Hökman oka, GORKMASAŇ!
Ol wagt 12 ýaşlarymdadym. Otagymda uly aýna bardy. Ýatyrkam birden arkama biri uran ýaly boldy. Gözlerimi açsam aýnaň öňünde gara jisim gördüm. Ol ýerde biri oturýardy we daşaryny synlaýardy. Gorkup gözlerimi ýumdum, ýorganymy çekip "Gurhan"-y okamaga başladym ýatyp galýançam. Ertir turamda bu wakany ejeme we kakama aýtdym. Ejem "jyn, şeýtan" diýip gorkup başlady. Kakam bolsa ynanman bir zadyň saýasyny görensiň diýdi. Menä saýa däldigini örän gowy bilýärdim.
Ikinji gün, ejem jigim we men bir otagda ýatdyk. Ýene arkama biri uran ýaly boldy, menem ýene aýna garadym. Şol jisim. Birden jigim aglap başlady. Ejem onuň aglaýanyny eşidip çyralary ýakdy. Ýaňky jisim ýitdi. Şondan soň her ýatamda başga-başga ýerlerde oýandym. Bir gün turamda agzym örän agyrýardy. Gepläp ýa-da gymyldadyp bilemokdym... Ejem meni lukmana äkitdi. Lukman örän geň galdy. 10-15 gün elektrik togy bilen bejergi berdiler. Ahyr agzym düzeldi. Şol günüň gijesi hem meni turuzdylar. Ýöne bu gezek jynlar däldi, bilýärdim. Ýöne şonda-da gorkdym. Ertesi gün ejem meni molla äkitdi. Bütin bulary molla aýtdym, ol maňa: saňa jynlar gelen, seni ýanlaryna almak isläpdirler diýdi. başaryp bilmänsoňlar (Gurhany okanym üçin) meni urupdyrlar, ýöne soňky ýaman jyn däl-de Ýaradanyň ibereni perişdesi eken. Ol ullakan Gurhan getirdi, kellämiň üstüne goýdy we okamaga başlady. Şol günden soň ýaman zatlara duş gelmedim we Gurhan okamagymy goýmadym. Şuwagt 19 ýaşymda we sizlerede Gurhany okamagy maslahat berýän.
Çeşme: yaşanmış korku hikayeleri app