Degişmeler zynjyry 7:
31) Myrat gaty ses bilen gygyrýar: 100 manadyny ýitiren barmy?
Köçeden geçýän bir adam: Hawa, men ýitirdim.
Myrat: Gözledä onda.
32) Myrat we Kakasy
M-Kaka, Dünýä näme üçin togalak?
K-Bilemok
M-Kaka, dünýäde näçe adam bar
K-Bilemok
M-Kaka seni soraglarym bilen ýadadamokmy?
K-Soraber oglum, men bilýän ähli zadymy sorap öwrendim
33) Myrat dostuna jaň edýär:
M: Dos, gowmy ýagdaýlaň, eje-kakaň, doganlaryňam gowmy....
D: Gepi uzatmada aýt, näçe manat oklamaly?
34) Myrat: Dos, düýn YouTube dan "Squid game" atly kinony görjek diýipdiň, gördüňmi?
D: Dos, bilýäňä, kino görmek gözlere zyýanly,....
M: Düşünýän dos, sendede işleýän VPN ýok gerek.
35) Polisiýa maşyny saklaýar
Polisiýa: Prawaňy ber
Myrat: Siller berdiňizmi men bereýin