𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
07.11.2021 10:30
Dowamy...

✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎

5. Senem mi Brutus? sözi Jul Ceaseriň 23 gezek pyçaklanmasy bilen baglanşykly.

B.e.öň 44-nji ýylda Brutusyň Ýolbaşçylygynda bir topar gaharly senator, Caesara pyçaklar bilen çozmaga başlady. Caesar ilki başda garşylyk görkezdi ýöne aralarynda dosty Brutusy görende garşylyk görkezmäni bes etdi. 23 gezek pyçaklanandan soň dosdyny görende şeýle diýdi: Et tu, Brute?-Senem mi Brutus? Bu gün bu sözi dünýäniň her ýerinde adamlar dönüklik edene aýdýar.Bu sözüň meşhur bolmagynda şeýle ajy hekaýa ýatýar.

✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎

6. Rim şäherinde
ýerleşýän Kolezýum öň mermerler bilen örtülendi


Rimde ýerleşýän Kolezýumyň mermerler bilen örtülendigini hyýal edip görüň. Bu gün daş binanyň içinde ululy kiçili oýuklar(çukurlar)bar. Köpler wagtyň geçmegi bilen oýuklar emele geldi öýtsede, aslynda hakykat örän başgaça. 410 ýyllarda Gotlar tarapyndan Rime çozýarlar. Bu çozuşda Kolezýumdaky mermerler ýagmalanyp başga ýere iberilýär. Kolezýumdaky oýuklar mermere bagly demirler sebäpli emele geldi.

✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎

7. Amerikany tapan ilkinji adamlar Galtamanlardy.

Taryh we Geografiýa kitaplarynda Amerikany Hristofor Kolumb açdy diýip öwredilýär. Ýöne Kolumdan 500ýyl öň Galtamanlaryň Amerikada ýaşandygy barada maglumatlar bar. 1960 ýylynda arheoloklar Kanadanyň Newfoundlad welaýatynda Galtamanlara degişli diýip hasaplanylýan ýaşaýyş ýeri tapdy. Kanadada tapylan galyndylar Baltamanlaryň ýaşandygy Islandiýa we Greenlandiýada tapylan galyndylara meňžeýärdi. Geçirilen barlaglar netijesinde bu galyndylaryň 1000 ýyllykdygy anyklandy. Gazmagy dowam etdirdikçe Galtamanlara degişli zatlar çykmaga dowam etdi. Netijede Ylym dünýäsi Amerikany Galtamanlaryň açandygyny kabul etdi.

✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎

8. 1386-njy ýylda Fransiýa da bir doňuza ölüm jezasy berildi.


Häzirki wagtda bir haýwana ölüm jezasy bermek täsin hasaplanardy. Häzirlerde biziň geň görýänimiz köp zat Orta asyrlarda adaty hasaplanýardy. Bu sebäpden Orta asyrlara degişli geň maglumat köp. 14.asyrda Fransanyň Falaise şäherinde bir doňuz bir çaganyň ölümine sebäp boldy. Çaga ölenden soň doňuz türmä basyldy, soňra jenaýat işini edeni üçin öldürildi.

✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎

Indiki postda...

10.Thomas Edison adynda durýan örän köp zady aslynda özi döretmedi

11. Albert Einsteine İsrail Prezidentligi teklip edildi.

12.Pişikler söweş açan Papa IX. Gregory
9
302
Bayoglan
7 Noýabr 2021
1nji gowy eken tuweleme

Galanam gowy yone birinji men aklymdan cykmaz🧠🧠🧠
ideallider
7 Noýabr 2021
Gowy👍
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
7 Noýabr 2021
LORD, ok sagbol
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
7 Noýabr 2021
D.S, Wikingler hawa
Melikee
7 Noýabr 2021
𝕷𝖊𝖌𝖊𝖓𝖉,aý onda men oňaýmaly bolýanda häää 😉
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
7 Noýabr 2021
hanym, 𝚙𝚘𝚜𝚝50 𝚕𝚒𝚔𝚎 𝚊𝚕𝚖𝚊𝚕𝚢😂🤣
Melikee
7 Noýabr 2021
𝕷𝖊𝖌𝖊𝖓𝖉,gyw içimi ýakmada nädip etýäniňi öwret !😄
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
7 Noýabr 2021
Täze Post ✔︎✔︎✔︎
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.