𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
09.02.2022 19:36
✏️Myrat London'a gidipdir, hemme adamlaryň bir tarapa gidýändigini görüp olaryň yzyna düşüpdir. Görse meşhur aýdymçy konsert berýär. Hemme joşup tans oýnaýar, aýdymy sesini ýetirip bildiginden aýdýarlar. Hezil edýärler. Birden aýdymçy aýdym aýtmagyny goýýar.
We elini çyrpýar, ýene bir gezek çyrpýar, ýene bir gezek. 

Aýdymçy: näme üçin elimi çyrpýanymy bilýäňizmi?

Adamlar: Ýok

Aýdymçy: Biz bärde aýdym aýdyp tans oýnap hezil edýäris. Afrikada bolsa her elimi çyrpanda biri ölýär...

Myrat aýdymçynyň sözüni bölüp gygyrýar:

ÇYRPMADA ELIŇI ONDAAA

✏️Setdar Fransiýa gidipdir. Ol ýerde bir restorana giripdir. Ýöne fransuz dilini bilmeýänligi üçin gynanyp durmyş. Ýalňyşmaýan bolsam fransuz dilinde soňuna isýon goşmaly diýip öz özüne aýdypdyr

+Maňalisýon birisýon pizzasýon berisýon.

-bolýasýon, bäş minut garaşyňisýon

Pizza gelýär, Setdar iýip bolansoň aýdýar:

+Şu Fransuzisýon dilisýon örän aňsatisýon, derrew pizzasýonymy alyp iýdimisýon

-Menisýon türkmen bolmasadymisýon sen iýerdiň howaisýon

✏️Atabaý teatra gidipdir

Ökde oýunçy roluny oýnaýar we gygyrýar:

+Maňa atymy getiriň

Atabaý gygyrýar:

-Eşek bolanokmy

Oýunçy:

+Eşegem bolýa, geliberiň
8
52
ideallider
9 Fewral 2022
Birinjä gara degişme diýilýär.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.