Örän agyr kesel bilen kesselän adam, keselini bejeren ýaş lukmana:
-"Sagbol oglum, meniň üçin daşary ýurtdan şu ýere çenli gelmegňi, ömrümiň ahyryna çenli unutmaryn" diýdi.
(Çeşme: Paratic.com, terjime edildi)Kesel adamam, tanalan lukmandy. Bejergisi diňeje daşary ýurtda mümkin bolan keseli birden güýçlenip başlapdy. Şol ýaş lukman nirden eşideni belli däl, daşary ýurtdan şol ýaşuly lukmany bejermek üçin geldi.
Ýaşuly lukman, özüne edilen ýagşylygy nädip yzyna gaýtarjakdygyny bilenokdy we ol ýaş lukmana ölmekden halas edendigini üçin sagbollar aýdýarka:
-Operasiýa üçin meni uhladanyňyzda, näme üçindir ýaşlyk ýyllaryma döndüm. Heniz, kömekçi lukmankam bir çagany ölüm howpundan halas edipdim. Şol çagany halas edenim üçin, Taňrym seni meniň kömegime iberen bolmaly.
Ýaş lukman, Ýaşuly lukman sözüni tamamlandan soň çagaka geçiren keselinden galan ýarany görkezip şeýle diýdi:
-Alla hiç kimiň eden ýagşylygyny unutmaz, şol çaga mendim.