𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
09.02.2022 19:36
✏️Myrat London'a gidipdir, hemme adamlaryň bir tarapa gidýändigini görüp olaryň yzyna düşüpdir. Görse meşhur aýdymçy konsert berýär. Hemme joşup tans oýnaýar, aýdymy sesini ýetirip bildiginden aýdýarlar. Hezil edýärler. Birden aýdymçy aýdym aýtmagyny goýýar.
We elini çyrpýar, ýene bir gezek çyrpýar, ýene bir gezek.
Aýdymçy: näme üçin elimi çyrpýanymy bilýäňizmi?
Adamlar: Ýok
Aýdymçy: Biz bärde aýdym aýdyp tans oýnap hezil edýäris. Afrikada bolsa her elimi çyrpanda biri ölýär...
Myrat aýdymçynyň sözüni bölüp gygyrýar:
ÇYRPMADA ELIŇI ONDAAA
✏️Setdar Fransiýa gidipdir. Ol ýerde bir restorana giripdir. Ýöne fransuz dilini bilmeýänligi üçin gynanyp durmyş. Ýalňyşmaýan bolsam fransuz dilinde soňuna isýon goşmaly diýip öz özüne aýdypdyr
+Maňalisýon birisýon pizzasýon berisýon.
-bolýasýon, bäş minut garaşyňisýon
Pizza gelýär, Setdar iýip bolansoň aýdýar:
+Şu Fransuzisýon dilisýon örän aňsatisýon, derrew pizzasýonymy alyp iýdimisýon
-Menisýon türkmen bolmasadymisýon sen iýerdiň howaisýon
✏️Atabaý teatra gidipdir
Ökde oýunçy roluny oýnaýar we gygyrýar:
+Maňa atymy getiriň
Atabaý gygyrýar:
-Eşek bolanokmy
Oýunçy:
+Eşegem bolýa, geliberiň
8
52
1
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
09.02.2022 19:25
14
33
1
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
09.02.2022 01:53
🤣
+Gara, ýyldyz süýnýär, bir arzuw et
-Ölýänçäk aýrylmaly
+Gara, yzyna süýnýär,
🤣
+Merjen, näme üçin telefonuňy koda goýduň, ýa menden gizleýäniň zat barmy?
-ýok, prosta goýdum
+Aýt onda koduny
-tanyşanymyz günüň senesi
+Borla barlajak däl men saňa ynanýan
🤣
-Dos sen, Barcelonalymy ýa-da Real Madridli
+Dos, menä Türkmenabatly
🤣
-Hawa doslar, bu gün size oglanlaň öýde nädip nahar bişirýändigini aýtmakçy,
Ilki bilenä gazany suwdan dolduryp yzyndan derrew hemme makarony goýýas, azajygy ýere dökülmegi mümkin. Soňra telewizory açyp futbol görmäge başlaýas. Oýnuň 1-nji ýarymynyň ortasynda nahary bişdimi bişmedimi görmäge gidýäs, görsek gazy açmandyrys gazy açyp futbol görmäge dowam etýäs, 1-nji ýarym gutaranda naharyň bişip bişmedigini ýene görmäge gidýäs, bişendigini nädip bilmeli diýip soraýaňyzmy, aňsat çemçe bilen azajyk makarony alyp islendik bir ýere atyň, eger makaron ýapyşsa bişdigidir.
2 möhüm Ýatlatma: Futbol görýäkäňiz gol bolsa, goooooooooooooooool diýip gaty ses bilen gygyrmaň, goňşularyňyz işigiňizi kakyp näme bolýandygyny soramagy ähtimal
2-nji ýatlatmamyz: Ýanyp duran otdan seresap boluň.
40-50 gezek elimi ýakdym oda degirip
🤣
Garly: Adyň näme
Amerikan: Bill
Garly: Nirden bileýin palçymy men
🤣
+Dos gaýtala
"Siz obalaşdyrylanlardanmysyňyz"
-näme?
+Siz obalaşdyrylanlardanmysyňyz
-düşünemok harplap aýt
+Ondokuzyň "o"sy
-Haýsy "o" sy
🤣
+Oglum, gara, "düt düt" geçip barýa
-Baba, ol düt düt diýýäniň 1.000.000 dollarlyk 2017 model BMW 7 Exellence
11
69
6
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
09.02.2022 01:29
-Lukman, men barjak ýerime däl-de hemişe ýalňyş ýere barýan, öýe diýip işe barýan, işe diýip öýe barýan, goňşa diýip dostlaryma barýan, doslaryma diýip goňşa barýan, barmaly ýerime baryp bilemok
+Jenap, siz şuwagt hassahana däl, banka geldiňiz
10
41
5
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
09.02.2022 01:20
-dos meniň aýalymyň örän ýaman gylygy barda
+näme ol
-gije 4-e çenli ýatmaýa
+näme edýä ol wagta çenli
-näme etsin, meniň öýe gelmegime garaşýa (:
9
55
5
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
09.02.2022 01:12
+Men ölsem näme ederdiň
-Menem ölerdim
+Sen meni şeýle gowy görýäňmi
-Ýokla ondan däl, begenjimden ölerdim
12
46
6
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
09.02.2022 00:55
Ýaponlar:
______
-Biri döreden bolsa menem dörederin,
Hiç kim döredip bilmedik bolsa, men döretmeli
______
Bizler:
-Biri döreden bolsa men näme üçin döredin
Hiç kim döredip bilmedik bolsa, men nädip döredin
11
66
5
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
08.02.2022 20:51
Haýsyny islärdiňiz
Geljege we geçmişe gidip bilmek
Wagty durduryp we yza saryp bilmek
Sen hakda edilýän pikirleri bilmek
Diňe seniň üçin durman işleýän VPN :)
Ses ber
Netije
14
99
10
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
08.02.2022 20:16
-Dos sen hytaýlymy?
+Ýok
Az wagtdan soň:
-Dos sen hytaýlymy
+Ýok diýdimä
Ýene azajyk wagtdan:
-Dos sen hytaýlymy
Sorap durmazlygy üçin gaharly halda:
+Hawa, Hytaýly
-Bäh hiç meňzäňokda
.
9
115
1
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
05.02.2022 19:12
Hökman oka, GORKMASAŇ!
Ol wagt 12 ýaşlarymdadym. Otagymda uly aýna bardy. Ýatyrkam birden arkama biri uran ýaly boldy. Gözlerimi açsam aýnaň öňünde gara jisim gördüm. Ol ýerde biri oturýardy we daşaryny synlaýardy. Gorkup gözlerimi ýumdum, ýorganymy çekip "Gurhan"-y okamaga başladym ýatyp galýançam. Ertir turamda bu wakany ejeme we kakama aýtdym. Ejem "jyn, şeýtan" diýip gorkup başlady. Kakam bolsa ynanman bir zadyň saýasyny görensiň diýdi. Menä saýa däldigini örän gowy bilýärdim.
Ikinji gün, ejem jigim we men bir otagda ýatdyk. Ýene arkama biri uran ýaly boldy, menem ýene aýna garadym. Şol jisim. Birden jigim aglap başlady. Ejem onuň aglaýanyny eşidip çyralary ýakdy. Ýaňky jisim ýitdi. Şondan soň her ýatamda başga-başga ýerlerde oýandym. Bir gün turamda agzym örän agyrýardy. Gepläp ýa-da gymyldadyp bilemokdym... Ejem meni lukmana äkitdi. Lukman örän geň galdy. 10-15 gün elektrik togy bilen bejergi berdiler. Ahyr agzym düzeldi. Şol günüň gijesi hem meni turuzdylar. Ýöne bu gezek jynlar däldi, bilýärdim. Ýöne şonda-da gorkdym. Ertesi gün ejem meni molla äkitdi. Bütin bulary molla aýtdym, ol maňa: saňa jynlar gelen, seni ýanlaryna almak isläpdirler diýdi. başaryp bilmänsoňlar (Gurhany okanym üçin) meni urupdyrlar, ýöne soňky ýaman jyn däl-de Ýaradanyň ibereni perişdesi eken. Ol ullakan Gurhan getirdi, kellämiň üstüne goýdy we okamaga başlady. Şol günden soň ýaman zatlara duş gelmedim we Gurhan okamagymy goýmadym. Şuwagt 19 ýaşymda we sizlerede Gurhany okamagy maslahat berýän.
Çeşme: yaşanmış korku hikayeleri app
9
96
3
Yene yükle