𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
24.12.2021 20:36
+Kakamdan "dünýäniň iň akylly oglunyň kakasy bolmak nähili duýgy" diýip sorasam "Men näbileýin, git babaňdan sora" diýdä😅
,,,,,,,
Içimde örän akylly biri ýatyr, problema şul: ýatyr😂
,,,,,,,
Hemme zat bir ýana, Geljekde agtyklarym bolanda "korona wirus" keseliniň bolandygyny aýtsam, "ýene aldaýandyr şu babam" diýmeklerinden gorkýan😆
,,,,,,,
Hudaýym, baý bolanda üýtgärinmi, üýtgemerinmi öwrenmegim üçin maňa şans ber😁
9
242
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
24.12.2021 19:07
********************
Tiz oka, näme diýjek bolýanyma düşünersiň
Amerikly alymlaryň aýtmagyna görä:
Adamalra hapralryň ýrei üýgetdilen hat berlisede oalr sözi dgory okralar,
Çünki adamlar haty tiz okanda harplaryň her birine däl-de sözüň tutuşlygyna garap näme diýiljek bolýandygyny aňýarlar. Degişme däl hakykat!
********************
Şeýle adam bar
Oňa gaharlanyp bilmersiň
Öýkeläp bilmersiň
Gynandyrmak islemersiň
Häh, ana şol adam men😋
********************
-Adamlar sen smsleş diýip älem giňişligine çykýarlar,
Telefon öndürýärler,
Sim öndürýärler,
Aragatnaşyk gurnaýarlar,
Sen sms-de näme ýazýaň,
"Ok"
********************
-Söýgülim, üstüňden örän hoş ys gelýär,
+Elbetde geler, 500 manat berdim duhi üçin
********************
Ýene sanaglyja günden, gije sagat 23:59-da "indiki ýyl görüşers" diýip hat ýazjak dosdum bar hudaýa şükür
********************
9
211
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
22.12.2021 20:32
...Uruşyň agyr günleri, 50-60 metr uzaklykda dostunyň, duşmanyň okuna urlanyny gören Muhammet, onuň ýanyna baryp bilerinmi diýip onbaşysyndan soranda, onbaşysy oňa:
Muhammet, ol dostuň eýýäm ölendir, sen ýaly watanyna wepaly biriniň ölüm howpuna girmegini islämok, gowusy sen bu pikiriňden el çek! diýýär. Muhammet pikirini üýtgetmeýärdi, onbaşysy ahyr oňa rugsat berdi, ýöne oňa "munuň üçin degmez"diýýädi. 5-10 minutdan Muhammet dostuny syrtynda göterip geldi. Dosty jansyzdy. Onbaşysy Muhammede: "Aýdypdym ol eýýäm ölendir, munuň üçin degmez diýip" diýdi. Muhammet Onbaşysy sözüni tamamlansoň aýtdy: Ýalňyşýaňyz, muňa degdi, çünki ol ýere baramda dostum diridi we maňa şu jübüt sözi aýtdy, "Geljegiňi bilýädim"
paratic.com-dan alyndy, terjime edildi
7
220
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
21.12.2021 23:07
Örän agyr kesel bilen kesselän adam, keselini bejeren ýaş lukmana:
-"Sagbol oglum, meniň üçin daşary ýurtdan şu ýere çenli gelmegňi, ömrümiň ahyryna çenli unutmaryn" diýdi.
(Çeşme: Paratic.com, terjime edildi)
Kesel adamam, tanalan lukmandy. Bejergisi diňeje daşary ýurtda mümkin bolan keseli birden güýçlenip başlapdy. Şol ýaş lukman nirden eşideni belli däl, daşary ýurtdan şol ýaşuly lukmany bejermek üçin geldi.
Ýaşuly lukman, özüne edilen ýagşylygy nädip yzyna gaýtarjakdygyny bilenokdy we ol ýaş lukmana ölmekden halas edendigini üçin sagbollar aýdýarka:
-Operasiýa üçin meni uhladanyňyzda, näme üçindir ýaşlyk ýyllaryma döndüm. Heniz, kömekçi lukmankam bir çagany ölüm howpundan halas edipdim. Şol çagany halas edenim üçin, Taňrym seni meniň kömegime iberen bolmaly.
Ýaş lukman, Ýaşuly lukman sözüni tamamlandan soň çagaka geçiren keselinden galan ýarany görkezip şeýle diýdi:
-Alla hiç kimiň eden ýagşylygyny unutmaz, şol çaga mendim.
11
148
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
21.12.2021 21:33
Kädi ekilipdir alma agajynyň ýanyna,
Şineläpdir wagtyň geçmegi bilen,
Gün geçipdir ulalypdyr ep-esse,
(Ýapyşyp almanyň şahalaryna)
Ýetipdir ahyry almaň boýuna.
Sorapdyr almadan: Dost, aýtsaňa,
Näçe wagtda ýetdiň häzirki boýuňa
Alma jogap beren: Ýetdim 10 ýylda
(Kädi it ýaly gülüp, aýdypdyr oňa:)
"Dost seniň 10 ýylda ýeteniň boýa
Men ýetdim diňeje, sanagly aýda"
Güýz geldi, ötdi hepdeler, aýlar,
Kädi indi gurap-ýykylyp başlady
Kädi aýtdy: dos, seň öňki halyň
Men bolsa, gurap-solup başladym
Kädi ýene aýtdy:
bu parh, bu tapawut, näme üçin?
Alma aýtdy:
meniň 10 ýylda ýeten boýumy,
Sanagly aýda ýetjek bolanyň üçin.
10
163
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
17.12.2021 17:09
Degişmeler zynjyry 7:
31) Myrat gaty ses bilen gygyrýar: 100 manadyny ýitiren barmy?
Köçeden geçýän bir adam: Hawa, men ýitirdim.
Myrat: Gözledä onda.
32) Myrat we Kakasy
M-Kaka, Dünýä näme üçin togalak?
K-Bilemok
M-Kaka, dünýäde näçe adam bar
K-Bilemok
M-Kaka seni soraglarym bilen ýadadamokmy?
K-Soraber oglum, men bilýän ähli zadymy sorap öwrendim
33) Myrat dostuna jaň edýär:
M: Dos, gowmy ýagdaýlaň, eje-kakaň, doganlaryňam gowmy....
D: Gepi uzatmada aýt, näçe manat oklamaly?
34) Myrat: Dos, düýn YouTube dan "Squid game" atly kinony görjek diýipdiň, gördüňmi?
D: Dos, bilýäňä, kino görmek gözlere zyýanly,....
M: Düşünýän dos, sendede işleýän VPN ýok gerek.
35) Polisiýa maşyny saklaýar
Polisiýa: Prawaňy ber
Myrat: Siller berdiňizmi men bereýin
8
271
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
17.12.2021 16:10
𝚃ä𝚜𝚒𝚗𝚕𝚒𝚔𝚕𝚎𝚛 𝚣𝚢𝚗𝚓𝚢𝚛𝚢:
Öň eşitmedigiňiz, 16 gyzykly maglumat:
1) Game boy-y Nintedo-da işleýän tämizlikçi oýlap tapdy.
2) Nike markasynyň nyşanyny, 1971-nji ýylda, Grafiki şekiller-de okaýan oglana, 35 dollara çekdirildi.
3) Billiard topy, gysylan kagyzlardan ýasalýar.
4) Hyýar we Pomidor aslynda miwedir. Çünki ikisindede çekirdegi bardyr. Çekirdegi bolan ähli iýmitler miwedir.
5) Bir adam burnuny ýapanda "nnnnnnn" sesini çykaryp bilmeýär we şu haty okanlaryň 70%-i häzir şuny barlap görer.
6) Täze ruçka alanlaryň 97%-i, öz adyny ýazyp ruçkany barlar.
7) 1litr okean suwunda 1gram altynyň 13.000.000.000-dan 1 bölegi bar.
8) Her gün 200.000 çaga dogýar we bulardan 12-si başga eje-kaka berilýär.
9) Eger VPN ulanýan bolsaňyz, VPN-i öçürmän banklaryň web saýtlaryna girmäň. Bloklanmagyňyz mümkin.
10) Buzgaýmakda az mukdarda duz bardyr.
11) Adamlaryň ýaşlary, durmuşlary we daşkeşbi hakynda iň köp ýalan sözleýäni saýt Facebook dyr.
12) Dünýäniň iň semiz adamy 635 kg diýip hasaplanýar.
13) Dünýäniň iň gelşikli atlary, türki halklarynyň görnüşi bolan Türkmenistan Ahal Teke atydyr.
14) Çyrany köp adam Edison oýlap tapdy diýsede, aslynda Edisondan 5 ýyl öň Tesla atly garyp oýlap tapyjy tapdy, ýöne patendini almady.
15) Adamlaryň 35%-i ýalpyldaýan zada garasa asgyrýar.
16) Dünýäniň iň tiz haýwany Peregrine bürgüdi. Ol sagatda 389 km-e çenli tizlikde hereket edýär
10
289