyllap iş edinipdir.

Amerikan statistikasynyň berýän maglumatlaryna görä, mobil telefonynda erkekler aýallara garanyňda köp gepleşýärler. Amerikaly erkek kişiler bir aýda ortaça 438 minut, amerikan zenany bolsa 377 minut mobil telefonynda gepleşýär. Ýöne adaty, simli, öý telefonynda aýallar erkeklere görä göni iki esse köp gepleşýärler.

Maýk Taýsoň professional ringde
geçiren boks ýaryşlarynyň 51-sinden
21 -sinde garşydaşyny ilkinji sekuntda
nokaut bilen ýatyrdy.

Atly ýadygärliklerde eger atyň iki öň aýagy hem ýokary galan görnüşinde şekillendirilen bolsa, onda bu onuň üstündäki adamyň söweşde wepat bolandygyny aňladýar. Eger atyň bir aýagy galdyrylan bolsa, onda ol adam söweşde alan agyr ýarasyndan ölendigini, eger atyň dört aýagy hem ýerde bolsa, onda ol adamyň öz ajalyna aradan çykandygyny aňladýar.

Şarikli ruçkalar ilkinji gezek 1945-nji ýylda satuwa çykdy. Şonda onuň
12 dollar bahasy bardy.

Puşkinde 70 epigraf bar. Gogol we Turgenýew 20 epigraf ulanypdyr.

Taýlandyň paýtagty Bangkokda her aýda piller bilen baglanyşykly ýol-transport hadysalarynyň ýigrimä golaýy bolýar. Bu äpet haýwanlaryň 1600-si her gün Bangkokuň köçelerine çykýar.

Soňky 500 ýylyň dowamynda Ýeriň agramy kosmiki serişdeleriň hasabyna bir milliard tonna artdy.

Gyzgyn suwuň sowuk suwa garanyňda agramy agyrdyr.

Eger 111 111 111 sany edil özüne köpeltseň, onda şunuň ýaly täsin sanlar emele gelýär: 12 345 678 987 654 321 (sanlar tertip boýunça ilki ulalýar,
soňra kiçelýär).

Kosmosa uçan ýeke-täk är-aýal— amerikan astronawtlary Jen Dewis we Mark Li dagy boldy. Olar 1992-nji ýylyň 12-20-nji sentýabrynda kosmosda bolan «Endewer» kosmiki gäminiň ekipažynyň hataryna girdiler.

Kelpezäniň dili onuň özünden iki esse uzyndyr.

Amerikanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýanlaryň her ikinjisi 40 ýaşyna
çenli millioner bolaryn diýip çaklaýar.

Kosmiki gämi 10 minudyň dowamynda Ýeriň üstüniň 1 million inedördül kilometrini surata düşürip bilýär. Uçardan şonça meýdany surata düşürmek üçin 4 ýyl gerek bolar,geologlara we geograflara bu kär 80 ýyl iş bolardy.

Ikinji müňýyllygyň başynda (1000-nji ýyl) Ýeriň ilaty 400 million adam
bolan bolsa, şol müňýyllygyň ahyrynda (1999-njy ýyl) bu san 6 milliarda ýetdi.

Iň gysga wagtlyk uruş 1896-njy ýylda hasaba alnypdyr. Şonda Angliýa Zanzibara hüjüm edýär, onuň goşuny bary-ýogy 38 minut söweşipdir.

Günorta Afrika Respublikasy dünýäde öndürilýän altynyň 3-den 2 bölegini gazyp alýar.

Dünýäde iň köp ýaýran we iň meşhur at — Muhammet.

Moskwanyň 1 millionynjy ýaşaýjysy 1837-nji ýylda doglupdyr.

Şwesiýada 300 müň adam Karlson (ýa-da Karlsson) familiýasyny göterýär.

Aýakgaplaryň ölçegi 1792-nji ýylda aýakgap ussasy Jeýms Smit tarapyndan oýlanyp tapylypdyr.

Garynjalar hiç wagt uklaýan däldirler.

Suworowyň aýdan belli sözi asyl nusgasynda şeýle bolupdyr:
«Türgenleşikde agyr bolsa, söweşde ýeňil bolar».

Dünýäde iň köp ýaýran familiýa— Çang.

Ford awtomobilleriniň «T» modeli önümçilige ornaşdyrylany bäri, onuň
15 700 003 sanysy öndürilipir, olaryň hemmesi-de gara reňkli bolupdyr.

Amerikanyň Wirjiniýa ştatynyň ýaşaýjylary Karolina we Ralf Kamminsiň maşgalasynda ýedi çaga bar. Olaryň 5-siniň doglan güni 20-nji fewraldyr. Ýok, olar bäşem çaga däl. Olar dürli ýyllarda şol bir günde doglupdyr.

Kompakt-disk ortadan gyra okalýar, ýöne ýazylanda — gyradan orta.

Doňuň dykyzlygy betonyň dykyzlygyna deňeçerdir.

Ortaça bir aýal ömrüniň dowamyn­da 2 kilogram dodak pomadasyny ulanýar.

Iň uly sana sentilon diýilýär. Bu sanyň 600 sany noly bar. Ol 1852-nji ýylda ýazylypdyr.

Dünýäde iň meşhur zenan ady — Annadyr. HäziM millionagolaý zenan şol ady göterýär.

Elektrik akymynyň islendik bir nokadyndan 1 sekundyň dowamynda 6 242 000 000 000 000 000 sany elektronlar geçýär.

Adamlaryň 97 göterimi eline täze ruçka alanda, ilki bilen, öz adyny ýa familýasyny ýazýar.

Beýik Hytaý diwaryny diwar kagyzlary bilen ýapmak üçin 15 840 000 sany kagyz düýrmegi gerek bo­lar.

Çeşme: Täsinlikler dünýäsi

Siziň pikirleriňiz näme? 👍
10
318
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
04.11.2021 17:28

Iñlis ogrusy Döewans 30 ýylyñ dowamynda 40.000 kitap ogurlapdyr. Şonuñ üçin hem ol ömrüniñ 15 aýyny türme tussaglygynda geçiripdir.

* * *

1106-1185-nji ýyllar aralygynda ýaşan Andalusly (Ispaniýa) arap filosofy Ibni Tufeýmiñ ýazan romanyny ondan bäş asyr soñ Daniel Defo (1660-1731) ogurlap, "öz romanym" diýip, halka ýaýradypdyr. Häzirki wagtda ol romanyñ dünýäde meşhur ady "Robinzon Kruzodyr". Hakykatda bolsa ol eseriñ afy "Haý ibni Ýakzadyr".

* * *

Alla käbir adamlara örän kämil ýatkeşlik berýär. Muny käbir mysallar hem subut edýär. Mysal üçin Ymam Mälik 4 ýaşynda "Gurhany" ýat tutupdyr. Wijitsare atly bir adama bolsa 1974-nji ýylda 16 müñ sahypalyk kitaby ýat tutmak başardypdyr.

* * *

Biruny Hristofor Kolumbdan hem 500 ýyl ozal Amerika we Ýaponiýa hakynda öz eserlerinde maglumat beripdir.

* * *

Beýik serkerde Emir Teýmirleñiñ agtygy, Gündogaryñ beýik astronomy we matematigi Ulugbek özüniñ çykaran ýyl hasabynda bary-ýogy 14 sekunt ýalñyşýar.

* * *

Osmanly patyşasy Soltan Süleýman Kanuny döwrüniñ şeýhulyslamy Ibni Kenalyñ dürli ugurlar boýunça ýazan 300-den gowrak kitaby bardyr.

* * *

Ymam Buhary hezretleri heniz 15 ýaşyndaka 70 müñ hadysy ýatdan aýdyp bilipdir.

Dowamy 20 👍 (like) dan geçse
11
232
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
04.11.2021 17:28
Adam bir ýylyň dowamynda 10 million gezek gözüni gyrpýar.

Bir milliard sekunt — ol.takmynan,37 ýyla barabardyr.

6
60