𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
06.11.2021 18:00
Ullakan suw jandarlaryndan dinazawrlara: Dünýäniň iň howply ýeri bolan sahara çöli.

100 million ýyl öňi takmyn etmek örän kyn. Ýöne alymlar alyp barýan işleri bilen o ýyllarda näme bolandygyny anyklaýarlar.

100 million ýyl öň dünýä häzirkiden örän tapawutlydy.Hem howa we tebigy şertler hemde ol döwürlerde ýaşaýan janlylaryň görnüşi köpdi. Günümize ýetip gelen galyndylar saýasynda ol döwürde dinozawrlar we ullakan haýwanlaryň ýaşap geçendigini bilýäris. Ýöne häzir dünýäniň iň gury ýeri bolan Sahara çöliniň öňler ajaýyp tebigatynyň bardygyny we örän köp jandaryň öýi bolandygyny bilýärdiňizmi?! Alymlar Sahara çölinde häzirki zamandan 65million ýyl öň gutaran Kretase döwründäki ýaşaýşy barada barlag geçirdiler. Barlagyň netijesinde Häzir dünýäniň iň yssy ýeri bolan Sahara çöliniň öň dünýäniň iň howply ýeridigine göz ýetirdiler.

Detroit Mercy Uniwersiteti we Portsmouth Uniwersitetinden Paleontolog Dr. Nizar Ybrahymyň ýolbaşçylygynda halkara bilim topary, Sahara çölünde barlag geçirdi.

Geçirilen barlaglarda Kem Kem welaýatynyň müzeýlerindäki galyndylar barlanyldy. Barlagyň netijesi bolsa Gaýalyklardan doly çölde köp sanly dinazawryň ýaşandygy anyklandy.

Sahara çöli hemişe häzirki ýaly gurak däldi. Bir wagtlar ol ýerde suwda we ýerde ýaşaýan haýwanlar üçin derýalar bardy.

Bu sebäpden Dinazawrlardan krokodillere çenli birnäçe ýyrtyjy haýwan ol ýerde ýaşýardy .

Sahara çölünde öň hatda ekin ekmäge amatly toprak bardy

Ýöne 7000 ýyl öň ýagyşlar azaldy we Sahara gurak ýer bolmaga başlady. Guraklyk köpelende suwlar azaldy tokaýlar gurady. Bulam jandarlaryň köpdürliligini azaltdy

Bir başga teorema görä adamlar sebäpli Sahara gurady. Ýalňyş Ekerançylyk we haýwançylyk sebäbi bilen Saharanyň gurandygy öýdülýär.


Taýýarlan: Legend
11
257
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
8 Noýabr 2021
Dislike-y hak edýän post däl bul🙄😒
ideallider
7 Noýabr 2021
Gyzlaryň "Sähra" ady şol çölüň adyndnan gelip çykan👍
Myhman Myhman
7 Noýabr 2021
👏👏👏
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
6 Noýabr 2021
Başga like basmak isleýän ýokmy😁
Melikee
6 Noýabr 2021
𝕷𝖊𝖌𝖊𝖓𝖉,ýok.
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
6 Noýabr 2021
hanym, manysyny bileňokdyňmy
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
6 Noýabr 2021
hanym, Bar diýseňem bolýa
Melikee
6 Noýabr 2021
𝕷𝖊𝖌𝖊𝖓𝖉,adyň.manysy barmy ýa...?
Melikee
6 Noýabr 2021
Gowy maglumatlar..)
Myhman Myhman
6 Noýabr 2021
Mlds brat👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.